2017-nji ýylyň aprel aýynda Stokgolmda bir ýük maşynyny adamlaryň üstüne sürüp, bäş adamyň ölümine sebäp bolan 39 ýaşly özbek raýaty 13-nji fewralda kazyýet öňüne getirilýär. Şwesiýa başpena sorap gelen Rahmat Akilow terrorçylykda aýyplanýar.
Rahmat Akilowa ýük maşynyny ogurlap, ony şwed paýtagtynda köçeden barýan märekäniň üstüne sürüp, bäş adamy öldürenlikde günä bildirilýär.
Maý aýyna çenli dowam etjek kazyýet prosesinde onuň işine “terrorçylyk we terrorçylyga synanyşyk” esasynda garalar. Höküm iýun aýynda çykarylar diýlip garaşylýar.
Çak edilişine görä, kazyýetde üns merkezinde durjak esasy zat Akilowyň motiwleri, onuň bu hüjümi bilkastdan amala aşyryp-aşyrmanlygy, bu ýerde dini sebäpleriň bardygy ýa ýokdugy bolar.
Ol 20-nji fewralda kazyýete ýüzlener.
Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň Özbek we Täjik gulluklarynyň, şeýle hem Şwesiýanyň TT habar gullugynyň bilelike alyp baran derňewlerinde, Akilowyň 7-nji aprel hüjüminden öň we ondan soňra hem Täjigistanda “Yslam döwleti” toparynyň jeňçileri diýilýän adamlar bilen göni ilteşikde bolandygy ýüze çykdy.
“Yslam döwleti” atly ekstremistik topar Stokgolmdaky hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne alanok.
Täjigistanyň içeri işler ministri Ramzan Rahimzodanyň Azatlyk radiosyna aýtmagyna görä, Akilowyň “Yslam döwletiniň” täjik agzalary diýlip güman edilýän adamlar bilen ilteşigi hakda, şwed häkimiýetleri Duşenbeden maglumat soramandyr.
Häzir Şwesiýada türmede saklanýan Akilowa günäli tapylan halatynda, ömürlik türme tussaglygy garaşýar.
Hüjümden birnäçe sagat soňra ele salnan gurluşyk işçisi Akilow polisiýanyň aýtmagyna görä, ertesi gün hüjümde “kapyrlary” gyrmak isländigini boýun alypdyr.
Akilowyň aklawçysy Ýohan Eriksson ýanwarda öz kliýentiniň “terrorçylykly işi edendigini boýun alýandygyny” we “etmişlidigini”, ömürlik türme tussaglygyna höküm edilmese, Şwesiýadan kowulmalydygyny boýun alandygyny aýtdy.
Erikssonyň bellemegine görä, Akilow özi hüjümde aman galaryn öýtmändir.
Geçirilen barlaglar boýunça, şwed polisiýasy onuň mobil telefonyndan Zello we Telegram atly programmalaryň üsti bilen “terroristik-baglanyşykly” diýip, suratlandyrylan adamlar bilen gatnaşyk saklandygyny ýüze çykarypdyr.
Gatnaşykda Abu Aişa we Abu Umar ýaly lakamlar ulanlypdyr. Azatlyk radiosynyň anyklamagyna görä, bular “Yslam döwletiniň” täjik agzalary tarapyndan ulanylýan galp atlar.
Azatlyk radiosynyň Özbek gullugynyň habarçysy Sirojiddin Tolibow bular ‘Yslam döwletiniň” diňe ýokary derejeli jeňçileri tarapyndan ulanylýan lakamlar diýýär.
Akilowyň milleti täjik. Ol Özbegistanda ýaşaýan täjiklerden.
Hüjümde bir aýagyny ýitiren 38 ýaşly ukrainaly Irina Zamanowa AFP habar gullugyna görkezme bermek üçin, prosesde bolmagynyň özi üçin möhümdigini aýdypdyr.
“Men köçeden barýardym ... adam bulary ýaly zatlar bolar öýdenok ... bu ýük maşyny birden üstüme sürüldi” diýip, Zamanowa aýtdy.
Soňky ýyllarda Ýewropada we Birleşen Ştatlarda ýük maşyny bilen birnäçe hüjüm amala aşyryldy.
Bu hüjümleriň iň pajygalysy 2016-njy ýylyň 14-nji iýunynda Nissada boldy. Şol gün Fransiýanyň milli gününiň dabaralaryna gatnaşan adamlaryň üstüne bir ýük maşyny sürlüp, 86 adam öldi.