Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tillerson: ABŞ orsýetlileriň garşysyna goşmaça sanksiýalary girizmek meselesine garaýar


Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Reks Tillerson
Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Reks Tillerson

Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Reks Tillersonyň aýtmagyna görä, Amerika orsýetli şahsyýetleriň garşysyna goşmaça sanksiýa girizmek meselesine garaýar. Muňa administrasiýanyň Moskwanyň garşysyna girizilen çäklendirmeleri güýçlendirjek kanuny amala aşyrmak işini gijikdirmegi üçin iki partiýa tarapyndan tankyt astyna düşenligi sebäp boldy.

Tillerson 18-nji fewralda CBS telekanalyna beren interwýusynda: “Biz kabul dilen kanun netijesinde görlen çäreler bilen Orsýetiň ençeme harby söwdasynyň öňüni aldyk” diýdi.

Ol soňra hem: “Şeýle hem mümkin sanksiýalar üçin goşmaça şahsyýetler hakda barlag alyp barýarys” diýip, sözüniň üstüne goşdy.

Kongres Amerikanyň garşydaşlaryna garşy sanksiýalar bilen iş alyp barmak baradaky kanunyny goldap ses bermek bilen, häzirki sanksiýalary berkitdi, şeýle-de administrasiýany bulary ýatyrmak islän halatynda kongresden rugsat almaly etdi.

Prezidentlik kampaniýasynda Moskwa bilen bolan gatnaşyklary güýçlendirmegi wada eden Donald Tramp bu taslama meýilsizlik bilen gol çekensoň ol kanuna öwrüldi. Ýöne çäreler 1-nji oktýabr diýip bellenen möhletden öň ýola goýulmady.

14-nji fewralda bir diňlenişikde Amerikanyň gazna sekretary Stewen Mnuçin Senatyň maliýe komitetine Moskwanyň 2016-njy ýylda Amerikada geçen prezidentlik saýlawlaryna garyşandygy üçin özüniň gurply orsýetlileriň garşysyna täze sanksiýalary girizjekdigini aýtdy. Kreml saýlawlara garyşandygyny inkär edýär.

Mnuçin: “Biz bu sanksiýalaryň üstünde aktiw iş alyp barýarys. Siz oňa ýakyn geljekde garaşyp bilersiňiz” diýdi.

Tillerson beren interwýusynda Orsýet tarapdan goldanylýan prezident Başar al-Assadyň hökümeti Amerika tarapdan goldanylýan gozgalaňçylara garşy himiki ýarag ulanypdyr diýilýän gürrüňler hakda hem maglumat berdi.

Ol interwýuçy Margaret Brennanyň “geçen 30 günüň içinde hlor gazy bilen alty hüjüm bolupdyr” diýen belligine şeýle jogap berdi:

“Bu dogry. Biz bulary aýtdyk. Sebäbi, biziň pikirimizçe, Orsýet bu barada aýratyn jogapkärçilik çekýär. Sebäbi olar himiki ýaraglaryň dargadylmagyny, olaryň ýok edilmegini öz üstlerine aldylar. Meniň pikirimçe, [Birleşen Ştatlaryň öňki administrasiýa bilen] aralykdaky ýeke-täk tapawut onuň netijeleri. Prezident Tramp munuň netijeleriniň boljakdygyny eýýäm görkezdi”.

Hlorly hüjümler üçin “harby hereket” mümkinmi? diýip, berlen soraga Tillerson: “Biz haýsy hem bolsa bir konfliktde himiki ýaraglar adaty ýa kadaly zada öwrülmeli däl diýýän talabymyzda berk durus” diýip, jogap berdi.

Ekspertler režim şular ýaly hüjümleri amala aşyrypdyr diýseler-de, Siriýa hökümetiniň gozgalaňçylaryň garşysyna himiki ýaraglardan peýdalanandygyny hem Assad, hem-de Orsýet inkär edýär.

XS
SM
MD
LG