Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: Skripalyň zäherlenmegi boýunça Moskwa bileleşikli jogap bilen ýüzbe-ýüz bolar


Reks Tillerson

Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Reks Tillerson Orsýetiň öňki içaly Sergeý Skripaly Britaniýada zäherlän bolmagynyň ähtimaldygy barada Birleşen Ştatlar “gaty gaharda”, Moskwa, elbetde, bu barada bileleşikli jogap bilen ýüzbe-ýüz bolar diýip, duýduryş berdi.

“Biz Britaniýanyň alyp baran barlaglaryna we onuň öten hepde Salisberide nerwlere zyýanly madda bilen edilen hüjüme Orsýetiň jogapkär bolmagy ähtimal diýýän çaklamasyna doly ynanýarys” diýip, Tillerson 12-nji martda bir beýanatda aýtdy.

Tillersonyň bu beýanatyndan az wagt ozal, Britaniýanyň premýer-ministri Tereza Maý 4-nji martda Skripal bilen onuň gyzyna edilen hüjümiň aňyrsynda Orsýetiň ýatan bolmagy “juda ähtimal” diýipdi. Skripallaryň ikisi-de şindi-de agyr ýagdaýda keselhanada ýatyr.

Tillerson: “Bular ýaly hüjümleri, ýagny bir suweren milletiň topraklarynda hususy raýaty öldürmäge edilýän synanyşygy hiç haçan aklap bolmaz. Orsýet ýene şular ýaly işler bilen meşgullanýana meňzeýär. Biz bu barada gaharda” diýdi.

“Siriýadan tutup, tä Ukraina çenli – indi-de Britaniýada – Orsýet dünýäde jogapkärçiliksiz durnuksyzlyk güýji bolmagy, beýleki döwletleriň suwerenligini we olaryň raýatlarynyň janyny göz-görtele äsgermezlik etmegi dowam etdirýär” diýip, Tillerson belledi.

Ol soňra hem: “Biz jogapkärler – hem bu jenaýaty edenler, hem-de bu işi buýranlar degişli çynlakaý netijeler bilen ýüzbe-ýüz bolmaly diýen pikirde. Biz öz ýaranymyz Britaniýa bilen raýdaşlykda durus we berjek jogaplarymyzy ýakyndan utgaşykly alyp barmagy dowam etdireris” diýip, sözüniň üstüne goşdy.

Tillersonyň Sowuk uruş döwründe Orsýetde öndürilen nerwe zyýanly “Nowiçok” diýip atlandyrylýan maddanyň harby derejede ulanylmagyna bilelikde jogap bereris diýen wadasyna Britaniýanyň beýleki ýaranlary-da goşuldylar.

NATO-nyň baş sekretary Ýens Stoltenberg: “Britaniýa ýokary ähmiýetli ýaran we bu hadysa NATO üçin uly alada bolup durýar... haýsy hem bolsa nerwe zyýanly maddanyň ulanylmagy gorkunç we kabul ederliksiz zat” diýdi.

Downing Streetiň bildirmegine görä, Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron hem telefon gepleşiginde “Britaniýa bilen raýdaşdygyny” aýdypdyr.

Beýanatda: “Olar Orsýetiň giň gerimli agressiw hereketleri hakda pikir alşyp, oňa ýaranlar bilen sazlaşykda jogap bermegiň möhümdigi hakda ylalaşdylar” diýilýär.

Orsýet möhlet bellendi

Britaniýanyň resmileri 12-nji martda Orsýetiň Londondaky ilçisini çagyryp, ondan howply himiki maddanyň öňki içalynyň garşysyna ulanylmagy üçin Britaniýa nädip girendigi hakda 13-nji marta çenli düşündiriş bermegini talap etdiler.

Orsýetiň harby aňtaw gullugynyň öňki polkownigi Skripal döwlet syrlaryny Britaniýanyň gizlin aňtaw gullugyna geçirenlikde aýyplanyp, 2006-njy ýylda Moskwanyň harby kazyýeti tarapyndan “ýokary dönüklikde” günäli tapyldy. Ol 2010-njy ýylda Orsýetiň Birleşen Ştatlarda tutulan 10 gizlin agenti bilen çalşylyp, türmeden boşadylan dört ors tussagnyň biridir.

Maýyň aýtmagyna görä, Orsýetde öndürilen nerwe zyýanly maddanyň üstüniň açylmagyna iki delil bar. Ol ýa “ors döwletiniň göni hereketi” bilen ulanylypdyr, ýa-da Orsýet özüniň himiki ýaraglaryna “kontrollygy ýitiripdir”.

Maý: “Bu barada ynandyryjy jogap bolmasa, onda biz bu iş ors döwleti tarapyndan Britaniýanyň garşysyna ulanylan bikanun güýçleriň üstüne urlan urna diýip netije çykararys” diýdi.

Ol soňra hem: “Biz öz topragymyzda bigünä adamlary öldürmäge edilýän utançsyz synanyşyga çydamlylyk görkezmeris” diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.

Orsýetiň daşary işler ministrligi bolsa bir beýanatda Maýyň aýyplamalaryna jogap berip, bu aýyplamalaryň syýasy matlaply we prowokasiýalara esaslanýandygyny aýtdy.

Ministrligiň sözçüsi Maria Zaharowa žurnalistlere: “Britaniýayň parlamentinde sirk oýny barýar. Netije belli. Bu prowokasiýa esaslanýan ýene bir syýasy maglumat kampaniýasy” diýdi.

Onuň çaklamagyna görä, britanlaryň aýyplamalary bir “erteki”.

Daşary işler ministrligi başga bir beýannamada – Orsýetiň zäherleme işinde eliniň bardygyny ýörite inkär etmän – aýyplama öňümizdäki tomus Orsýetde geçjek futbol boýunça dünýä çempionatyny Britaniýa tarapyndan boýkot etmek maksady bilen döredilen bahana diýdi.

Tillerson eden beýanatynda öň özüniň britan kärdeşi daşary işler ministri Boris Jonson bilen telefonda zäherlenme barada pikir alyşdy.

Žurnalistlere beren maglumatynda Tillerson Maýyň hüjümçileriň Orsýet tarapyndan öndürilen nerwlere zyýanly maddany ulanypdyr diýýäni bilen özüniň ylalaşýandygyny aýtdy.

Tillerson: “Ol açyk Orsýetden gelene meňzeýär. Ýöne onuň Orsýetden geleninden ors hökümeti habarlymy, muny entek bilemok” diýdi.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG