Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşoguzda hususy traktor eýeleri mejbury, mugtuna işledilýärler


Üsti pagtaly traktor. Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty.

Daşoguzda başlanan gowaça ekiş möwsüminiň çäginde, ýerli resmiler tehnika ýetmezçiligi sebäpli, hususy hojalyklardaky traktorlary mejbury ýagdaýda, gowaça meýdanlarynda işledip başladylar.

“Daýhan birleşikleri hususy traktorlaryň diňe dizel ýangyjyny berýär. Iş hakyny, ätiýaç şaýlaryny bermezden, ‘ýurduň ösmegini isläňokmy’ diýen bahanlar bilen gorkuzyp işledýärler” diýip, Akdepe etrabyndan bir hususy traktoryň eýesi Resul gürrüň berdi.

Resul tehnika ýetmezçiligi sebäpli, ekiş wagtynyň yza süýşýändigini, netijede, tapdan çykan, guran topraga ekilen çigidiň gögermeýändigini aýdýar.

“Akdepe etrabynda jemi alty sany sürüm traktory bar. Olaram kadaly işlemeýär, häli-şindi sandan çykyp dur. 12 sany daýhan birleşikde 30 müň gektar ýeri sürmeli bolsa, onda gowaça ekişi iýun aýynda hem gutarmaýar” diýip, Resul belledi.

Bu aralykda, iş haky berilmän işledilýän hususy traktor eýeleriniň arasynda tehnikalaryny ‘geçen ýerine satyp’, eklenç gözleginde daşary ýurtlara gitmek isleýänleriň barha köpelýändigine-de üns çekilýär.

“Ýylyň-ýylyna ýarym hakyna, indi bolsa külli mugtuna işläp ýadadyk. Onsuzam bu bir möwsümleýin iş. Käbirleri bizar bolup, traktorlaryny satyp, daşary ýurda işlemäge gitdiler” diýip, Resul sözüne goşdy.

Bu aralykda, Azatlyk Radiosynyň Daşoguzdaky çeşmesi gowaça ekişiniň 28-nji martda başlanmagyna garamazdan, welaýatyň gowaça ekilmeli meýdanlaryna tutulmaly ýuwuş suwunyň ençeme hepde gijikdirilip berlip başlanandygyny habar berdi.

Ýerli synçylar we Azatlyk Radiosynyň regionlardaky çeşmeleri bu ýyl ekerançylyk ýaplaryna suw goýberilmeginiň öňki ýyllardaka garanda gijikdirilýändigini, baryp fewralyň başynda habar berdiler.

“Fewralyň birinden öň ýaplara ‘gyzyl suw’ atly suw gelerdi, emma bu ýyl suw şu wagta çenli gelenok, adamlar işiklerinde ýere kakylan skwažinalar bilen melleklerini suwarýarlar, sebäbi ýerleri suwarmaly wagt geldi” diýip, Azatlygyň Daşoguzdaky çeşmesi 8-nji fewralda aýdypdy.

Geçen ýyl Türkmenistanda 1 million 50 müň tonna pagta hasylynyň ýygnalandygy habar berildi. Emma muňa garamazdan, prezident Berdimuhamedow pagta ýygymynyň depgininiň haýallygyndan, ençeme gezek nägilelik bildirdi we bu basyş ýerlerde mekdep mugallymlarynyň we esgerleriň hem pagta ýygymyma çekilmegine alyp geldi.

Galyberse-de, Daşoguzda geçen ýylky pagta planyny dolup bilmedik daýhanlar prokuratura çagyrylyp, olara garşy derňew işleri hem gozgalypdy. Prokuraturanyň soragyndan soň, döwlete bergisi bolan kärendeçileriň işleri suda geçirilip, ol ýerde puly mejbury ýagdaýda tölemelidigi barada höküm çykarylypdy; töläp bilmedik daýhanlaryň bolsa, öýündäki goşlary konfiskasiýa edilip, döwletiň haýryna geçirilipdi.

Hukuk goraýjy, şol sanda “Cotton Campaign” topary türkmen häkimiýetlerini pagta ýygymy bilen baglylykda, mejbury zähmeti giňden ulanmakda tankyt edýärler.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG