Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa: Siriýa Damaskyň töweregindäki etraplaryň aglaba bölegine kontrollyk edýär


russian embassy damask
russian embassy damask

Orsýetiň Daşary ministri Sergeý Lawrow Siriýanyň we Orsýetiň güýçleriniň galan gozgalaňçylaryň aglabasyny gündogar Goutadan çykarandygyny we Damaskyň töweregindäki etraplaryň 90 prosentine hökümetiň kontrollyk edýändigini aýtdy.

Lawrow 29-njy martda Birleşen Milletler Guramasynyň Siriýa boýunça ýörite wekili Staffan de Mistura bilen geçen duşuşykdan soňra: “Häzirki ýagdaýda ýarym harbylaryň aglaba köplügi çykaryldy” diýdi.

“Gündogar Goutanyň 90 prosenti hökümet güýçleriniň kontrollygynda we raýat durmuşyny täzeden dikeltmek boýunça tagalla edilýär” diýip, Lawrow aýtdy.

Damaskyň töweregindäki etraplary kontrollyk astyna almak barada fewraldan bäri alnyp barlan hüjüm ýurduň iň uly şäheri Aleppo ele geçirileli bäri Orsýet bilen Siriýanyň gazanan iň uly ýeňşi bolsa-da, ol ýedi ýyl bäri barýan raýat urşunyň has gandöküşikli kampaniýalarynyň biridir.

Birleşen Milletler Guramasynyň adam hukuklary toparlary parahat ilatdan 1600-den agdyk adamyň ölendigini, müňlerçe adamyň hem açlykdan, sepillikden we medisina kömekleriniň ýetmezçiliginden kösenendigini aýtdylar.

Günbatar ýurtlary parahat ilatyň ejir çekmeginiň öňüni almak we gumanitar kömekleriň ýetirilmegine mümkinçilik döretmek üçin, atyşyklaryň bes edilmegi ugrunda tagalla etseler-de, 24-nji fewralda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi tarapyndan çykarylan kararnama ýol almady. Sebäbi Orsýet bilen Siriýanyň bombalama kampaniýasy weýrançylykly netijelere getirdi.

Urşa gözegçilik edýän toparlar gündogar Goutanyň 90 prosentden gowagynyň Siriýanyň ýaragly güýçleriniň eline geçendigini tassykladylar. Orsýetiň araçylyk etmegi bilen gozgalaňçylaryň çekilmegi barada gelnen ylalaşyklar oppozisiýanyň regiondaky güýjüni gowşatdy.

Şular ýaly ylalaşyklaryň ikisini üpjün eden Moskwa häzir gabawdaky iň soňky şäher Douma kontrollyk edýän gozgalaňçy topar Jaýş al-Yslama şäheri terk etmegi üçin basyş edýär.

29-njy martda Orsýetiň daşary işler ministriniň orunbasary Mihail Bogdanow Jaýş al-Yslam (Yslamyň Goşuny) bilen gepleşikleriň dowam edýändigini aýtdy. “Habarlaşmak üçin iş topary bar. Olar biz bilen habarlaşýarlar, hat ýazýarlar, telefon arkaly gürleşýärler, duşuşýarys” diýip, Orsýetiň RIA habar gullugynyň Bogdanowa salgylanyp beren habarynda aýdylýar.

Yslam goşunynyň metbugat wekili Ammar al-Hasan Siriýa bilen Orsýet toparyň söweşijileriniň demirgazyga çekilmegini talap edýändigini we olaryň bu talaby ret edendigini aýtdy.

Siriýanyň döwlet telekanalynyň bildirmegine görä, Siriýa hökümeti Yslam goşunyna şäheri terk etmegi üçin, üç gün möhlet berip, muny etmeseler, olaryň regiony arassalamak üçin niýetlenen “giň gerimli hüjümlere” uçrajakdyklaryny aýdypdyr.

Orsýetiň goranmak ministri Sergeý Şoýgu Moskwada de Mustura bilen gürleşeninden soňra gozgalaňçylaryň ilaty Goutadan äkidip barýan awtobuslarda janyndan geçen hüjümçileri ýerleşdirmäge synanyşandygyny aýtdy. Plandan habarly bolan ors harbylary hüjümi amala aşyrmagy mümkin adamlary ýaragsyzlandyrypdyrlar.

Şoýgu: “Janyndan geçen hüjümçiler aýallary, çagalary alyp barýan awtobuslarda özlerini partlatsalar, näme zadyň boljakdygyny göz öňüne getirmek aňsat” diýdi.

Şoýgu Orsýet bilen Siriýanyň geçen iki hepdäniň içinde parahat ilatdan jemi 130 müň adamy, şeýle hem 11 müň gozgalaňçyny gündogar Goutadan çykarandygyny aýtdy. Bu regiondan çykarylan adamlaryň aglabasy Siriýada gozgalaňçylaryň iň güýçli ýeri bolan we ýurduň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän Idlib welaýatyna getirilipdir.

XS
SM
MD
LG