Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG-niň baş sekretary Siriýadaky urşy güýçlendirmezlige çagyrdy


BMG-niň baş sekretary Antonio Guterres
BMG-niň baş sekretary Antonio Guterres

Prezident Donald Tramp Siriýanyň ýarany Orsýete raketa zarbalaryna “taýýarlan” diýeninden birnäçe sagat soňra, Birleşen Milletler Guramasynyň başlygy, şeýle hem Amerikanyň öňki prezidentleriniň biri Siriýa urşunyň kontrollykdan çykmagy mümkin diýip duýduryş berdiler.

Birleşen Milletler Guramasnyň baş sekretary Antonio Guterres “häzirki çykgynsyz ýagdaýyň töwekgelçilikleri hakda öz çuň aladamy gaýtalamak üçin” bu guramanyň Howpsuzlyk Geňeşiniň weto hukukly agzalary bolan Birleşen Ştatlaryň, Britaniýanyň, Fransiýanyň, Orsýetiň we Hytaýyň ilçilerini maslahata çagyrdym diýdi.

Guterres olara “ýagdaýyň kontrollykdan çykmagyna getirmegi mümkin hereketden saklanmagyň zerurdygyny” aýdypdyr.

Bu aralykda ABŞ-yň öňki prezidenti Jimmi Kartar “Associated Press” habar gullugyna beren interwýusynda “ýurdumyzy asudalykda sakla, Demirgazyk Koreýadan gelýän kynçylyklary Orsýetde ýa Siriýada artdyrma, ýa ýaramazlaşdyrma” diýip, Trampa çagyryş etdi.

93 ýaşly öňki prezident himiki ýaraglar bilen edilen gümanly hüjüme jogap edip, Trampyň aýdýan adaty raketalarynyň-da, iki ýadroly güýç ara goşulan halatynda, hatda bir gezek hem ulanylmagynyň “howply zat” bolmagy mümkin diýdi.

“Meniň edişim we beýleki prezidentleriň edişi ýaly, haýsy hem bolsa bir atom çaknyşygynyň tutuş adamzat üçin betbagtçylykly bolmagynyň mümkindigine ol düýpli düşünýändir diýip umyt edýärin” diýip, Karter AP habar gullugyna aýtdy.

Orsýetiň ýokary derejeli resmileriniň käbiri, şol sanda Moskwanyň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisi-de seresaplylyga çagyryp, “agyr” netijeler hakda duýduryş berdiler. Iki tarapyň-da beýleki uly derejeli resmileri bolsa özleriniň “sagdyn düşünje” üstün çykyp, ýagdaýyň kontrollykdan çykmagynyň öňi alnar diýip, umyt edýändiklerini aýtdylar.

11-nji aprelde Tramp Douma şäherinde himiki ýaraglar bilen edilen hüjüm diýip güman edilýän we 7-nji aprelde parahat ilatdan azyndan 43 adamyň heläklenmegine getiren waka jogap hökmünde, basym Siriýa raketaly zarba urulmagynyň mümkindigini aýtdy.

Orsýet bilen Siriýa himiki ýaraglaryň ulanylandygyny inkär edip, Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň güýçlerine we obýektlerine urlan raketaly zarbalara şol görnüşde jogap beriljekdigini aýtdylar.

Tramp Twitterde “Orsýet Siriýa atylan her bir we ähli raketalary atyp gaçyrjakdygyny aýdýar. Taýýarlan Orsýet, raketalar basym gelerler, owadan, täze we ‘akylly’. Sen öz halkyny gaz bilen öldürip, oňa begenýän haýwan bilen ýaran bolmaly däldiň” diýip ýazdy.

Orsýetiň daşary işler ministrligi hem Trampyň tweetine “akylly raketalar terroristlere atylmaly”, Siriýanyň “kanuny hökümetine däl” diýip jogap berdi.

Soňra Ak tamyň sözçüsi Sarah Sanders milli howpsuzlyk toparynyň 11-nji aprelde duşuşyp, Siriýadaky gümanly himiki hüjüme jogap barada “birnäçe mümkinçiligi” ara alyp maslahatlaşandygyny aýtdy.

Sanders žurnalistlere: “Biz bu mümkinçilikler hakda pikir alyşýarys, bu barada gutarnykly karara entek gelnenok” diýdi.

Ol soňra hem Waşingtonyň bu işe Orsýet bilen Siriýany jogapkär edýndigini aýtdy. Amerikanyň, Fransiýanyň we Britaniýanyň güýçleriniň Ortaýer deňziniň gündogar böleklerinde suwasty gämilerini we beýleki raketa atyjylary ýerleşdirmegi Siriýa uzakdan zarba urmaga taýýarlyk görülýäne meňzeýär. Tramp bu iki ýurduň ýolbaşçylary bilen öwran-öwran pikir alyşdy.

11-nji aprelde Londonda Britaniýanyň premýer-ministri Teresa Meý ähli esaslar “bu aýylganç we wagşylarça herekete” Siriýa hökümetiniň jogapkärdigini görkezýär. Bu gaýtawulsyz galyp bilmez diýdi.

Bu aralykda Moskwa bilen Damask gümanly himiki hüjümleriň geçirilen ýeri bolan Doumany Siriýa hökümetiniň öz kontrollygyna doly geçirendigini aýtdylar. Gündogar Goutada bolan bu şäher ençeme ýyl bäri oppozisiýanyň elindedi.

“Şu gün Siriýanyň taryhynda bir uly waka boldy. Douma şäherinde bir binanyň depesinde [Syriýa] baýdagynyň ýerleşdirilmegi bu şähere we netijede tutuş gündogar Gouta kontrollyk edilýändigini görkezdi” diýip, orsýetli general maýor Ýuriý Ýewtuşenko 12-nji aprelde aýtdy.

Onuň bu aýdýanlary garaşsyz çeşmeler tarapynda entek tassyklananok.

Merkezi Londonda ýerleşýän Siriýada adam hukuklary boýunça gözegçi topar hökümetiň tarapyny çalýan güýçleriň tutuş Siriýada aeropotlary we harby bazalary boşadýandygyny bildirdi.

“Reuters” habar gullugynyň maglumatynda hem Siriýanyň harbylarynyň mümkin raketa zarbalaryndan goranmak üçin, harby howa desgalaryny başga ýerlere geçirýändigi aýdylýar.

11-nji aprelde Eýranyň ýokary lideriniň geňeşçisi Ali Akbar Welaýaty Tähran “ähli daşary ýurt agressiýalaryna garşy Siriýa hökümetiniň tarapynda durar” diýdi. Eýran Siriýanyň esasy ýaranlarynyň biridir.

Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşi 12-nji aprelde duşuşyp, Siriýa sebäpli dörän ritorikanyň güýçlenmegi we birtaraplaýyn harby hereketleriň salýan howpy barada maslahat geçirer.

XS
SM
MD
LG