Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň serhet gullugy ‘iki sany eýranly balykçyny atyp öldürdi’


Eýran häkimiýetleri Türkmenistanyň serhet gullugynyň eýranly balykçylara ot açyp, olaryň ikisini öldürendigini aýdýarlar.
Eýran häkimiýetleri Türkmenistanyň serhet gullugynyň eýranly balykçylara ot açyp, olaryň ikisini öldürendigini aýdýarlar.

Eýran häkimiýetleri Türkmenistanyň serhet gullugynyň Hazar deňzinde iki ýurduň arasyndaky suw serhedinde eýranly balykçylara ot açyp, olaryň ikisini öldürendigini we ikisini hem tutandygyny aýdýarlar.

Читайте также на русском

Bander-Türkmen şäheriniň häkimi Ylýas Hywaçynyň 21-nji martda giçlik Eýranyň döwlet habar gullugy IRNA aýtmagyny görä, öldürilen balykçylaryň jesedi we tutulan beýleki iki balykçy häzir Türkmenistanda saklanýar.

Hywaçy bu balykçylaryň hemmesi Bender-Türkmen şäheriniň ýaşaýjylary diýdi. Olar ýerli balykçylara berlen duýduryşlara garamazdan, iki ýurdyň aralygyndaky suw serhetleriniň töwereginde balyk tutmaga girişipdiler.

Eýran resmisi Türkmenistanyň serhet gullugynyň bu hereketini “ýerliksiz” diýip atlandyryp, balykçylaryň biriniň gülle degen badyna ölendigini, beýlekisiniň hem düşen agyr ýara sebäpli soňra aradan çykandygyny bildirdi.

IRNA habar gullugy Türkmenistanyň serhet gullugynyň eýranly balykçylara ot açandygy we iki adamyň ölüp, beýleki ikisiniň hem tutulandygy baradaky habaryň ilatynyň aglaba köplügi türkmenlerden ybarat Gülüstan welaýatynda, ilkinji nobatda Telegram kanallarynyň üsti bilen, giňden ýaýrandygyny ýazýar.

IRNA türkmenistanly serhetçileriň bender-türkmenli balykçylara ot açmagy ozal hem bolmadyk zat däl diýip, soňky ýyllarda iki ýurduň arasyndaky suw serhetlerinde balyk tutmaga synanyşan ençeme balykçynyň Türkmenistanyň serhet gullugy tarapyndan nyşana alnandygyny belleýär.

Eýranly balykçylaryň ýurduň demirgazygyndaky we günortasyndaky suwlarda goňşy ýurtlaryň serhet gulluklarynyň gaýtawuly bilen ýüzbe-ýüz bolmagy hakda häli-şindi diýen ýaly habarlar ýaýraýar.

Mysal üçin, üstümizdäki ýyl Pars aýlagynda bir eýranly balykçy Saud Arabystanynyň serhet goragçylary tarapyndan atylyp öldürildi. Şeýle-de, Saud Arabystanyny ençeme eýranly balykçyny tutup, olaryň dokuz sanysyny iki ýyldan soňra ýaňy golaýda türmeden boşatdy.

XS
SM
MD
LG