Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

MakMaster: ABŞ mundan soňky hüjümleriň öňüni almak üçin, ruslaryň “assyryn ýeserliginiň üstüni” açmaly


Ak tamyň ýokary derejeli maslahatçysy MakMaster
Ak tamyň ýokary derejeli maslahatçysy MakMaster

Ak tamyň ýokary derejeli maslahatçysy MakMaster ABŞ-nyň mili howpsuzlygyny goramakda edilmeli iň esasy wezipeleriň biri Orsýetiň bütin dünýädäki saýlawlara “mekir” gatyşygynyň üstüni açyp, Moskwanyň mundan beýläk demokratik prosese badak salmagynyň öňüni almakdyr diýdi.

“Biz bu çylşyrymly [gatyşyk] strategiýalaryna garşy durmagyň tärlerini tapmaly” diýip, Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Trampyň howpsuzlyk boýunça maslahatçysy MakMaster 2-nji ýanwarda “Amerikanyň sesi” kanaly bilen Ak tamda geçirilen interwýuda aýtdy.

“Orsýet bu täze wehimi ulanmakda, ýagny halklaryň arasyna ala salyp, olar oňuşmaz ýaly jemgyýetleri birek-birege duşman etmek üçin ýalan maglumatlary, propagandany we sosial media gurallaryny ulanmakda gaty ussatlaşdy” diýip, MakMaster aýtdy.

ABŞ-yň aňtaw gulluklary ýanwar aýynda öz seljermelerini çap edip, Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň Birleşen Ştatlarda geçirilen saýlawlara “täsir ediş kampaniýasyna” buýruk berendigini aýtdy. “Täsir ediş kampaniýalarynyň” Birleşen Ştatlaryň saýlawlaryny ynamdan gaçyrmagy, Trampyň demokrat garşydaşy Hillari Klintona zyýan ýetirmegi we Trampa ýardam bermegi göz öňünde tutandygy aýdyldy.

Ýewropaly resmiler hem öz saýlawlarynda, şol sanda Fransiýada, Ispaniýada we Britaniýadaky “Breksit” saýlawlarynda, Orsýetiň olara gatyşmaga synanyşandygyny aýdýarlar.

MakMaster Orsýetiň baş goşýan “pişesini” suratlandyrmak üçin “assyryn ýeserlik diýen söz jüpüne düşýär” diýýär.

“Diýmek, iň möhüm çärelerden biri olaryň üstüni açyp görkezmek; olaryň eden işleriniň esaslaryny we maksatlaryny açyp görkezmek” diýip, ol belledi.

“Muny şeýle etmek bilen biz olaryň halkymyza we beýleki jemgyýetlere ýetirmäge synanyşýan negatiw täsirini gowşadarys.

Ruslar Ýewropada örän işjeňdi... Aýdaly, golaýda Fransiýada geçen saýlawlarda, Kataloniýanyň garaşsyzlygy bilen bagly Ispaniýada geçirilen referendumda örän işjeňdi. Olar Meksikada bireýýäm işjeňleşip başlady. Olaryň Garadag respublikasynda döwlet agdarylyşygyna synanyşmak üçin eden işlerini hem göz öňünde tutmaly” diýip, MakMaster belledi.

“Meniň pikirimçe, Orsýetiň durnuksyzlaşdyryjy häsiýetiniň üstüni açyp görkezmek örän möhüm ilkinji ädimdir. Sebäbi, haçan-da hemmeler olaryň “etsem-petsemini” göreninde, olar arabozarlyk güýjüni ýitirer” diýip, ol aýtdy.

MakMaster Orsýetiň ABŞ-da ýa-da başga ýerlerde geçirilen saýlawlara öz gatyşygyny ret edýändigini hem nygtap, ýöne munuň “hakykata gabat gelmeýän ret edişlikdigini” aýtdy.

Olar özleriniň Malaziýanyň howaýollaryna degişli 17 reýs belgili uçary urup ýykyp, 298 adamyň ganyna galandyklaryny ret etdiler, olar Krymda ýa-da gündogar Ukrainada öz harbylarynyň bardygyny hem ret etdiler ýa-da Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň režiminiň himiki ýarag ulandy diýilmegini we muny özleriniň ýaşyrýandyklaryny hem ret etdiler diýip, ol belledi.

Gollandiýaly derňewçiler we beýlekiler 2014-nji ýylyň iýul aýynda gündogar Ukrainada Malaziýa howaýollaryna degişli ýolagçy uçaryň Orsýetde öndürilen howa hüjümlerinden goranyş ulgamy bilen urlup ýykylandygyny aýdýar.

Orsýetiň gündogar Ukrainada 2014-nji ýyldan bäri dowam edip, şu wagta çenli 10 müň 300 adamyň ölümine getiren uruşda seperatistleri goldamagy we Ukrainanyň Krym regionyny bikanun anneksiýa etmegi sebäpli Birleşen Ştatlary we beýleki Günbatar döwletleri oňa garşy sanksiýa girizdi.

“[Olaryň ret etmeginiň] mundan beýläk gadyry ýok. Meniň pikirimçe, biziň etmeli işimiz Orsýetiň durnuksyzlaşdyryjy häsiýetine garşy çykmakdyr. Ozalam belleýşim ýaly, perdäni açyp görkezmeli” diýip, MakMaster belledi.

Ýöne muňa garamazdan, Birleşen Ştatlaryň Orsýet bilen hyzmatdaşlyk etmegiň ugurlaryny tapmagy hem wajyp bolup durýar diýip, ol sözüniň üstüne goşdy.

“Şol bir wagtyň özünde biz Orsýet bilen aramyzda bolaýjak konflikletleriň hem öňüni almaly. Biziň etmek isleýän zadymyz, Orsýet bilen bähbitlerimiziň çaknyşýan ýerlerinde olar bilen hyzmatdaşlyk mümkinçilikleriniň ugurlaryny tapmak isleýäris” diýip, prezidentiň howpsuzlyk maslahatçysy belledi.

“Gürrüňi edilýän şol ýerlerden biri Demirgazyk Koreýa, beýlekisi bolsa Eýran.

Ýakyn Gündogarda Eýranyň goluny güýçlendirmek Orsýete näme bähbit getirer? Bu olara örän gymmada düşer” diýip, MakMaster nygtady.

XS
SM
MD
LG