Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýerewanda dowam edýän protestlerde has köp demonstrant tussag edildi


Ýerewanda protest geçirýän demonstrant. 19-njy aprel, 2018 ý.
Ýerewanda protest geçirýän demonstrant. 19-njy aprel, 2018 ý.

Ýerewanda ozalky prezident Serž Sarkisýanyň ýurduň premýer-ministri wezipesine saýlanmagyna garşy protestler dowam edýär. 20-nji aprelde azyndan 65 adam tussag edildi.

Anna güni ir bilen ýüzlerçe demonstrant paýtagyň köçelerine çykdy. Ermenistanda Sarkisýanyň häkimiýeti öz elinde saklamaga synanyşýandygy aýdylyp, adamlar sekiz gün bäri protest geçirýärler.

Protestlere oppozisiýa syýasatçysy Nikol Paşinian ýolbaşçylyk edýär. Ol 19-njy aprel güni giçlik müňlerçe demonsranta ýüzlenip, şäheriň köçelerini petiklemegi dowam etdirmäge çagyrdy.

Ermeni polisiýasynyň metbugat-edarasy Ýerewanda köçe hereketini petiklän oppozisiýasynyň tarapdalarynyň tussag edilendigini mälim etdi.

“Kanuna laýyklykda, polisiýa düzgün-tertibi we jemgyýetçilik asudalygyny bozýan adamlary polisiýa edarasyna äkitmegini dowam edýär” diýip, polisiýanyň sözçüsi Aşot Agaroniýan aýtdy.

Şäherde ýaş aktiwististleriň, talyplaryň we oppozisiýanyň tarapdarlarynyň wekilleri ýöriş geçrip, köçeleri petiklediler.

19-njy arpelde ýurduň prezidenti Armen Sarkisýan taraplary dialoga çagyrdy. Şol gün polisiýa bilen gapma-garşylykda 120 töweregi demonstrant tussag edilipdi.

ABŞ taraplary gazaplylykdan gaça durmaga çagyrdy. Russiýa hem kanunlaryň bozulmaly däldigini nygtady.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Demokratik Institutlary we Adam hukuklary boýunça edarasynyň direktory Ingibjorg Solrun Gisladottir ermeni resmilerine ýüzlenip, adamlaryň parahatçylykly ýygnanyşmak hukukgyny goramaga çagyrdy.

Ermenistanyň parlamenti Serž Sarkisianyň prezidentlik möhletiniň tamamlanmagyndan 8 gün geçensoň, 17-nji aprelde parlamentde geçirilen ses berişlikde Sarkisýan sesleriň 76-17 gatnaşygy bilen premýer-ministr wezipesine saýlandy. Şeýle-de parlament Serž Sarkisýanyň öz saýlan mirasdüşeri Armen Sarkisýany prezident wezipesine mynasyp gördi.

Serž Sarkisýan 3 million ilatlyk Ermenistanda ilkinji gezek 2008-nji ýylda prezidentlige saýlandy we iki möhletiň dowamynda ýurdy dolandyrdy. Ol Orsýet bilen ýyly gatnaşyk saklady.

2015-nji ýylda geçen referendumda Ermenistan özüniň hökümet formasyny üýtgedip, premýer-ministriň ygtyýarlygyny güýçlendirip, prezidentiň güýç-gudratyny çäklendirdi. Sarkisýan referendum arkaly parlamentar sistema geçen Ermenistanda özüniň premýer-ministrlik wezipesine dalaş etmejekdigini wada beripdi. Paşinian bilen beýleki oppozision ýolbaşçylar Sarkisýany wadasyndan dänmekde aýyplaýar.

Parlamentde köplügi düzýän Ermenistanyň respublikan partiýasy (RPA) bilen Ermenistanyň rewolýusion federasiýasy (Daşnaksuýun) apreliň Sarkisýany bir agyzdan premýer-ministrlik wezipesine kandidat hödürläpdiler. Protest çäreleri 13-nji aprelde başlandy.

XS
SM
MD
LG