Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Günorta Koreýanyň öňki prezidenti 24 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi


Günorta Koreýanyň öňki prezidenti Park Geun-hye

Günorta Koreýanyň sudy ýurduň öňki prezidenti Park Geun-hyeni öz wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmakda we korrupsiýada günäli tapansoň, 24 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

Seulyň Merkezi etrap sudy bu baradaky karary 6-njy aprelde mälim etdi. Park öz wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmakda, parahorlykda, döwlet syryny syzdyrmakda we birinden bir zady gorkuzyp almakda günäli tapyldy.

Şeýle-de, 66 ýaşly Parka 18 milliard won, ýagny 16,8 million amerikan dollary möçberinde pul jerimesi hem alyndy.

“Tussagyň öz jenaýatlaryna berk jogapkär bolmagy gutulgysyzdyr. [Prezident] halk tarapyndan berlen wezipe ygtyýarlyklaryndan hyýanatçylykly peýdalandy we bu döwlet işlerinde haosyň döremegine getirdi” diýip, baş kazy Ki Se-ýun telewideniýede hak köpçüligine görkezilen sud diňlenişiginde aýtdy.

Park ýakyn dosty Çoý Sun-sil (Choi Soon-sil) bilen ylalaşyp, Çoý tarapyndan dolandyrylýan fondlara 72,3 million amerikan dollary möçberinde pul bermegi üçin konglomeratlaryň 18 sanysyna basyş etmekde hem günäli tapyldy.

Şeýle-de, iki zenan döwlet tarapyndan goldaw bermek şerti bilen biznes toparlaryndan para almakda günäli tapyldy. Park gizlin prezident resminamalaryny öz dostuna syzdyrmakda hem höküm edildi.

Park ähli aýyplamalary ret edip, özüniň “syýasy ar alşyň” pidasydygyny belleýär. Ol geçen ýylyň oktýabr aýyndan bäri sud diňlenişiklerini boýkot edip, suda gatnaşman gelýär.

Park Günorta Koreýada syýasy we biznes elita garşy gahar-gazaby döreden skandal bilen ilteşikli tussag edileni, has takygy 2017-nji ýylyň mart aýyndan bäri Seulyň golaýyndaky tussaghanada saklanýar.

Günorta Koreýanyň ilkinji zenan prezidenti Park ýurduň öňki prezidenti Park Çung-heeniň (Park Chung-hee) gyzydyr. Park Çung-hee 1979-njy ýylda öldürilmezden öň, 1960-1970-nji ýyllarda ýurdy demir ýumruk bilen dolandyrypdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG