Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Stokgolm hüjüminiň şübhelisi özüniň günälidigini boýun aldy


Rahmat Akilow

2017-nji ýylyň aprel aýynda Şwesiýada bir ýük maşynyny köçeden barýan märekäniň üstüne sürüp, ençeme adamyň ganyna galan hüjümçi Stokgolm kazyýetinde barýan prosesiň ilkinji güni özüniň etmişlidigini boýun aldy.

13-nji fewralda geçen diňlenişikde Rahmat Akilowyň aklawçysynyň aýtmagyna görä, ol “gorky” döredip, Şwesiýany Birleşen Ştatlaryň ýolbaşçylygynda “Yslam döwleti” atly ekstremistik toparyň garşysyna alnyp barylýan koalisiýadan çykarmak isläpdir.

Akilow ýük maşynyny ogurlap, ony 7-nji aprelde Stokgolmda köçeden barýan märekäniň üstüne sürüp, bäş adamy öldürmekde günä bildirilýär.

Prokurorlyk 39 ýaşly Akilowa ömürlik türme tussaglygynyň berilmegini talap edýär. Polisiýanyň aýtmagyna görä, Akilow hüjümi amala aşyrandygyny boýun alyp, “kapyrlary” basdyryp öldürmek isländigini aýdypdyr.

“Akilow ýük maşynyny alyp ... prokuroryň suratlandyryşy ýaly edip, sürüpdir. Ol bäş adamy öldürip, 10 adamy hem ýaralapdyr” diýip, Akilowyň akalwçysy Ýohan Eriksson Stokgolmda kazyýetiň diňlenişiginde aýtdy.

Eriksson öz klientiniň “gorky döredip, Şwesiýany [Yslam döwletine] garşy halkara koalisiýasynda çykarmagy” maksat edinendigini belledi.

Planlaşdyryşyna görä, Akilowyň özi 20-nji fewralda kazyýete ýüzlener. Proses maý aýanyň aýagyna çenli dowam edip, hökümiň iýunda çykarylmagyna garaşylýar.

Hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne alan gurama ýok.

Ýöne Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň Özbek we Täjik gulluklarynyň, şeýle hem Şwesiýanyň TT habar gullugynyň bilelike alyp baran derňewlerinde, Akilowyň hüjümden öň, hüjümiň dowamynda we ondan soň hem “Yslam döwletiniň” täjigistanly jeňçileri diýilýän adamlar bilen göni ilteşikde bolandygy ýüze çykdy.

Täjigistanyň içeri işler ministri Ramzan Rahimzodanyň Azatlyk radiosyna aýtmagyna görä, Akilowyň “Yslam döwletiniň” täjik agzalary diýlip güman edilýän adamlar bilen ilteşigi hakda şwed häkimiýetleri Duşenbeden maglumat soramandyr.

Şwesiýada başpena sorap beren arzasy 2016-nj ýylda ret edilen gurluşyk işçisi we milleti täjik bolan Özbegistanyň raýaty Akilow hüjümden birnäçe sagat soňra ele salyndy. Polisiýanyň aýtmagyna görä, ol şo günüň ertesi özüniň etmişlidigi boýun alypdyr.

Erikssonyň bellemegine görä, Akilow özi hüjümde aman galaryň öýtmändir.

Prokurorlar günä bildirilýäniň “halkyň arasyna gorky salyp, şwed hökümetini we parlamentini Şwesiýanyň Yrakdaky halkara türgenleşik missiýasyna gatnaşmagyny togtatmaga mejbur etjek bolandygyny aýdýarlar

Geçirilen barlaglar boýunça, şwed polisiýasy onuň mobil telefonyndan Zello we Telegram atly programmalar arkaly “terroristik-baglanyşykly” diýip, suratlandyrylan adamlar bilen gatnaşyk saklandygyny ýüze çykarypdyr.

Gatnaşykda Abu Aişa we Abu Umar ýaly lakamlar ulanlypdyr. Azatlyk Radiosy bularyň “Yslam döwletiniň” täjik agzalary tarapyndan ulanylýan galp atlardygyny anyklady.

Azatlyk radiosynyň Özbek gullugynyň habarçysy Sirojiddin Tolibow bular ‘Yslam döwletiniň” diňe ýokary derejeli jeňçileri tarapyndan ulanylýan lakamlar diýýär.

Soňky ýyllarda Ýewropada we Birleşen Ştatlarda ýük maşyny bilen birnäçe hüjüm amala aşyryldy.

Bu hüjümleriň iň pajygalysy 2016-njy ýylyň 14-nji iýunynda Nissada boldy. Şol gün Fransiýanyň milli gününiň dabaralaryna gatnaşan adamlaryň üstüne ýük maşyny sürülip, 86 adam öldi. Bu hüjümiň jogapkärçiligini “Yslam döwleti” öz üstüne aldy.

Özbek raýaty Seýfullo Saipowa hem 31-nji oktýabrda New Ýork şäherinde kireýine alnan bir ýük maşyny bilen adamlary basdyryp, sekiz adamy öldürenlikde günä bildirilýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG