Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Russiýany Siriýada ilatyň ‘rehimsizlik’ bilen öldürilmegine gatnaşmakda aýyplaýar


Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň we Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň portretleriniň arasynda duran siriýaly esgerler.

Birleşen Ştatlar Moskwany Siriýanyň gündogar Gouta regionynda parahat ilatyň “rehimsizlik bilen” öldürilmegine gatnaşmakda aýyplap, Birleşen Milletler Guramasynyň atyşyklary bes etmek baradaky kararyna garamazdan, ors harby uçarlarynyň gozgalaňçylaryň kontrollygyndaky sebiti bombalandygyny aýdýar.

Ak tam tarapyndan 4-nji martda edilen bu beýanat ýedi ýyl bäri Siriýada barýan raýat urşunda prezident Başar al-Assady goldamagy sebäpli Orsýete gönükdirilen iň berk beýanatdyr.

Ak tamyň beýanatynda: “Orsýet we Eýran tarapyndan goldalýan Assad režiminiň gündogar Goutada ilatyň garşysyna alyp barýan harby hüjümlerini Birleşen Ştatlar ýazgarýar” diýilýär.

Beýanatda bellenmegine görä, Orsýetiň harby uçarlary 24-28-nji fewral aralygynda Siriýadaky howa menzili Hmeýmimden Damaskyň golaýynda we gündogar Goutada günde azyndan 20 bombalama missiýasyny amala aşyrypdyr.

Beýanatda: “Orsýet [Birleşen Milletler Guramasynyň] kararyny äsgermezlik edip, terrorizme garşy operasiýalary bahanalap, bigünä adamlary öldürdi” diýilýär.

4-nji martda Britaniýanyň premýer-ministri Tereza Maýyň edarasy onuň amerikan prezidenti Donald Tramp bilen telefonda gürleşip, Goutada “adamlaryň çekýän ejir-azabyna” Siriýanyň hökümeti bilen onuň goldawçysy Orsýetiň jogapkärdigi hakda ylalaşandyklaryny habar berdi.

Assad hüjümleri bes etmek boýunça halkara derejesinde edilýän çagyryşlara garamazdan, öz güýçleriniň gündogar Goutada gozgalaňçylara garşy alyp barýan hüjümlerini dowam etdirjekdigini aýtdy.

Aktiwistler hökümet güýçleri bilen onuň ýaranlary hüjümlerini 18-nji fewralda güýçlendireli bäri Goutadaky gazaply hereketlerde 600-den agdyk adamyň ölendigini aýdýarlar.

Ýerli “atyşyklary togtatmak” boýunça Moskwa tarapyndan berlen buýruga, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň 30 günläp atyşyklaryň bes edilmegi baradaky kararyna garamazdan, gabawdaky 393 müň töweregi ilata gumanitar kömekleri ýetirmek başartmady.

Assad atyşyklaryň günde bäş sagatlap togtadylmagyna salgylanyp, “atyşyklary togtatmak bilen söweş operasiýalary arasynda gapma-garşylyk ýok” diýdi.

“Siriýanyň arap armiýasy tarapyndan düýn we öňňin Goutada bolan öňegidişlikler atyşyklaryň togtadylan mahalynda gazanyldy” diýip, Assad telewideniýede eden çykyşnda aýtdy.

Ol soňra hem: “Şol sebäpden biz parahat ilata çykyp gitmäge ýol bermek bilen birlikde operasiýany dowam etdirmeli” diýip, sözüniň üstüne goşdy.

Siriýada parahatçylykly protestleriň basylyp ýatyrylmagy bilen başlanan urşuň tutuş dowamynda Assadyň hökümetini goldan Eýran bilen birlikde Orsýet boldy.

Moskwa 2015-nji ýylda howa zarbalaryna başlamak bilen konfliktde Assadyň güýçleriniň üstün pozisiýany eýelemegine ýol açdy.

Bu aralykda, Fransiýanyň prezidenti Emmaul Makron öz kärdeşi Eýranyň prezidenti Hassan Rohanini Goutada parahat ilata edilýän hüjümleri togtatmagy üçin Siriýa hökümetine basyş etmäge çagyrdy.

Iki prezidentiň arasynda geçen telefon gepleşiginde Makron gumanitar kömek üçin atyşyklaryň togtadylmagy baradaky kararyň amala aşyrylmagynda Siriýa hökümetini goldaýandygy üçin Eýranyň aýratyn jogapkärçilik çekýändigini aýdypdyr.

Eýranyň prezidentiniň websaýtynda aýdylmagyna görä, Rohani Makrona Ýemende bolýan “uruş jenaýatlaryna” Saud Arabystanyna we onuň ýaranlaryna ýarag satýan ýurtlar jogap bermeli diýipdir.

Fransiýa Saud Arabystanyna iň köp ýarag satan ýurtlaryň biri. Ýemeniň halkara derejesinde ykrar edilen hökümeti tarapyndan şaýy Huti pitneçilerine garşy alnyp barylýan harby ýaranlyga Saud Arabystany ýolbaşçylyk edýär.

XS
SM
MD
LG