Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britaniýanyň terrorizme garşy polisiýasy Orsýetiň öňki içalysynyň ýolugan keselini derňeýär


Orsýetiň öňki içalysy Sergeý Skripal
Orsýetiň öňki içalysy Sergeý Skripal

Orsýetiň öňki içalysy Sergeý Skripal bilen onuň gyzyna garaşylmadyk ýagdaýda ýolugan agyr kesel barada derňew geçirmegi Britaniýanyň anti-terrorizm polisiýasy öz üstüne aldy. Medianyň maglumatyna görä, Skripalyň ogly öten ýyl Orsýete sapar edeninde näbelli sebäplere görä aradan çykypdyr.

Skotland Ýard “ýagdaýyň adaty däldigi” sebäpli barlag işlerini anti-terrorizm bölüminiň alyp barjakdygyny aýtdy. Ondan ozal Britaniýanyň daşary işler ministri Boris Jonson bu işde bir çet ýurt hökümetiniň eli bar bolsa, “jezasyz galmaz” diýip, duýduryş beripdi.

Britanlar 66 ýaşly Skripal bilen onuň 33 ýaşyndaky gyzy Ýuliýanyň Salisberide agyr ýagdaýda keselhana düşmegine getiren düşnüksiz waka boýunça alyp barýan barlag işlerini güýçlendirdiler. BBC Skripalyň garyndaşlaryna salgylanyp, onuň maşgala agzalarynyň käbirleriniň soňky ýyllarda syrly ýagdaýlarda aradan çykandygyny habar berdi.

Skripalyň garyndaşlarynyň BBC-niň ors gullugyna aýtmagyna görä, öňki gizlin agent “Orsýetiň ýörite gulluklarynyň her bir salymda öz yzyndan gelmeginiň mümkindigine” ynanyp gezipdir. BBC bu barada köpräk maglumat berenok.

Skripalyň 44 ýaşyndaky ogly Sergeý öten ýyl Orsýete sapar edeninde, näbelli keselden öldi diýip “Times” gazeti ýazdy. “Guardian” gazetiniň habar bermegine görä, Skripalyň aýaly hem 2012-nji ýylda Britaniýa geleninden az wagt soňra düwnük keselinden gidipdir.

Ýuliýa Skripal Orsýet bilen edilen içaly çalşygynda kakasy goýberilenden soň, 2010-njy ýylda Britaniýada ýaşapdyr. Ol soňra Moskwa göçüp, Orsýetiň Pepsi kompaniýasynda işläpdir. “Times” gazeti Ýuliýanyň öten hepde Britaniýa kakasyny görmäge gelendigini aýdýar.

Gyssagly Komitet duşuşygy

Londonyň adatdan daşary ýagdaýlar baradaky komiteti Skripallara näme bolandygy hakda pikir alyşmak üçin 7-nji martda gyssagly duşuşyk geçirer.

6-njy martda parlamentde çykyş eden daşary işler ministri Jonson Britaniýanyň Salisberi şäherinde bolan wakada Moskwanyň eliniň bardygy anyklanan halatynda, Britaniýanyň Orsýetiň garşysyna girizilen sanksiýalary güýçlendirmegi mümkin diýdi.

“Biz Salisberide näme zadyň bolandygyny takyk bilemzok. Ýöne ol görnüşi ýaly ýaramaz bolsa, onda bu biziň Orsýetiň garşysyna bildirjek jenaýatlarymyzyň hataryna goşulan ýene bir jenaýat bolar” diýip, Jonson aýtdy.

Skripal bilen onuň gyzy Salisberide bir söwda merkezinde bihuş ýagdaýda tapyldylar. Polisiýa olara entek anyklanmadyk bir kesel ýolugypdyr diýen pikirden ugur alýar.

“Häzir [belli bir ugra] barmak çommaldamok. Men dünýädäki hökümetlere aýdýaryn, Britaniýanyň topragynda bigüna adamlaryň janyna kast etmek üçin edilen hiç bir synanyşyk sanksiýasyz ýa jezasyz galmaz” diýip, Jonson parlamentde eden çykyşynda aýtdy.

Jezalandyryş çäreleri?

Jonson ors hökümetiniň eliniň bardygy hakda berk subutnama tapylsa, ol Moskwanyň garşysyna täze jezalandyryş çärelerine getirip biler diýdi. Orsýet häzir Ukrainadaky agressiýasy we beýleki hereketleri sebäpli Ýewropa Bileleşigi, şeýle hem Amerika tarapyndan sanksiýa astynda dur.

“Eger şübheler doly esasly bolup çyksa, onda biz girizen sanksiýalarymyza we girizilmegi mümkin beýleki çärelere gaýtadan seretmeli bolarys” diýip, Jonson aýtdy.

Orsýetiň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Maria Zaharowa Jonsonyň beýanatyny “wagşy” diýip tankytlady.

Düşnüksiz ýagdaýda ýüze çykan bu waka Orsýetiň öňki howpsuzlyk agenti, radioaktiw polonium-210 bilen zäherlenip, 2006-njy ýylda Londonda aradan çykan Aleksandr Litwinenkonyň ölümini ýada salýar.

Britaniýa tarapyndan alnyp barlan derňewde Litwinenkonyň ölüminde Orsýetiň eli bar, onuň öldürilmegini Putiniň “tassyklan bolmagy ähtimal” diýen netijä gelindi. Orsýet bu işde eliniň bardygyny ret edýär.

Orsýetiň GRU harby gullugynyň öňki polkownigi bolan Skripal 2006-njy ýylda Orsýetiň döwlet syrlaryny Britaniýa paş etmekde günäli tapylypdy. Ol soňra türmeden boşadylyp, 2010-njy ýylda içalylar çalyşylanda Günbatara iberildi.

Putiniň sözçüsi Skripal bilen onuň gyzynyň keselhana düşmegine näme zadyň sebäp bolandygy hakda elinde “maglumat ýokdugyny” aýdyp, wakany “pajygaly ýagdaý” diýip atlandyrdy.

Britan mediasynda Skripaly Orsýet zäherläpdir diýilýän gürrüňler hakda soralanda, Dmitriý Peskow: “Bu olar üçin köp wagt almady” diýip, jogap berdi.

Orsýetiň Londondaky ilçihanasy waka Orsýeti garalamak üçin ulanylýar diýdi.

Skripallaryň tapylan söwda merkeziniň käbir bölekleri 6-njy martda ýapyk galdy.

Britaniýanyň Wiltşirdäki gizlin ýaraglar boýunça barlag merkeziniň alymlary Skripallaryň keseline sebäp bolandygyna ynanylýan “näbelli madda” hakda barlag işlerini alyp barýarlar.

Ýöne ýerli medisina gullugynyň çaklamagyna görä, bu maddanyň güýçli “sintetiki opiat fentanil” bolmagy mümkin.

Skripal 2004-nji ýylyň dekabrynda Moskwada tutulyp, 2006-njy ýylda Moskwanyň harby kazyýeti tarapyndan “içalylyk formasynda ýokary dönüklikde” günäli tapyldy.

Oňa Orsýetiň Ýewropada gizlin iş alyp barýan agentleriniň kimlerdigini Britaniýanyň gizlin aňtaw gullugy MI6-a paş etmekde günä bildirilipdi. Skripal bu maglumatlary bereni üçin MI6-dan 100 müň dollar pul alypdyr.

Orsýetiň federal howpsuzlyk gullugy (FSB) Skripalyň 1990-njy ýyllarda goşun gullugyndaka MI6-a işländigini aýdýar.

XS
SM
MD
LG