Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan we Demirgazyk Koreýa özara gatnaşyklary aktiwleşdirmek zerur diýýärler


Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Aşgabat

Türkmenistanyň we Demirgazyk Koreýanyň daşary işler ministrleriniň 7-nji aprelde Aşgabatda geçirilen gepleşiklerinde ýurtlaryň özara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyna seredildi, taraplar olary mundan beýläk aktiwleşdirmegiň zerurdygyny mälim etdiler diýlip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi beýanatynda habar berilýär.

Resmi maglumatda aýdylyşyna görä, Türkmenistanyň we Demirgazyk Koreýanyň baş diplomatlarynyň Aşgabatdaky duşuşygynda taraplar hyzmatdaşlyk üçin özara bähbitli dürli ugurlary ösdürmek boýunça tekliplere seredipdir.

Şeýle-de, Reşit Meredowyň we Li Ýon Honyň duşuşygynda taraplar syýasy-diplomatik gatnaşyklary ösdürmäge özara gyzyklanma bildirip, iki ýurduň daşary syýasy edaralarynyň arasyndaky aragatnaşygyň roluny nygtapdyr, halkara hyzmatdaşlygy ugurdan halkara guramalarynyň çäginde, şol sanda regional we halkara parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek meselesi boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň zerurlygyny belläpdir.

Demirgazyk Koreýa ýadro ýaragy programmasyny ösdürmegi we raketa synaglaryny yzygiderli amala aşyrmagy üçin halkara sanksiýalary bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

1992-nji ýylyň ýanwar aýyndan bäri diplomatik gatnaşyklaryny saklaýan Türkmenistan we Demirgazyk Koreýa dünýäniň iň repressiw režimleriniň hatarynda agzalýar.

Halkara guramalarynyň ýyllyk hasabatlarynda bellenişine görä, Türkmenistan we Demirgazyk Koreýa adam hukuklaryny we raýat azatlyklaryny dünýä derejesinde iň ýowuz depelemekde ýyllarboýy öňde barýar.

XS
SM
MD
LG