Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Teswirleme: ABŞ-nyň goldawy türkmenleriň gaz umytlaryny galkyndyryp biler


Tas on ýyla çeken arakesmeden soň, ABŞ Hazaryň energiýa oýunlaryna täzeden gatnaşyp başlady. Bu ýagdaý Merkezi Aziýanyň gazynyň Ýewropanyň bazarlaryna çykmagyny bökdeýän iň agyr bökdençligi aradan aýyrmak prosesiniň dowam edýän wagty bolup geçýär. Gürrüň Trans-Hazar gaz geçirijisi we onuň üsti bilen Ýewropa gaz akdyrylmagy, şol sanda Gara deňziň astyndan çekiljek Ak akym gaz geçirjisi barada barýar.

Trampyň kabul eden täze Milli howpsuzlyk strategiýasynda “Birleşen Ştatlary diňe bir bazarlara elýeterliligi gazanmak üçin däl, eýsem özara syýasy we howpsuzlyk bähbitlerini ösdürmegiň hatyrasyna çydamly gatnaşyklary döretmek üçin ykdysady gatnaşyklary ýola goýýar” diýilýär. Bu strategiýa Orsýetiň öz täsir ediş güýjüni “Ýewropanyň käbir künjeklerinde we Merkezi Aziýada ýerleşýän möhüm energiýa we beýleki infrastrukturalara gözegçilik etmek arkaly” saklamagyna ters gelýär.

Trans-Hazar gaz geçirijisi – uzaga çeken taslama

90-njy ýyllaryň ortalarynda “Bechtel” we “General Electric” kompaniýasynyň binýadyndaky “GE Capital” atly kompaniýalar PSG atly bilelikdäki kärhanany döredip, Trans-hazar gaz geçirijisini gurmak üçin 1998-nji ýylda şertnama baglaşdylar. Taslamanyň ykdysady kuwwatyna we ony bina etmek boýunça ýerine ýetirilýän meýilnamanyň ösendigine garamazdan, käbir beýleki faktorlar onuň berjaý edilmegine päsgelçilik döretdi.

Mundan takmynan on ýyl ozal “Nabukko” proýektiniň partnýorlary öz ykdysady mümkinçiliklerini giňeltmek üçin Türkmenistandan ýylda 10 milliard kub metr gaz almagy göz öňünde tutupdylar. Ýöne, Orsýet bilen Eýran taslamanyň daşky gurşawa ýetirýän täsirini bahanalap, (ýogsam ösen tehnologiýalar arkaly ekologik howpsuzlyk üpjün edilip bilnerdi) muny syýasy taýdan bökdediler. Şeýle-de, olar islendik gaz geçirijiniň amala aşyrylmagy üçin taslamany Hazarýaka döwletleriniň ählisiniň tassyklamalydygyny aýdyp, aýak dirediler, ýogsam olaryň bu aladalary Gazagystan bilen Orsýetiň bilelikdäki ofşor kärhanalarynyň özara hyzmatdaşlyk etmegine asla päsgelçilik döretmedi.

Ynha, şu meseleler boýunça ýagdaýlar geçen ýyl üýtgedi. 2017-nji ýylyň dekabr aýynda Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Hazar deňziniň kanuny statusy hakyndaky konwensiýanyň taslamasynyň teksti boýunça bäş ýurduň ylalaşyga barandygyny mälim etdi. Azerbeýjanyň daşary işler ministriniň orunbasary Halaf Halafow meseläni ýörite aýdyňlaşdyryp: “Gaz geçirjilerini gurmak baradaky kanuny hukuklar konwensiýanyň taslamasynda göz öňünde tutulýar we öz sektorlarynyň üstünden geçiriji çekiljek döwletler bu ýagdaýlar boýunça özara işleşerler” diýdi.

ÝB näme sebäpden Trans-hazar gaz geçirisini isleýär we muňa zerurlyk duýýar

Ýewropanyň rus tebigy gazyna bolan talaby hazirki 30 göteriminden 2025-nji ýyla çenli 35 göterime ýetjekdigi, 2030-njy ýyllara çenli bolsa 40 göterime ýetjekdigi çak edilýär. Ýewropa Bileleşigi Trans-Hazar gaz geçirijisine resmi taýdan Günorta gaz koridorynyň goşmaça doldurgyjy hökmünde garaýar.

