Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň metbugat wekili, Britaniýanyň daşary işler ministri Boris Jonsonyň Orsýetde geçirilýän Dünýä çempionatyny 1936-njy ýylda Nazi Germaniýasynda geçirilen Olimpiýadalar bilen deňeşdirmegini “kabul ederliksiz” we “ýürekbulanç” atlandyrdy.
“Bu durşy bilen ýürekbulanç gürrüň. Bu sözler şol ýurduň, aslynda islendik ýurduň, daşary işler ministrine gelişmeýär” diýip, 22-nji martda Dmitri Peskow aýtdy. “Gürrüňsiz, bu göwne degiji hem-de kabul ederliksizdir” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Adolf Gitleriň 1936-njy ýylda Olimpiýadalary gurnaýşy ýaly, Putiniň-de futbol boýunça ýaryşlary Orsýetiň imažyny güýçlendirmek üçin ulanmaga synanyşjakdygyny aýdan bir britaniýaly kanun çykaryjy bilen 21-nji martda Boris Jonson ylalaşdy.
Jonson: “Meniň pikirimçe bu deňeşdirme ýerlikli” diýip jogap beripdi.
Bu gürrüňler britaniýaly kanunçykaryjylaryň ozalky rus agentiniň Angliýada gyzy bilen zäherlenmegi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşýan wagty bolup geçýär.
Jonson Britniýanyň aýyplamalaryny gaýtalap, agzalýan hadysanyň arkasynda Putiniň hökümetiniň bardygyny aýtdy. Ol maglumatlary yzarlaberseň olar seni rus döwletiniň depesine alyp gidýär diýdi.
Orsýet özüniň bu meselä gatyşygyny ret edip, Sergeý Skripaly we onuň gyzy Ýulia Skripaly hassahana düşüren hüjümiň arkasynda ABŞ-nyň ýa-da Britaniýanyň özüniň bardygyny öňe sürmeginiň yzýany Boris Jonson çykyş etdi.
“Putiniň Dünýä çempionatynda ýeňiji bolan toparyň kapitanyna kubogy gowşurmagy; Putiniň bu çäreleri öz korrumpirlenen režiminiň üstüni ýapmak üçin PR çäreleri hökmünde ulanmagy; ynha şu pikirler meni gorkuzýar” diýip, Zähmet partiýasynyň parlamentdäki agzasy Ýan Austin aýtdy.
Bu sözlere Jonson “Gynansagam siz mamla, siz doly mamla!” diýip jogap berdi.
“Siziň Moskwadaky Dünýä çempionatynda bolup geçjek zatlara berýän häsiýetlendirmäňiz, dogry – hawa, muny 1936-njy ýyl bilen deňeşdirmek gürrüňsiz hakykata gabat gelýär” diýip, Jonson aýtdy.
Gitler 1933-nji ýylda hökümet başyna geçýär we ol 1936-njy ýylda Berline geçirilen Tomusky Olimpiýa oýunlaryny Nazi režimini propaganda etmek üçin ulanýar.
Orsýetiň daşary işler ministrligi Jonsonyň kommentariýlerini “kabul ederliksiz” atlandyrdy we Jonsonyň özüni “Orsýete garşy besleýän ýigrenç duýgularyndan zäherlenen” diýip häsiýetlendirdi.
16-njy martda Jonson Britaniýanyň “orsýetlilere garşy hiç hili nägileliginiň ýokdugyny” aýtdy we bu bolýan zatlaryň netijesinde “Rusofobiýa döremeli däl” diýdi.
“Biziň dawamyz Putiniň Kremli bilen” diýip, ol aýtdy we “Zäherli gazy Ikinji jahan urşundan soň ilkinji gezek Ýewropanyň köçelerinde ulanmagy Putiniň hut özüniň buýran bolmagy gaty ahmal” diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.
66 ýaşly Sergeý Skripal we onuň 33 ýaşly gyzy Ýulia 4-nji martda Angliýanyň günortasynda ýerleşýän Selizböri şäherindäki bir söwda merkeziniň öňündäki oturgyçda huşsuz ýagdaýda tapyldy. Ýulia şondan bir gün ozal kakasyny görmek üçin Moskwadan Britaniýa gelipdi.
Britaniýa olaryň Sowet döwründe oýlanylyp tapylan we “Nowiçok” atlandyrylýan zäherli jisim bilen zäherlenendigini aýdýar.