Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Skripalyň ýegeni öňki içalynyň aman galmagyna örän ujypsyz umydyň bardygyny aýtdy


Angliýanyň derňewçileri Salisberi şäherinde derňew işlerini geirýärler.
Angliýanyň derňewçileri Salisberi şäherinde derňew işlerini geirýärler.

Öňki rus içalysy Sergeý Skripalyň ýegeni Skripalyň we onuň gyzy Ýuliýanyň nerwleri ysmaz edýän hüjümden aman galmagy üçin örän ujypsyz şansyň, ýagny umydyň bardygyny aýtdy.

28-nji martda Wiktoria Skripal BBC neşiriniň Rus gullugyna beren maglumatynda, Skripalyň we onuň gyzynyň saglyk ýagdaýy baradaky çaklamalaryň “hakykatdanam gowy däldigini” aýtdy.

Britaniýa Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň hökümetini Skripallary öldürmek maksady bilen Sowuk urşy döwründe öndürilen we “nowiçok” diýip atlandyrylýan nerw maddasy bilen zäherlänlikde aýyplaýar.

“Meniň 99%-den 1 prosent umydym bar. Näme berlen bolsa-da, olaryň aman galmak ähtimallygy örän pes” diýip, Wiktoriýa Skripal BBC neşirine beren maglumatynda aýtdy.

Şeýle-de, ol Sergeý Skripal we onuň gyzy aman galsa-da, “olaryň ömrüniň ahyryna çenli inwalid, maýyp gajakdygyny” hem sözüniň üstüne goşdy.

Russiýada ýaşaýan Wiktoriýa Skripal bu waka barada daýysynyň gartaşan ejesine hiç zat aýtmaýandyklaryny hem nygtady.

Skripallaryň zäherlenmegi bilen bagly waka 30 çemesi ýurtdan we NATO-dan 150-den gowrak rus diplomatynyň çykarylmagyna getirdi. Bu rus diplomatlarynyň köpçülikleýin ýurtdan çykarylmagy bilen bagly häzire çenli bolan iň uly wakadyr.

66 ýaşly Sergeý Skripal we onuň 33 ýaşly gyzy Ýuliýa 4-nji martda Angliýanyň Salisberi şäherindäki oturgyçda, bihuş ýagdaýda tapyldy. Olaryň saglyk ýagdaýy häzirem agyr bolmagynda galýar. Şol wakadan bir gün öň, Ýuliýa kakasyny görmek üçin, Moskwadan Britaniýa barypdy.

28-nji martda Britan polisiýasy Sergeý Skripalyň we onuň gyzynyň nerwleri ysmaz edýän gaz bilen ilki Skripalyň Salisberidäki öýüniň öňünde zäherlenendigine ynanýandyklaryny mälim etdi. Derňewçiler Skripalyň öýüniň öňünde bu öldüriji himiki maddanyň uly möçberini tapdy.

Russiýa Skripallaryň zäherlenmegine gatnaşygynyň ýokdugyny aýdyp, 28-nji martda bu hüjümi Britaniýanyň öz gizlin gullyklarynyň amala aşyran bolmagy mümkin diýdi.

28-nji martda giçlik Russiýanyň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyndaky wekili Aleksandr Lukaşewiç Günbatar döwletleri tarapyndan rus diplomatlarynyň köpçülikleýin çykarylmagy “günäsi subut edilmedik ýurduň kollektiwleýin jezalandyrylmagynyň howply nusgasyny” döretdi diýdi.

Bu aralykda, 28-nji martda giçlik Lýuksemburg, Slowakiýa we Malta hem özleriniň Russiýadaky ilçilerini konsultasiýalar üçin yzyna çagyrýandyklaryny mälim etdiler.

“25 ýylyň dowamynda biz hiç haçan özümiziň Moskwadaky ilçimizi yzyna çagyrmandyk” diýip, Slowakiýanyň daşary işler ministri Miroslaw Lajçak “TASR” atly slowak döwlet habar agentligine beren maglumatynda aýtdy. Slowakiýa Ýewropa Bileleşigine goşulany bäri, Russiýa bilen dostlukly gatnaşygy saklap gelýär.

Russiýanyň parlamentiniň ýokary öýüniň spikeri Walentina Matwiýenko Moskwa diplomatlaryň ýurtdan çykarylmagyna gaýtawul berer diýdi.

“Gürrüňsiz, Russiýa diplomatik tejribe bolan simmetrik görnüşde gaýtawul berer we diplomatlaryň sany babatda hem deňligi saklar” diýip, Matwiýenko žurnalistlere beren maglumatynda aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň hökümeti tarapyndan aňtaw ofiserleri diýlip, 60 rus diplomatynyň ýurtdan çykarylmagyna gaýtawul bermek barada berlen soraga Russiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkow “ähli wariantlar stoluň üstünde” diýip jogap berdi.

2006-njy ýylda Moskwanyň harby kazyýeti rus harby razwedkasynyň hormatly dynç alyşdaky polkownigi Sergeý Skripaly Britaniýanyň gizlin maglumat gulluklaryna, has takygy, MI6-a syr bermekde aýyplap höküm çykarypdy. Ol Birleşen Ştatlarda saklanan 10 orsýetli agent, şol sanda Anna Çapman bilen 2010-njy ýylda çalşylan dört rus tussagyndan biridi.

XS
SM
MD
LG