Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rohaniniň Türkmenistana etjek saparynyň öňýany türkmen serhetçileri ‘iki eýranly balykçyny atyp öldürdi’


Eýranyň ýarym-resmi ILNA habar agentligi Türkmenistanyň serhetçileriniň iki eýranly balykçyny ot açyp öldürendigini, ýene-de ikisini saklandygyny habar berdi.
Eýranyň ýarym-resmi ILNA habar agentligi Türkmenistanyň serhetçileriniň iki eýranly balykçyny ot açyp öldürendigini, ýene-de ikisini saklandygyny habar berdi.

Eýranyň ýarym-resmi ILNA habar agentligi Türkmenistanyň serhetçileriniň iki eýranly balykçyny ot açyp öldürendigini, ýene-de ikisini saklandygyny habar berdi. Bu barada Birleşen Ştatlaryň The Washington Post Beýik Britaniýanyň DailyMail ýaly abraýly neşirleri Associated Presse salgylanyp 22-nji martda habar berýär.

Çarşenbe güni, 21-nji martda peýda bolan habarda agzalýan hadysanyň sişenbe güni gije dört eýranly balykçy Hazar deňzindäki Eýranyň territorial suwlarynyň kenar ujunda balyk tutmaga girişende ýüze çykandygy mälim edilýär.

Habarda balykçylaryň şahsyýeti barada maglumat berilmeýär, ýöne balykçylaryň Eýranyň häkimiýetleriniň duýduryşlaryna ähmiýet bermändigi agzalýar.

Bander-Türkmen şäheriniň häkimi Ylýas Hywaçynyň 21-nji martda giçlik Eýranyň IRNA döwlet habar agentligine aýtmagyny görä, öldürilen balykçylaryň jesedi we tutulan beýleki iki balykçy häzir Türkmenistanda saklanýar.

Eýran resmisi Türkmenistanyň serhet gullugynyň bu hereketini “ýerliksiz” diýip atlandyryp, balykçylaryň biriniň gülle degen badyna ölendigini, beýlekisiniň hem düşen agyr ýara sebäpli soňra aradan çykandygyny bildirdi.

Associated Pressiň Eýranyň ýarym-resmi ILNA habar agentligine salgylanyp beren habarynda türkmen serhetçileriniň Eýranyň gaýyklaryna ot açmak hadysalarynyň soňky ýyllarda has-da ýygylaşýandygy ýazylýar.

IRNA habar agentligi türkmenistanly serhetçileriň bender-türkmenli balykçylara ot açmagy ozal hem bolmadyk zat däl diýip, soňky ýyllarda iki ýurduň arasyndaky suw serhetlerinde balyk tutmaga synanyşan ençeme balykçynyň Türkmenistanyň serhet gullugy tarapyndan nyşana alnandygyny belleýär.

Türkmen serhetçileriniň eýranly balykçylary atyp öldürmegi boýunça hadysa Eýranyň prezidenti Hassan Rohaniniň 27-nji martda Türkmenistana etjek resmi saparynyň öňýany bolup geçýär. Gürrüňi gidýän resmi sapar barada Eýranyň “Mehr” habarlar gullugy 19-njy martda maglumat berdi.

Ýöne beýleki bir tarapdan, “EurAsia Daily” neşirinde Eýranyň prezidenti Hassan Rohaniniň golaýda Türkmenistana resmi däl sapary amala aşyrandygy, türkmen lideri bilen Eýranyň prezidentiniň Aşgabadyň aeroportunda gysga duşuşyk geçirendigi öňe sürülýän habar peýda boldy. Neşir özüniň iki garaşsyz çeşmä tassykladyldy diýýän habarynda “Eýran prezidenti 15-nji martda Aşgabada sapar etmelidi” diýilýär.

15-nji martda prezident Berdimuhamedow Kuweýt döwletine we Birleşen Arap Emirliklerine resmi saparlary amala aşyrýardy.

Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda gaz dawalary boýunça çözülmedik wawwaly mesele bar. Ozalam mälim bolşy ýaly, iki ýurduň arasynda gazyň bahasy sebäpli oňşuksyzlyk döräp, Türkmenistan 2016-dan 2017-nji ýyla geçilen gije Eýrana akdyrýan gazyny togtatdy. Soňra 2017-nji ýylyň maý aýynda Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Hamid Reza Araki üç mesele boýunça, ýagny gazyň bahasy, gazyň gyşda birden kesilmegi bilen onuň Eýrana ýetiren zyýany we türkmen gazynyň hili boýunça Türkmenistany Halkara arbitraž suduna berjekdigini aýtdy.

Prezidentleriň öňe sürülýän duşuşygy baradaky habara dolanyp gelsek, “EurAsia Daily” neşiriniň Eýranyň prezidentiniň Aşgabada “jemgyýetçilige aýan edilmän amala aşyryldy” diýýän resmi däl sapary barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginden atlandyrylmazlygyny soran bir çeşme-de Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň beripdi. Şonda gürrüňdeşimiz Rohani bilen Berdimuhamedowyň golaýda, 15-nji martda Aşgabadyň halkara aeroportunda gysga duşuşyk geçirendigini, munuň jemgyýetçilige aýan edilmändigini öňe sürüpdi. Ýöne şonda Azatlyk bu habara şübheli garap, ikinji çeşmä-de tassykladyp bilmänsoň maglumaty çap etmekden saklandy.

Eýran, Türkmenistan, Azerbaýjan, Gazagystan we Orsýet Hazar deňziniň kanuny statusy bilen bagly meseleleri çözmek üçin çarçuwanyň ugrunda işläp gelýär.

Hazar deňziniň kanuny statusy boýunça konwensiýany taýýarlamak üçin degişli döwletleriň ýokary derejeli resmileriniň gatnaşmagynda “Ýörite iş topary” 26-njy fewral – 1-nji mart aralygynda Moskwada 50-nji gezek duşuşdy. 15-nji martda Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow “Şu ýyl Gazagystanda geçiriljek 5-nji sammitde Hazar deňzi boýunça Konwensiýa gol çekilmegi gaty ahmal” diýip, RIA Novosti habar gullugynda sitirlendi.

XS
SM
MD
LG