Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zäherlenen Ýuliýa Skripal keselhanadan çykaryldy


Ýuliýa Skripal
Ýuliýa Skripal

Orsýetiň öňki içalysynyň zäherlenen gyzy Ýuliýa Skripal Angliýanyň Salisberi şäheriniň keselhanasyndan çykaryldy.

“Ýuliýa Salisberiniň etrap keselhanasyndan çykaryldy” diýip, 10-njy aprelde keselhananyň medisina direktory Kristine Blanşard bir beýanatda aýdyp, onuň kakasynyň-da “gowy ilerleýiş” edendigini bildirdi.

Blanşard soňra hem: “Bu bejerginiň soňy däl, ýöne uly öňegidişligiň alamaty” diýip, sözüniň üstüne goşdy.

BBC ondan ozal 33 ýaşly Ýuliýanyň 9-njy aprelde keselhanadan çykarylyp, bir howpsuz ýere äkidilendigini habar beripdi.

Orsýetiň Londondaky ilçihanasy bir tweetde saglygynyň dikelmegi mynasybetli Ýuliýa Skripala gutlag aýdyp: “Indi bize oňa näme edilse-de, öz erkin meýline edilýändigi hakda gyssagly subutnama gerek” diýdi.

Ýuliýa Skripal bilen onuň 66 ýaşly kakasy Sergeý Skripal 4-nji martda günorta Angliýanyň Salisberi şäherinde bir oturgyçda bihuş ýagdaýda tapyldylar. Soňra olaryň nerw toksini bilen zäherlenendigi kesgitlendi.

5-nji aprelde polisiýa Ýuliýa Skripala salgylanyp çykaran beýannamasynda, onuň saglygynyň “gün-günden” gowulaşýandygyny we sagalýança birahat edilmezligini haýyş edendigini bildirdi.

10-njy aprelde Blanşard: “Ýuliýa media tarapyndan birahat edilmezligini sorady. Men onuň şol haýyşyny gaýtalamak isleýärin” diýdi.

Ol Sergeý Skripalyň-da indi agyr ýagdaýda däldigini we “gowy ilerleýiş” edendigini aýtdy.

Blanşard: “Ol Ýuliýa ýaly çalt aýak üstüne galmasa-da, biz ol-da keselhanany basym terk edip biler diýip umyt edýäris” diýdi.

Ýagdaýyň seresaplylygy talap edýändigi we Moskwa bilen Günbataryň ozaldan hem dartgynly bolan gatnaşyklaryna düýpli zyýan ýetirendigi sebäpli, britan hökümeti Ýuliýa Skripalyň nirededigini gizlin saklar diýip çaklanýar.

Britaniýa Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň hökümetini Skripallary Sowet Soýuzynda öndürilen ‘nowiçok’ diýip atlandyrylýan harby derejedäki himiki madda bilen öldürmäge synanyşanlykda aýyplaýar.

Orsýet zäherleme işinde eliniň bardygyny inkär etse-de, Günbataryň ýigrimiden agdyk ýarany Orsýetiň 150-den gowrak diplomatyny öz ýurtlaryndan kowdular. Moskwa hem birnäçe gün soňra muňa şol sandaky diplomatlary çykarmak bilen jogap berdi.

XS
SM
MD
LG