Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Durgunlyga düşen' Türkmenistan Ykdysady azatlykda yzdan 12-nji boldy


Aşgabat görnüşleri

Türkmenistan Ykdysady azatlyk indeksiniň ýyllyk hasabatlarynda iň yzdakylaryň hatarynda süýrenmegini dowam etdirýär. Birleşen Ştatlardaky “Miras fondunyň” (The Heritage Foundation) ylmy-barlaglar merkezi bilen “The Wall Street Journal” gazetiniň bilelikde taýýarlan hasabaty Türkmenistana bu meselede yzdan 12-nji orny berdi.

Has anygy, dünýäniň 180 ýurdunda ykdysady azatlyk boýunça geçirilen balaglaryň netijelerine laýyklykda, 2018-nji ýylyň Ykdysady azatlyk indeksinde Türkmenistan 169-njy orny aldy.

Türkmenistanyň duldegşir goňşularyndan Özbegistan bu görkezijide 152-nji orny eýelese, Azerbaýjan – 67-nji, Gazagystan - 41-nji, Owganystan 154-nji orny aldy.

Öňki sowet respublikalarynyň arasynda Ermenistan – 44-njy, Gyrgyzystan – 78-nji orny aldy. Ykdysady azatlyk görkezijisinde Täjigistan 106-njy, Orsýet 107-nji, Belarus bolsa 108-nji orunlary aldy, emma Ukraina 150-nji orna, Özbegistandan iki dereje ýokardaky ýere mynasyp görüldi. Ýöne synçylar Özbegistandaky täze hökümetiň ykdysady azatlyklary giňeltmek çärelerini, haýal-da bolsa, görýändigini belleýärler.

Geçirilen barlaglar Ermenistan, Gazagystan ýaly öňki sowet respublikalarynyň ykdysady azatlykda 58-nji orny alan Türkiýeden hem öňde durýandygyny görkezýär. Elbetde, Estoniýa (7-nji orun), Litwa (19) we Latwiýa (28) ýaly ozalky sowet respublikalary hakynda aýdyp hem oturmaly däl.

Ykdysady azatlyk boýunça iň pes dereje ýa soňky – 180-nji orun Demirgazyk Koreýä berildi we kartinany göz öňüne getirmek üçin aýtsak, Phenýan bilen Aşgabadyň arasynda on ýurt – Mozambik, Djibouti, Alžir, Boliwiýa, Zimbabwe, Ekwatorial Gwinea, Eritrea, Kongo respublikasy, Kuba we Wenezuela bar.

Gündogar” habar saýty täze hasabat barada maglumat çap edip, Türkmenistanyň diňe bir GDA ýurtlarynyň arasynda däl, BMG tarapyndan “geçiş döwründäki” ykdysadyýetli döwletleriň sanawyna girizlen ýurtlaryň ählisiniň arasynda iň ýaramaz görkezijilere eýe bolandygyny belleýär.

Ykdysady azatlyk indeksi eýeçilik hukugy, korrupsiýadan azatlyk, fiskal azatlygy, hökümet gatnaşygy, salgyt ýüki, hökümet çykdajylary, telekeçilik azatlygy, zähmet azatlygy, pul azatlygy, söwda azatlygy, inwestisiýa azatlygy we maliýe azatlygy ýaly görkezijiler esasynda ýurtlaryň ykdysady azatlygyna baha berýär.

Ýerli synçylary we Azatlygyň çeşmeleriniň berýän maglumatlaryna görä, Türkmenistanda emläk-eýeçilik hukugy, telekeçilik azatlygy kyn ýagdaýda, döwlet edaralarynda giň ýaýran korrupsiýa bolsa, geçen ýylyň maý aýyndan bäri hökümet derejesinde hem boýun alynýar.

Munuň üstesine, Türkmenistanda pul, maliýe kynçylyklary, bank amallaryna we walýuta konwertasiýasyna garşy girizilen çäklendirmeler, ilatyň öz puluny ulanmagyndaky kynçylyklar dowam edýär.

“Türkmenistanyň ykdysady azatlygy 47.1 ball aldy, onuň bahasy 0.3 dereje peseldi” diýip, hasabatda aýdylýar. Şeýle-de Türkmenistan Azia-Ýuwaş okean sebitinde 43 ýurduň arasynda 42-nji derejäni aldy, bu ýurduň umumy bahasy regionda we dünýäde ortaça bahadan aşakda ýerleşýär.

“Türkmenistan garaşsyz bolaly bäri häkimiýetde bolan awtokratik hökümetler biznes klimatyny gowulandyrmak, döwlet eýeçiligindäki senagatlary hususylaşdyrmak ýa-da giň ýaýran korrupsiýa garşy göreş meselesinde az iş etdiler” diýip, hasabatda bellenilýär.

Hasabtyň awtorlary ýurtdaky jemgyýetçilik nägileliginiň jemagat hyzmatlaryna berlen jomart subsidiýalar, sosial çykdajylaryň döwlet tarapyndan giňden maliýeleşdirilmegi netijesinde ýumşadylandygyny, emma soň, nebit bahalarynyň arzanlamagy we býujet ýagdaýlarynyň ýaramazlaşmagy bilen ilata berlen ýeňillikleriň ýatyrylandygyny hem ýatladýarlar.

“Puluň hümmetiniň gaçmagy, awtokratik syýasatlar we jemgyýetçilik harajatlarynyň çäklendirilmegi ykdysady durgunlyga alyp geldi. Gazaply zähmet düzgünleşdirmeleri we eýeçilik hukuklarynyň tasdan bolmazlygy
hususy pudagyň işjeňligini has-da çäklendirýär” diýip, 2018-nji ýylyň ykdysady azatlyk baradaky hasabatynyň Türkmenistan bölüminde aýdylýar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG