Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britan polisiýasy ‘döwlete abanýan howplar faktyna hüşgärlik bilen garaýar’


Orsýetiň öňki içalysy Sergeý Skripal
Orsýetiň öňki içalysy Sergeý Skripal

Orsýetiň öňki içalysy Sergeý Skripalyň garaşylmadyk ýagdaýda ýolugan agyr keseli hakda barlag alyp barýan britan polisiýasy, ýokary derejeli anti-terrorizm resmisiniň bellemegine görä, “döwlete abanýan howplar faktyna hüşgärlik bilen garaýar”.

Mark Rowleý günbatar britan şäheri Salisburide bir söwda merkezinde oturgyjyň üstünde bihuş ýagdaýda tapylan 60 ýaşlaryndaky erkek adam bilen 30 ýaşlaryndaky aýal hakda 6-njy martda şeýle maglumat berdi:

“Biz şaýatlar bilen gürleşýäris, wakanyň bolan ýerinden kazyýet medisinasyna gerekli nusgalary alýarys, toksikologik işleri alyp barýarys. Bir jogap tapara bularyň peýdasy bolar” diýip, Rowleý aýtdy.

Ol BBC radiosyna şeýle diýdi: “Biz bir zady ýatdan çykarmaly däldiris. Ölüm orsýetli sürgünleriň hem başynda bar. Olaryň hemmesi ölýärler, konspirasiýa teoriýalaryna ýykgyn edilmegi mümkin. Ýöne, şonuň ýaly, biz döwlete abanýan howplar hakda hem hüşgär bolmaly”.

Media maglumatlarynda gürrüňi edilýän adamyň Orsýetiň GRU harby aňtaw gullugynyň öňki polkownigi 66 ýaşly Skripaldygy aýdylýar. Skripal 2006-njy ýylda Orsýetiň döwlet syrlaryny Britaniýa paş etmekde günäli tapylypdy. Ol soňra türmeden boşadylyp, 2010-njy ýylda içalylar çalyşylanda Günbatara iberildi.

Düşnüksiz ýagdaýda ýüze çykan bu waka Orsýetiň öňki howpsuzlyk agenti, radioaktiw polonium-210 bilen zäherlenip, 2006-njy ýylda Londonda aradan çykan Aleksandr Litwinenkonyň ölümini ýada salýar.

Britaniýa tarapyndan alnyp barlan derňewde Litwinenkonyň ölüminde Orsýetiň eli bar, onuň öldürilmegini Putiniň “tassyklan bolmagy ähtimal” diýen netijä gelindi.

Kremliň Britaniýada bolan waka hakda görkezen ilkinji reaksiýasy prezident Wladimir Putiniň sözçüsi tarapyndan mälim edildi. Ol wakany “pajygaly ýagdaý” diýip atlandyryp, britan häkimiýetleri soran halatynda Moskwanyň bu barada hyzmatdaşlyga taýýardygyny bildirdi.

Orsýet hyzmatdaşlyk edermi? diýip soralanda, Kremliň sözçüsi Dmitriý Peskow: “Moskwa özara iş salyşmaga hemişe açyk” diýdi. Ol soňra hem: “Orsýete beýle bir haýyş gelip gowşanok” diýip, sözüniň üstüne goşdy.

Skripal soňky ýyllarda Britaniýada bir bada kesellän ýa ölen birnäçe orsýetliniň biri bolsa-da, britan häkimiýetleri hiç kim onuň keseli karam oýunlaryň netijesi diýip, pikir etmeli däl diýýär.

Häkimiýetler “bu iki adamyň bihuş bolmagyna näme zadyň sebäp bolandygy ýa bir jenaýat işiniň amala aşyrylyp-aşyrylmandygy hakda giň gerimli derňew işlerini alyp barýarlar” diýip, Wiltşir etrabynyň polisiýa işgäri Kraig Holden aýtdy.

Polisiýanyň aýtmagyna görä, oturgyçda bihuş ýagdaýda tapylan erkek adam bilen aýal Salisberi şäheriniň keselhanasyna äkidilipdir. Ol ýerde muňa näme zadyň sebäp bolandygy barlanýar.

Alnyp barylýan barlaglar sebäpli 6-njy martda şäheriň merkeziniň käbir bölekleri ýapyk galdy.

Milli saglyk gullugy näsaglar hakda özünde diňe çäkli maglumatlaryň bardygyny aýdýar. Ýöne gullugyň bildirmegine görä, “ilatyň saglygyna abanyp duran göni howp ýoga meňzeýär”.

Iki adamyň bihuş bolmagyna sebäp bolan maddanyň nämedigi entek belli däl. Ýöne ýerli medisina gullugynyň çaklamagyna görä, onuň güýçli “sintetiki opiat fentanil” bolmagy mümkin.

BBC wakany öz gözi bilen gören şaýada salgylanyp, “olar bir güýçli zady iýene meňzeýärler” diýdi.

Skripal 2004-nji ýylyň dekabrynda Moskwada tutulyp, 2006-njy ýylda Moskwanyň harby kazyýeti tarapyndan “içalylyk formasynda ýokary dönüklikde” günäli tapyldy.

Ol Orsýetiň Ýewropada gizlin iş alyp barýan agentleriniň kimlerdigini Britaniýanyň gizlin aňtaw gullugy MI6-a paş etmekde günäli tapyldy. Ol bu maglumaty bereni üçin MI6-dan 100 müň dollar pul alypdyr.

Orsýetiň federal howpsuzlyk gullugy (FSB) Skripalyň 1990-njy ýyllarda goşun gullugyndaka, MI6-a işländigini aýdýar.

Britaniýa gelip, Putiniň gaýduwsyz tankytçysyna öwrülen Litwinenkonyň ölümi London bilen Moskwa arasyndaky gatnaşygy güýçli dartgynlylaşdyrypdy.

Derňeýji žurnalist Anna Politkowskaýanyň Moskwada atylyp öldürilmegi-de Kremle garşy orslar nirede ýaşasalarda, howp astynda diýen gorkyny güýçlendirdi.

Britaniýaly derňewçileriň 2016-njy ýylda çykarylan jemleýji raportynda aýdylmagyna görä, Litwinenkony zäherlänleriň “ýokary ähtimallyk bilen” Federal howpsuzlyk gullugy tarapyndan iş alyp barýan Andreý Lugowoi bilen Dmitriý Kowtun bolmaly.

XS
SM
MD
LG