Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşoguzda ýuwuş suwlary iki aý gijikdi, Aşgabatda ýüzärlik tütedilip, ösüş dilendi


Daşoguz, şor ýerler.
Daşoguz, şor ýerler.

Azatlygyň Daşoguzdaky çeşmesi, gowaça ekişiniň başlanmagyna garamazdan, welaýatyň gowaça ekilmeli meýdanlaryna tutulmaly ýuwuş suwunyň ýaňy berlip başlanandygyny habar berýär.

Mälim bolşy ýaly, gowaça ekişi Daşoguzda beýleki welaýatlardakydan biraz giç, 28-nji martda başlandy we, adatça bolşy ýaly, prezident G.Berdimuhamedow ekişiň başlanmaly gününi kesgitlände ýene bir gezek agrotehniki kadalaryň berk berjaý edilmelidigini ýatlatdy.

Ýerli synçylar we Azatlygyň regionlardaky çeşmeleri bu ýyl ekerançylykýaplaryna suw goýberilmeginiň öňki ýyllardaka garanda gijikdirilýändigini baryp fewralyň başynda habar berdiler.

“Fewralyň birinden öň ýaplara ‘gyzyl suw’ atly suw gelerdi, emm bu ýyl suw şu wagta çenli gelenok, adamlar işiklerinde ýere kakylan skwažinalar bilen melleklerini suwarýarlar, sebäbi ýerleri suwarmaly wagt geldi” diýip, Azatlygyň Daşoguzdaky çeşmesi 8-nji fewralda aýtdy.

Geçen ýyl Türkmenistanda 1 million 50 müň tonna pagta hasylynyňýygnalandygy habar berildi. Emma muňa garamazdan, prezident Berdimuhamedow pagta ýygymynyň depgininiň haýallygyndan ençeme gezek nägilelik bildirdi we bu basyş ýerlerde mekdep mugallymlarynyň we esgerleriň hem pagta ýygymyma çekilmegine alyp geldi.

Hukuk goraýjy toparlar türkmen häkimiýetlerini pagta ýygymy bilen baglylykda mejbury zähmeti giňden ulanmakda tankyt edýärler.

Ikinji tarapdan, döwletiň berýän pagta we galla planlary, sowet oba hojalyk praktikasynyň saklanyp galynmagyýurduň gök, bakja we miwe önümleri meselesinde daşary ýurtlara garaşly bolmagyna alyp gelene meňzeýär, bu ýagdaý döwlet baştutanynyň geçen bir ýylyň dowamynda oba hojalyk ýolbaşçylaryny tankytlap aýdýan sözlerinde hem tassyk bolýar.

Adynyň aýdylmazlygyny soran ozalky agronomyň tassyklamagyna görä, Türkmenistanda häzirki şertlerde mejbury zähmeti ulanman, oba ilatyny ezmän, ýerleri zaýalamagy dowam etmän döwletiň talap edýän pagta hasylyny öndürmek mümkin däl. Şeýle-de ol, goňşy ýurtlardan gelýän suw serişdeleriniň barha azalmagyna garaşylýandygyny, Türkmenistanyň öz oba hojalygyny şu ýagdaýlary nazarda tutup özgertmelidigini belledi.

Gepiň gerdişine aýdylsa, Türkmenistanyň ozalky prezidenti S.Nyýazow 2002-nji ýylda ýurda zerur 500 müň tonna pagtanyň hem ýygnalyp bilinmändigini boýun aldy.

Azatlyk radiosy bilen gürleşen daýhanlaryň köpüsi oba hojalygyndaky ýagdaýyň Berdimuhamedowyň döwründe hem kän üýtgemändigini aýdýarlar. Şol bir wagtda-da häzirki hökümet öňki hökümetiň reallyklylary nazara alman dokma fabriklerini gurmak praktikasyny dowam etdirýär. Mysal üçin, prezident Berdimuhamedow 19-njy fewralda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda iri dokma toplumynyň gurulmagy baradaky karara gol çekdi.

Türkmenistan geçen ýyl ilata berilýän mugt suw praktikasyndan el çekdi, ýöne bu ekerançylyk meýdanlaryna hasapsyz kowulýan suwuň azalmagyna täsir ýetirermi ýa ýetirmez, ýer-suwa haçan has jogapkärçilikli eýe tapylar, bular entek belli däl.

Ýerli synçylaryň, şol sanda ýazyjy Amanmyrat Bugaýewiň tassyklamagyna görä, soňky ýyllarda Garagum kanalyny barha kän gyrmança basýar, emma ony arassalamak işleri juda gowşak alnyp barylýar, gyş aýlary suw toplanýan Hanhowuz, Gökdepe suw howdanlary bolsa, esasan ekerançylyk üçin niýetlenen hem bolsa, bu ähmiýetini ýitirip barýar, olarda indi balyklçylyk hojalyklary döredildi.

Şu aralykda türkmen mediasy prezident Berdimuhamedowyň “John Deere” kompaniýasynyň oba hojalyk we bag-seýilgäh enjamlary bölüminiň ýolbaşçysy Markwart fon Pentsi kabul edendigini, ýurduň Oba hojalyk uniwersitetinde myhmanyň hormatyna aýdym-sazly dabara gurnalandygyny habar berdi.

“Hormatly ýaşulular we kümüş saçly eneler... täze traktora ak un sepip, onuň ruluna alaja daňdylar. Häzirki zaman oba hojalyk tehnikasyna ýüzärlik tütedip, dabara gatnaşyjylar... Türkmenistanyň gülläp ösmegini dileg etdiler” diýip, TDH-nyň habarynda aýdylýar.

XS
SM
MD
LG