Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin: Russiýada islendik goranyş ulgamlaryny sowa geçip biljek ýaraglary bar


Rus prezidenti Wladimir Putin.
Rus prezidenti Wladimir Putin.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin öz ýurdunyň garşydaşlaryň öňüni alyp bilmejek täze ýadro ýaraglaryny, şol sanda sürüjisiz suwasty gämilerini döredip, olaryň synaglaryny üstünlikli amala aşyrandyklaryny belledi.

1-nji martda Putin özüniň ýyllyk edýän çykyşynda “Sarmat” kysymly täze inter-kontinental ballistik raketalarynyň çäksiz geriminiň bardygyny we olaryň islendik howa hüjüminden goranyş ulgamlaryndan sowa geçip bilýändigini öňe sürdi.

Ýörite görkezilen wideoda täze raketalaryň suwasty gämilerden goýberilip, olaryň awianoses we kenarýaka nyşanlaryny urmaga mümkinçiliginiň bardygy, şeýle-de olary asla yzarlap bolmaýandygy aýdyldy.

Şeýle-de Putin ganatly raketalar bilen ornaşdyrylan täze strategiki awianosesiň ähli synaglardan üstünlikli geçip, häzir önümçilige goýberilendigini hem mälim etdi.

Rus prezidenti täze ýaraglaryň sowet döwründen galan mirasyň bir böleginiň däldigini, eýse olaryň eýýäm rus alymlary we inženerleri tarapyndan döredilendigini nygtap geçdi. Ol käbir täze rus ýaraglarynyň dünýäde deňi-taýynyň ýokdugyny hem öňe sürdi.

Şeýle-de Putin çykyşynyň dowamynda raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrmagynyň zerurdygyny hem aýtdy.

Putin eger-de Russiýa ykdysady taýdan öňegidişlik gazanyp bilmese, ýurduň “özygtyýarlylygyny ýitirmek” howpy bilen ýüzbe-ýüz bolup biljekdigini hem öňe sürdi.

Ol häzir ýurtda 20 milliondan gowrak adamyň resmi garyplyk derejesinden hem pesde ýaşandygyny aýdyp, bu ugurda zerur işleriň alnyp barylmalydygyny belledi.

Putin ýurduň saglygy saklaýyş pudagynyň hem özgerdilmeginiň zerurdygyny aýtdy.

Putiniň bu çykyşy 18-nji martda geçirilmegi prezidentlik saýlawlarynyň öňüsyrasyna gabat geldi. Onuň bu saýlawlarda aňsatlyk bilen ýeňiş gazanmagyna garaşylýar.

XS
SM
MD
LG