Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Poroşenko watana dönüklikden jogapkärçilige çekilýän Ýanukowiçiň suduna gatnaşýar


Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko tagtdan kowlan özünden öňki prezident Wiktor Ýanukowiçiň Kiýewde geçirilýän suduna wideo ýaýlym arkaly gatnaşýar.

Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko tagtdan kowlan özünden öňki prezident Wiktor Ýanukowiçiň Kiýewde geçirilýän suduna wideo ýaýlym arkaly gatnaşýar.

Suduň başlygy Wladislaw Dewýatko Obolon etrabynyň sudunda geçirilýän sud diňlenişigine prezidentiň edarasynyň wideo ýaýlym arkaly gatnaşmagyny buýruk berdi.

Mundan ozal, Poroşenko Moskwa bilen ýyly gatnaşyk saklamagyň tarapdary bolan Ýanukowiçiň gaýybana suduna gatnaşjakdygyny tassyklapdy. Protestlerden soň wezipeden çekilmeli bolan Ýanukowiç dört ýyl mundan ozal Orsýete gaçyp barypdy.

“Ýamanlyk hökman jezalandyrylmaly. Şol sebäpden men Ukrainanyň taryhynda ilkinji gezek bulup geçýän şeýle sud diňlenişigine gatnaşmaly diýen karara geldim” diýip, Poroşenko 18-nji fewralda aýtdy.

Haçan-da Ýanukowiç ÝB bilen Assosasiýa ylalaşygyna gol çekmek boýunça meýilnamalary yza süýşürip, muňa derek Orsýet bilen has ýakyn ykdysady gatnaşyklary ýola goýjakdygyny mälim edensoň, bu karara garşy çykan demonstrasiýaçylar Kiýewiň merkezine üýşüp, Ukrainada 2013-nji ýylyň noýabr aýynda “Ýewromaýdan” diýip tanalan protestler tutaşypdy.

Ukrain prokurorlary Kiýewiň esasan “Maidan Nezaležnosti”, ýagny Garaşsyzlyk skwerinde bolup geçen protest çäreleriniň dowamynda 104 adamyň ölendigini we 2500 adamyň ýaralanandygyny aýtdy.

Ýanukowiç galmagaly ýatyrmak üçin oppozisiýa bilen ylalaşyga gelmezden 2014-nji ýylyň 21-nji fewralynda hökümet başyndan çekilip, Kiýewden gaçyp çykdy. Orsýetden bosgunlyk alan öňki prezident protestçilere ok atylmagyny buýruk berendigini ret edýär we ýüze çykan zorlugyň hökümeti ýykmak üçin “planly operasiýa” bolandygyny öňe sürýär.

Moskwa onuň güýçden gaçmagyna jogap hökmünde 2014-nji ýylyň mart aýynda Ukrainanyň Krym ýarymadasyny basyp aldy we ýurduň çäklerinde seperatizme meçew berdi. Munuň netijesinde, 2014-nji ýylyň aprel aýynda turan urşuň dowamynda gündogar Ukrainada 10 müň 300 adam wepat boldy we 1.6 million adam öz ýaşaýan ýerinden göçmäge mejbur boldy.

Bu aralykda, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň orunbasary Jon Sulliwanyň 21-nji fewralda Kiýewe etjek saparynyň dowamynda Poroşenko, premýer-ministr Wolodymyr Hroýsman we daşary işler ministri Pawlo Klimkin bilen duşuşmagyna garaşylýar.

“Sulliwan Kiýewe etjek saparynyň dowamynda Ukrainanyň degerli ykdysady we anti-korrupsion reformalary tizlik bilen netijeli durmuşa geçirmeginiň zerurdygyny nygtar, şeýle-de ol ABŞ-nyň Ukrainanyň özbaşdaklygyny we territorial bütewiligini goldaýanadygyny bellär” diýip, Döwlet departamentiniň ýaýradan beýanatynda aýdylýar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG