Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pensionerleriň 40 manat pul sowgady plastik kartlaryna geçirilmedi


Illýustrasiýa suraty

Aşgabat şäherindäki we Balkan welaýatyndaky pensionerleriň plastik bank kartlaryna 8-nji mart, ýagny Halkara zenanlar güni mynasybetli berilmeli 40 manat möçberindäki pul sowgady geçirilmedi.

Belläp geçsek, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan berilýän bu pul sowgady 2018-nji ýylyň 1-6-njy marty aralygynda ýurduň aýal-gyzlaryna gowşurylmalydy.

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary we çeşmeleri bilen söhbetdeş bolan balkanly we aşgabatly pensionerleriň 10-a golaýy mart aýynyň 4-6 aralygynda öz pensiýa haklarynyň plastik bank kartlaryna gelendigini, ýöne oňa 40 manat möçberindäki pul sowgadynyň goşulmandygyny aýtdylar.

Balkanly pensionerleriň tassyklamagyna görä, munuň sebäpleri bilen gyzyklanyp, 7-nji martda 100-den gowrak pensioner Balkanabat şäheriniň pensiýa fonduna barýar. Bu edaranyň resmileri olara “işlemeýändigiňiz hakyndaky güwänamany tabşyrsaňyz, 40 manat indiki pensiýa hakyňyza goşulyp berler” diýip jogap berýärler.

“Olara ‘Ähliňiz başga ýerde işlemeýändigiňiz hakyndaky güwänamany getiriň. Indi bu aý pensiýaňyzy aldyňyz, 40 manady aýratyn geçirip oturmarys. Aprel aýynyň pensiýasyna goşup, 40 manat pul sowgadyňyzy bereris’ diýip, ählisine bir meňzeş jogap beripdirler” diýip, balkanly we aşgabatly pensionerleriň ençemesi bilen gürrüňdeş bolan Aşgabatda ýaşaýan ýazyjy we synçy Amanmyrat Bugaýew paýtagtyň pensiýa fonduna baran pensionerlere hem şuňa meňzeş jogabyň berlendigini aýtdy.

Şol bir wagtyň özünde, ol pensiýa haklaryny bank şahamçalaryndan nagt görnüşde alýan pensionerleriň aglabasynyň pensiýa hakynyň üstüne 40 manadyň goşulyp berlendigini, ýöne olaryň hem käbirinden hiç ýerde işlemeýändigi hakyndaky güwänamanyň talap edilendigini belledi.

“Sen ýaş görünýäň, başga ýerde işleýän bolmagyň mümkin. Şonuň üçinem öz ýazga duran ýeriňden, ýagny Öý dolandyryş edarasyndan işlemeýändigi hakyndaky sprawkany getir. Biz onsoň [40 manady] bereli diýip, şol güwänamany alanlaryndan soňra beripdirler” diýip, Bugaýew gürrüň berdi.

Pensiýa haklary plastik bank kartlaryna geçirilýän pensionerlere 40 manat möçberindäki pul sowgadyň döwlet tarapyndan kesgitlenen wagt möhletinde berilmezliginiň sebäpleri barada resmi düşündiriş berilmeýär.

Emma käbir ýerli synçylar we raýatlar munuň işleýän pensionerleriň hem pensiýa fondundan, hem-de işleýän edarasyndan pul sowgadyny almagynyň öňüni almak üçin edilen çäre bolmagynyň ähtimaldygyny aýdýarlar.

Belläp geçsek, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli kärhanalarda, edaralarda we guramalarda işleýän aýal-gyzlara, pensiýa we döwlet kömek puluny alýan aýal-gyzlara, önümçilikden aýrylmak şerti bilen aspiranturada, doktoranturada we kliniki ordinaturada okaýan aýal-gyzlara 40 manat möçberindäki pul sowgadyny gowşurmak baradaky buýruga Berdimuhamedow 28-nji fewralda gol goýupdy.

Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan kesgitlenen resmi kursa laýyklykda, ortaça 11 amerikan dollaryna we “gara bazaryň” nyrhynda ortaça 3 dollara barabar bolan bu sowgat Türkmenistanyň prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň iki okuw ýylyndan az bolmadyk möhletli okuwlarynyň diňleýji aýal-gyzlaryna, talyp gelin-gyzlara, orta mekdeplerde okaýan we mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän gyzlara berilmeli edilipdi.

Şol bir wagtyň özünde, bu pul sowgady ýurduň ähli aýal-gyzlaryna, ýagny işlemeýän ýa-da öý hojalykçy zenanlara gowşurylmaýar. Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolýan ýerli synçylaryň we ýaşaýjylaryň ençemesi munuň pul sowgadyny alyp bilmeýän aýal-gyzlar üçin adalatsyzlykdygyny aýdyp, bu ýagdaýa nägilelik bildirýärler.

Bu barada Türkmenistandaky habarçymyz Soltan Açylowanyň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabyndan özüni Aýbibi diýip tanyşdyran 65 ýaşly pensioner zenan bilen geçiren söhbetdeşligini diňläp bilersiňiz.

"Kärendeçilerem pul sowgadyny alyp bilsedi..."
please wait

No media source currently available

0:00 0:02:31 0:00

Maglumat üçin aýtsak, Täjigistanda 8-nji martda bellenilýän “Eneler güni” mynasybetli Duşenbäniň häkimi Rustam Emomali ýurduň Jemagat hojalygy ministrliginde işleýän zenanlara 1000 somoni, ýagny 113 amerikan dollary möçberinde pul sowgadyny gowşurmak barada karar kabul etdi. Bu pul sowgady 2 müň 920 aýal-gyza berilýär.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG