Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ we ýaranlary Siriýa howa zarbasyny urdular


Fransiýanyň harby gämisinden Siriýa tarap raketa uçurylýar.
Fransiýanyň harby gämisinden Siriýa tarap raketa uçurylýar.

ABŞ özüniň ýaranlary Fransiýa we Britaniýa bilen 14-nji aprel güni irden Siriýa garşy howa hüjümini amala aşyrdy. Bu geçen hepde Siriýanyň edendigi çaklanylýan himiki hüjümine jogap hökmünde geçirilen çäre boldy.

Читайте также на русском

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp harby çäräniň başladylýandygyny Ak Tamdan yglan etdi. Ol munuň geljekde şunuň ýaly köpçülikleýin gyryş ýaraglarynyň ulanylmagynyň öňüni almaga gönükdirilendigini aýtdy.

Tramp Siriýanyň prezidenti Başar al-Assady “eýmenç”, “jenaýatçy” we “ganojak diktator” diýip, atlandyryp, onuň 7-nji aprelde Douma şäherine amala aşyrylan zäherleýji gazly hüjüm üçin “uly bahany tölejekdigini” aýtdy. Şol hüjümde parahat ilatdan 43 adam ölüpdi.

Fransuz uçarlary Siriýa zarba urmazdan öň howa galýar
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:01 0:00

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky harby çäräni ýazgaryp, ony “özygtyýarly döwlete garşy amala aşyrylan aggresiýa akty” diýip, atlandyrdy.

Şeýle-de, Putin Russiýanyň BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň gyssagly sessiýasyny çagyrýandygyny hem mälim etdi.

Eýranyň Daşary işler ministrligi bu hüjümi berk ýazgaryp, onuň “sebitleýin netijeleriniň” boljakdygyny aýtdy.

Siriýanyň telewideniýesi ýurduň howa hüjüminden goranyş goşunlarynyň zarbalara jogap berendiklerini habar berdi. Bu aralykda, ABŞ-nyň goranmak sekretary Jim Mattis ABŞ-nyň nähilidir bir ýitgileri çekendigi barada maglumatlaryň ýokdugyny aýtdy. Siriýanyň harbylary 13 raketany urup, düşürendiklerini aýtdylar.

ABŞ-nyň generaly Jozef Dundord hüjümleriň esasy nyşanalarynyň Siriýanyň günbatarynda himiki ýaraglary özleşdirmek we döretmek üçin niýetlenen üç merkeziň bolandygyny mälim etdi.

Tramp Siriýa garşy howa hüjümini yglan edýär
please wait

No media source currently available

0:00 0:02:05 0:00

Tramp özüniň çykyşynda hüjümleriň esasy maksadynyň himiki ýaraglaryň ulanylmagynyň öňüni almak bolandygyny aýtdy.

Trampyň çykyşyndan bir sagat çemesi soň, Pentagon ýüze golaý raketa urgularynyň amala aşyrylandygyny, şeýle-de ABŞ-nyň we onuň ýaranlarynyň hataryndan nähilidir bir ýitgileriň bolandygy barada hiç hili maglumatlaryň ýokdugyny mälim etdi.

Britaniýanyň Goranmak ministrligi ilkinji yşaratlardan çen tutulsa, nyşanalary ýok etmekde hüjümleriň “şowly” bolandygyny aýtdy. Siriýanyň resmileri parahat ilatdan we harbylaryň hataryndan hem ýitgileriň bolandygyny aýtdylar.

Mattis başga hüjümleriň göz öňünde tutulmaýandygyny, şeýle-de geljekki harby çäreleriň Siriýanyň himiki ýaraglary ulanyp-ulanmajakdygyna bagly boljakdygyny belledi.

Russiýanyň Goranmak ministrligi raketalaryň hiç biriniň Russiýanyň Siriýadaky harby we howa bazalarynyň golaýyna urulmandygyny mälim etdi.

Şeýle-de, Ministrlik ABŞ-nyň we onuň ýaranlarynyň atan raketalarynyň aglabasynyň Siriýa hökümetiniň howa hüjüminden goranyş ulgamy tarapyndan zelelsizlendirilendigini öňe sürdi.

Tramp Russiýa we Eýrana ýüzlenip, Assadyň “ganojak” we “aýylganç režimini” goldamagy bes etmäge çagyrdy.

XS
SM
MD
LG