Trans-Hazar gaz geçirijisiniň gurluşygyna rugsat bermeklik taslamanyň gatnaşyjylary bolan Türkmenistan bilen Azerbaýjana bagly bolup durýar. Şeýlelikde, Trans-Hazar geçirijisiniň gurluşygyny bökdeýän bahanalar aradan aýrylýar. Geçen tomsuň aýagynda Aşgabatda geçirilen ikitaraplaýyn sammitde agzalýan iki döwlet memoranduma gol çekip, bu ýörelgäni makulladylar we olar energiýanyň diňe bir üstaşyr geçirilmeginde däl eýsem daşalmagynda, şol sanda beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk etmäge niýetleriniň bardygyny jar etdiler.

Ýewropa Bileleşigi Trans-Hazar gaz geçirijisini özüniň Özara bähbitli taslamalarynyň sanawyna goşup, munuň ÝB-niň maliýe agentlikleriniň hem-de ýewropaly banklaryň maliýe goldawlarynyň artykmaçlyklaryndan peýdalanmagyna ýol açdylar. Eger-de ýagdaýlar tizden-tiz özgermäge dowam etse, Trans-Hazar geçirijisi arkaly Ýewropa akdyryljak gazyň birinji şahasynyň 2020-nji ýylda Italiýa, ikinji şahasynyň bolsa 2022-nji ýylda Rumyniýa baryp ýetmegi mümkin. Gürjüstanyň degişli ministrligi göz öňünde tutulýan şeýle ugurlary Energiýa jemgyýetçiliklerine hödürledi. (PowerPoint faýllary şu çelgiden indirip bilersiňiz)

Ýöne Türkmenistan agzalýan geçiriji şahalaryň ikinjisinden öz gazyny akdyrmakda peýdalanyp biljekdigine doly ynanmasa, birinji ugur arkaly tebigy gaz eksport etmäge o diýen isleg bildirmez. Şeýle-de Trans-Hazar geçirjisinden akdyrylýan gazyň ikinji ugur arkaly Ýewropa ýetirilmegi Ak akymyň gurluşygyny talap edýär.

Türkmen gazynyň Ýewropa akdyrylmagy üçin iki giriş nokady

Birinji şahanyň ugry bireýýäm kesgitlenildi we onuň gurluşygy dowam edýär, ýagny türkmen gazy Azerbaýjanda Günorta Kawkaz gaz geçirisiniň (SCP – munuň ugry giňeldilip häzir bu ugur SCPx-e öwrülýär) üsti bilen Türkiýede Trans-Anadolu gaz geçirijisine (TANAP) birigip, ahyrsoňy Trans-Adriatik gaz geçirisi (TAP) arkaly Gresiýanyň üsti bilen Italiýa akdyrylar. SCPx-iň TANAP-TAP-a birikdirilmegi bilen Trans-Hazar geçirijisiniň birinji şahasyndan gaz akdyrylmagyna mümkinçilik bolsa-da, agzalýan ikinji şahanyň hem mümkinçilikleri akdyrylmagy göz öňünde tutulýan gazyň mukdary üçin ýeterlik bolmaz.

Türkmenistan öz maksatnamalarynyň talaplaryna laýyklykda ýylda 30-40 milliard kub metr tebigy gazy eksport etmäge mümkinçiliginiň bardygyny aýdýar. Bu mukdar ýurduň içinde maksadalaýyk bina edilen Gündogar-günbatar gaz geçirijisiniň kuwwatlylygydyr. Türkmenistan mydama-da ýurduň jemi girdeijisini artdyrmak maksady bilen, has köp mukdarda gaz eksport etmegiň aladasyny edýär. Birinji ugur boýunça tebigy gazyň akdyrylmagyna badalga berilmezden ozal, ikinji şaha boýunça mümkinçilikleriň aýdyňlaşdyrylmagy zerur ýaly bolup görünýär.

