Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bazarlarda Samsung, iPhone, LG, Sony we ş.m. telefonlaryň satuwy çäklendirilýär


Marydaky kompýuter we mobil telefonlary dükany.
Marydaky kompýuter we mobil telefonlary dükany.

Daşoguzyň bazarlarynda Samsung, iPhone, LG, Sony we şuňa meňzeş meşhurlyga eýe bolan telefonlaryň we kompýuter enjamlarynyň satuwy çäklendirildi diýip, 27-nji aprelde çeşme demirgazyk welaýatyndan habar berdi.

Şol sebäpden, agzalýan enjamlaryň welaýatyň administratiw merkezindäki “Baş bazarda” gytalandygyny aýdan çeşme, “ýöne seýrek bolsa-da tapdyrýar” diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.

Täze gadagançylygyň girizilen wagty we munuň mümkin bolan sebäpleri bilen gyzyklanandygyny aýdan çeşme: “Bu gadagançylyk şu ýylyň ýanwar aýynda girizilipdir... Telefon satýan we bejerýän onlarça adamdan soradym. Olar bu telefonlarda bar bolan mümkinçilikleriniň Ýörite gulluklarda närahatlyk döredendigini aýtdylar” diýip, gürrüň berdi.

Gowşan habarda telefon ussalarynyň sözlerine salgylanylyp, agzalýan enjamlar arkaly adamlaryň petikli saýtlara girmäge mümkinçilik gazanýandygy, bu ýagdaýyň häkimiýetleri ynjalyksyzlandyrýandygy agzalýar.

“Näçe petikleseler-de, raýatlaryň maglumatlary bökdençsiz okap bilmegi şeýle çäklendirmeleriň girizilmegine sebäp bolupdyr” diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.

“Häzirki wagtda bazarlarda seýrek-de bolsa Samsung, iPhone ýaly telefonlar tapdyrýar” diýip, gürrüňdeşimiz şäherdäki elektroniki enjamlary bejerýän ussahanalaryň onlarça işgärine salgylanyp gürrüň berdi.

Mälim bolşy ýaly, Azatlygyň websaýty Türkmenistanda petikli bolmagynda galýar. Ýurduň raýatlary erkin maglumatyň akymyna goşulmak üçin, “Şahsy wirtual torlary” (VPN), proksi we başga-da dürli telefon tilsimlerini ulanmak arkaly internetdäki petiklenen diwarlary böwüsýärler. Azatlyk Radiosynda mundan ozal şeýle ýagdaýlar barada yzly-yzyna maglumatlar peýda bolupdy.

Ýurduň demirgazygyndan gelip gowşan habardan çen tutulsa, ýerli ýaşaýjylaryň petikli saýtlara girmek üçin dürli tilsimleri ulanmagy ýurduň içindäki maglumat dolanyşygyny pugta gözegçilikde saklamak üçin, berk çäreleri görýän häkimiýetleri ynjalyksyzlandyrýana çalym edýär.

Galyberse-de, halkara hukuk goraýjy guramalaryň Türkmenistandaky söz azatlygynyň ýagdaýy boýunça ýaýradýan hasabatlary hem ýurtda maglumatyň ýiti çäklendirilýändigine güwä geçýär.

Mundan ozal, türkmen häkimiýetleriniň Interneti yzarlamak üçin içalyçylyk programmalaryny satyn alýandygy barada, maglumatlar peýda bolupdy. Dijital howpsuzlyk boýunça hünärmenler türkmen ulanyjylaryna Internetde petikli saýtlara girmek üçin “Tor” brazuerini ulanmagy maslahat berýärler.

2014-nji ýylyň dekabr aýynda Türkmenistanda “Internet torunyň ösüşini we internet hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda” kanun kabul edildi. Bu kanun raýatlaryň internet torundan peýdalanmak mümkinçiliklerini düzgünleşdirýär. Ýurduň kanunçylygyny ýakyndan synlaýan käbir ekspertleriň aýtmagyna görä, agzalýan kanun häkimiýetlere ilatyň ýurduň çäginde Internet torundan doly erkin peýdalanmak mümkinçiligini çäklendirmäge esas döredýär.

XS
SM
MD
LG