Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Kemerowonyň gubernatory ýowuz ýangyndan soň wezipeden çekildi


Orsýetiň Kemerowo regionynyň gubernatory Aman Tulyýew

Orsýetiň Kemerowo regionynyň gubernatory söwda merkezinde dörän we 64 adymyň, şol sanda onlarça çaganyň başyna ýeten ýangyndan soňra, iş başyndan çekildi.

1-nji aprelde Sibir regionynyň administrasiýasy gubernator Aman Tulyýewiň “öz haýyşy boýunça” wezipeden çekilmek barada, Orsýetiň prezidenti Wladimir Putine arza berendigini aýtdy.

Belläp geçsek, Tulyýew 1944-nji ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň öňki Krasnowodsk häzirki Türkmenbaşy şäherinde doglandyr.

Tuleýew bilen onuň işgärleri pajyga barada görkezen sowuk-sala reaksiýalary, şol sanda dörän umumy gahar-gazaby syýasy opportunistleriň işi diýip häsiýetlendirendikleri sebäpli berk tankyt astyna düşüpdiler.

Regional administrasiýanyň web sahypasynda ýerleşdirilen wideoda, gubernator özüniň wezipeden çekilmeginiň “ýeke-täk dogry işdigini” aýdýar.

“Bular ýaly agyr ýük bilen gubernator bolup işlemek mümkin däl, ahlak taýdan mümkin däl” diýip, Tuleýew aýtdy.

Kreml Putiniň Tuleýewiň arzasyny kabul edip, gubernatoryň orunbasary Sergeý Siwilýowy wagtlaýyn bu wezipä belländigini bildirdi.

73 ýaşly Tuleýew kömür öndürýän bu regiona 1997-nji ýyldan bäri ýolbaşçylyk eden adam. Onuň iş başyndan çekilmegi regionyň merkezi Kemerowonyň Zimnaýa Wişnýa söwda merkezinde, 25-nji martda agşamara ýüze çykan betbagtçylykly ýangyndan birnäçe gün soňra yglan edildi.

Resmiler ölenleriň sanyny 64 diýip berdiler, bularyň 41-i çagalar. Şeýle hem 76 adamyň ýaralanandygy, olaryň 25 sanysynyň keselhana düşendigi aýdyldy.

Pida çekenleriň garyndaşlary degişli edaralara şikaýat bilen ýüz tutup, ýangyn söndürijileriň we beýlekileriň “tiz herekete geçmändigi” sebäpli ölenleriň sanynyň artandygyny aýtdylar.

Geçirilen derňewleriň deslapky netijelerinde, söwda merkezinde howpsuzlyk düzgünleriniň doly ýerine ýetirilmändigi bellenýär.

Pajyga bilen baglylykda ýedi adam, şol sanda ýerli jaý derňew gullugynyň başlygy, şeýle hem söwda merkezine eýeçilik edýän firmanyň bir müdiri tutuldy.

27-nji martda Kemerowonyň merkezine ýygnanan märeke gaharly protest geçirdiler. Olar resmileriň arasyndaky korrupsiýa nägilelik bildirip, “korrupsiýa öldürýär”, “hakykaty aýt” diýen şygarlar bilen çykyş etdiler. Şeýle hem ýangyn barada doly derňew geçirilmegi we Tuleýewiň iş başyndan kowulmagy talap edildi.

Putin bilen geçen duşuşykda gubernator ýygnanan adamlar diňe 200 çemesi, “bozgaklar” we “oppozision güýçler” syýasy maksatlar bilen galagoplyk döretjek bolýarlar diýdi.

Geçirilen üýşmeleňlerde Siwilýow aýal doganyny, aýalyny we üç çagasyny ýitiren adamy özüni ulaltjak bolýanlykda aýyplady.

28-nji marty tutuş ýurt boýunça matam güni diýip yglan eden Putin Kemerowo eden saparynda, 27-nji martda “günäkärleriň ählisi jezalandyrylar” diýip wada berdi.

Putiniň prezident ýa premýer-ministr bolup işlän 18 ýyllyk döwri heläkçilikli pajygalar bilen häsiýetlenýär. Bulara hem köplenç korrupsiýa bilen geleňsizlik sebäpkär edilýär.

Tankytçylar Putin Orsýeti Kremliň berk gysajyna almak üçin dürli çäreleri ýola goýsa-da, onuň pajygaly hadysalara we adam ýitgisiniň artmagyna getirýän korrupsiýa hem geleňsizligi kontrollyk astyna almagy başarmandygyny aýdýarlar.

Kemerowoda bolan ýangynda adam ýitgileri sebäpli Orsýetde matam yglan edilende, sport janköýerleri ölenleriň hatyrasyna 31-nji martda liga oýunlarynyň birinji ýarymynda tutuş ýurtda aýdym-saz etmezlik barada ylalaşdylar.

Spartak Moskwada janköýerler 28500 adamdan ybarat märekede, elde edilen plakatlar bilen pida çekenlere gynanç bildirdiler.

Bir plakatda: “Ene-atalar öz çagalaryny jaýlamaly bolmaly däl” diýen ýazgy bardy.

Öz topary Tosnony ýeňeninden soňra Spartak Moskwanyň kapitany Denis Gluşakow: “Birinji ýarymy oýnamak gaty kyn boldy, hemme ýer imi-salalykdy” diýdi.

Bu aralykda oppozision blogçy Mihail Swetow 1-nji aprelde Moskwadan Kemerowo baranda, aeroportda urlup, özüne haýbat atylandygyny aýtdy.

Blogçy özüne hüjüm eden 15 çemesi adamyň “aeroportyň işgärleri bilen doly utgaşykly hereket edendigini” özüni zor bilen indiki uçara mündürip, yzyna Moskwa iberendiklerini bildirdi.

Heläkçilikli ýangyndan soňra Kemerowonyň häkimiýetlerini tankytlan Swetow 1-nji aprelde “näme üçin hökümete ynam etmeli däl” diýen tema boýunça şäherde çykyş etmegi planlaşdyrypdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG