Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gyrgyz prezidenti hökümeti dargatdy


Gyrgyzystanyň prezidenti Sooronbaý Jeenbekow

Gyrgyzystanyň prezidenti Sooronbaý Jeenbekow parlamentiň hökümete bildiren ynamsyzlyk sesinden soň, ýurduň hökümetini dargatdy.

Mundan öň, gyrgyz parlamenti premýer-ministr Sapar Isakowyň hökümetine garşy ynamsyzlyk sesini bildiripdi. Munuň ýurduň ozalky prezidenti Almazbek Atambaýew bilen häzirki baştutany Sooronbaý Jeenbekowyň arasyndaky barýandygy aýdylýan häkimiýet ugrundaky dawanyň fonunda bolup geçýändigine üns çekilýär.

Gyrgyz konstitusiýasyna laýyklykda, soňky, ýagny hökümeti boşatmak ýa-da parlamentiň netijesini ýatyrmak, kararyny Jeenbekow kabul etmelidi.

Parlamentde hökümete ynamsyzlyk sesini bildirmek taslamasy oppozisiýa syýasatçylary tarapyndan hödürlenip, ol 120 sesiň 105-i tarapyndan goldanyldy.

Atambaýew geçen noýabrda häkimiýetden çekilenden soň, ençeme aýlap uly çykyşlary etmändi. Emma, ol 31-nji martda häkimiýet başyndaky Sosial Demokratik partiýanyň ýolbaşçylygyna saýlanandan soň, Jeenbekowy ençeme ýagdaýda tankytlapdy.

39 ýaşly Isakow Atambaýewiň ýakyn ýaranlarynyň biri bolup, ol awgustda gyrgyz hökümetiniň başyna geçipdi.

Apreliň başlarynda Jeenbekow Atambaýewiň ýakyn ýaranlaryndan ýene-de ikisini, ýagny milli howpsuzlyk boýunça döwlet komitetiniň başlygy Abdil Sergizbaýewi we baş prokuror Indira Joldubaýewany wezipelerinden boşadypdy. Ol oppozisiýa syýasatçylaryna we garaşsyz žurnalistlere basyş etmekde hem tankytlanypdy.

Merkezi Aziýanyň 6 million ilatly Gyrgyzystany 1991-nji ýylda garaşsyzlygyna eýe bolupdy. Ýurtda syýasy dawalar 2005-nji we 2010-njy ýyllarda gazaply aýak galmalara getiripdi.

Atambaýew prezident saýlawlary döwri Jeenbekowy goldan hem bolsa, üstümizdäki aýda ony tankytlap başlady. Munuň häkimiýet ugrundaky dawa çalym edýändigi bellenilýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG