Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: kanun çykaryjylar rus agentleriniň saýlawa gatyşmak tagallalaryna howsala bildirýärler


ABŞ-nyň ýörite hukuk geňeşçisi Robert Mýueller
ABŞ-nyň ýörite hukuk geňeşçisi Robert Mýueller

ABŞ-nyňa kanun çykaryjylary we tanymal adamlary rus agentleriniň topary tarapyndan 2016-njy ýyldaky prezident saýlawlaryna täsir ýetirmek ugrunda edilendigi aýdylýan tagallalaryň geriminiň, Birleşen Ştatlaryň ýörite hukuk geňeşçisiniň garaşylmadyk ýerden çykaran aýyplaw netijesinde görkezilmegine görä, şeýle giň bolmagyndan howsala bildirdiler.

ABŞ-nyň ýörite hukuk geňeşçisi Robert Mýueller tarapyndan 16-njy fewralda yglan edilen aýyplaw netijesi ozal bilinmedik ýigrimiden gowrak detalyň üstüni açýar, rus agentleriniň ABŞ saýlawlary döwründe diňe millionlarça amerikan saýlawçysyna baryp ýetjek sosial media bildirişlerini we habarlaryny çap etmän, eýsem hakykatda olaryň ABŞ-nyň “belli karara gelmeýän”, aýratyn-da aratapawudyň ýakyn bolan 10 ştatyna sapara baryp, respublikaçy Donald Trampy güýçlendirýän, onuň garşydaşy, demokrat Hillari Klintony peseldýän syýasy ýygnanyşyklary geçirmäge kömek berendigini öňe sürýär.

Respublikaçylar-da, demokratlar-da muňa gahar we howsala bildirdiler, olaryň köpüsi ABŞ saýlawlaryna gaýdyp munuň ýaly daşary ýurt goşulyşmasynyň bolmazlygy babatda aýgytlylyk görkezdiler.

"Biz orsýetlileriň saýlawlara garyşandygyny bilýäris, emma bu aýyplaw netijeleri hile-mekirligiň möçberlerini jikme-jikleşdirýär” diýip, Wekiller öýüniň spikeri Pol Raýan aýtdy we ony “biziň syýasy ulgamymyza aýylganç we yzygiderli hüjüm” diýip atlandyrdy.

"Bu saýlaw prosesini bozmak üçin gurnalan dildüwşük we demokratiýanyň özüni nyşana alýar” diýip, Raýan aýtdy. “Biz faktlary yzarlamaly we geljekki saýlawlaryň bütewiligini goramak üçin işlemeli” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

"[Rus prezidenti] Wladimir Putin günbatar demokratiýasyny biabraý etmäge synanyşyp, trollar goşunyny, nädogry maglumatlaryň ýaýradylmagyny we propagandany ulanýar’ diýip, Wekiller öýüniň daşary gatnaşyklar komitetiniň başlygy Ed Roýs aýtdy.

"Bu howpa garşy durmak üçin köp iş edilmeli, şol sanda halkara tele-radio gepleşikleri babatda hem. Biziň orta möhlet saýlawlarymyz ýetip gelýär, diýmek biz öz syýasy prosesimiziň mukaddesligini üpjün etmeli” diýip, ol aýtdy.

Aýyplaw netijesine görä, rus agentleri tarapyndan media habarlarynda we ýygnanyşyklarda biabraý ediljek bolan Hillari Klintonyň sözçüsi “öňden bäri bilinýän” aýyplamalaryň tassyk bolandygyny aýtdy.

"Orsýet biziň demokratiýamyzy biabraý etmek üçin uzak tagalla etdi” diýip, Nik Merrilltwitterde aýtdy. "Siziň alyp barýan syýsatlaryňyz haýsam bolanda, bu amerikala mahsus däl. Biziň özümize gülýän we ýene-de dek durmajak duşmanymyz bar” diýip, ol aýtdy.

Demokratlaryň prezidentlige kandidaty bolmak üçin Hillari Klinton bilen bäsleşen we rus agentleri tarapyndan saýlaw kampaniýalary nyşana alnan senator Berni Sanders bolsa, “Biziň ýurdumyzyň syýasy geljegini amerikan halky kesgitlemeli, jenap Putin we rus oligarhlary kesgitlemeli däl” diýdi.

“Mýulleriň derňewleriniň Tramp adminstrasiýasy ýa-da Kongres tarapyndan hiç bir päsgelçiliksiz dowam etdirlmegine ýol bermek örän wajyp bolup durýar” diýip, Sanders sözüniň üstüni ýetirdi.

XS
SM
MD
LG