Türkmenistanyň Ýewropa akdyrjak gazynyň ikinji ugrunda ýek-täk möhüm arabag ýetmezçilik edýär. Ol hem Ak akym gaz geçirijisi. Trans-Hazar gaz geçirijisiniň ikinji şahasy arkaly Gara deňziň astyndan Gürjüstanyň üsti bilen Rumyniýa gaz akdyrlar. Azerbaýjanyň üsti bilen Gürjüstana akdyrylýan türkmen gazy Gara deňziň astyndan çekiljek Ak akym gaz geçirijisi arkaly Rumyniýa akdyrylar. Bu taslamada utra-çuň deňiz tehnologiýalary ulanylar. Bu tehnologiýany ulanmak ykdysady taýdan has amatly bolup, ilki başda bu Orsýetiň Türkiýeden geçirýän Mawy akym proýektinde ulanylypdy. Häzirki wagtda bu tehnologiýa Türk akymy proýektinde-de ulanylýar.

Ýewropa Bileleşiginiň çäklerine aralaşan türkmen gazy Rumyniýadan häzirki wagtda gurluşygy dowam edýän BRWA (Bolgariýa-Rumyniýa-Wengriýa-Awstriýa) gaz geçirijisi arkaly Merkezi Ýewropa akdyrylar. Şeýle-de, Ukrainanyň üsti bilen Trans-Balkan gaz geçirijisi arkaly (Gazpromyň Ukraina we Rumyniýadaky gas geçiriji ulgamlary bilen şertnamalary soňlanansoň) Polşa we ondan Bratstwo geçirijisi arkaly Slowakiýa, ol ýerden Çehiýanyň we Awstiýanyň üstünden Germaniýa akdyrylyp bilner.

Günorta gaz koridoryny strategiki taýdan iş ýüzünde işjeňleşdirmek

Birleşen Ştatlaryň yglan eden täze Milli howpsuzlyk strategiýasynda şu meselelere salgylanylýar we Waşington “energiýany basyş üçin ulanýan taraplara garşy ýaranlarymyzyň we hyzmatdaşlarymyzyň has çeýeligini gazanmaga ýardam bereris”, “ýurduň içinde we daşynda energiýa çeşmeleriniň , üpjünçiliginiň we ugurlarynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna goldaw bereris” diýýär. Bu ýagdaý Trans-Hazar gaz geçirijisine, şol sanda Ak akyma diplomatik goldawyň berilmegine esas döredýär.Milli howpsuzlyk strategiýasynda kesgitlenen täze strategiki ugurlara laýyklykda, Birleşen Ştatlary agzalýan başlangyja ujypsyz goldaw bermek arkaly ondan giň peýda görüp biler.

Hakykatdan-da, şeýle diwersifikasiýanyň fonunda ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Halkara energiýa gatnaşyklary boýunça ýöriteýwekili Sýu Sarnio (Sue Saarnio)ýgeçen ýylyň aýagynda “Türkmenistandan... goşmaça gazyň akdyrylmagy üçin Günorta gaz koridory (SGC) giňeldilip bilner, we bu ýagdaý regionda oňyn hyzmatdaşlyga esas döredip, şol bir wagtyň özünde Ýewropada uzak möhletli energiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegine ýardam berer” diýdi.

Türkmen gazy bäsdeşligi güýçlendirer we bahalara täsir eder, şol bir wagtyň özünde Günorta gaz koridoryny Ýewropa üçin iş ýüzünde stratetgiki proýekte öwürmegiň hem şeýle netijeleri bolar. Ýöne, türkmen gazy üçin bar bolan mümkinçilikleriň çäkli bolmagy mümkin, sebäbi Ýewropanyň gaz bazary hem özgerişi başdan geçirýär. Haçan-da başga ýerlerde giň göwrümli maýa goýum goýlanda, täze infrastruktura agzalan goşmaçalary goşmak kyn bolup biler.

Awtoryň aýdan pikirleri Azatlyk Radiosynyň pozisiýasyny şöhlelendirmeýär. Robert M. Katler Karlton uniwersitetiniň Ýewropa, Orsýet we Ýewraziýa barlaglary merkezinde uly ylmy işgäri; Kanadanyň Energiýa barlag institutynyň agzasy

XS
SM
MD
LG