Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Koreýaly liderler taryhy sammitde duşuşdy


Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Un bilen Günorta Koreýanyň prezidenti Mun Jaý
Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Un bilen Günorta Koreýanyň prezidenti Mun Jaý

Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Un bilen Günorta Koreýanyň prezidenti Mun Jaý-iniň arasynda (Moon Jae-in) 27-nji aprelde geçirilen taryhy sammitde liderler ýarym adany ýadro ýaragyndan azat etmäge ygrarly galýandyklaryny aýtdy.

Kim 1953-nji ýylda soňlanan Koreýa urşundan bäri Günorta Koreýanyň çägine aýak basan ilkinji Demirgazyk Koreýaly lider boldy. Ol harby taýdan berk berkidilen serhetden ýerli wagt bilen irden sagat 9:30-da geçdi.

Demirgazyk Koreýanyň lideri ilkinji gezek Günorta Koreýa gadam basdy
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:40 0:00

Liderler bilelikde ýaýradan beýanatynda “Günorta we Demirgazyk Koreýa ýarym adany ýadro ýaragyndan azat etmekde umumy maksatlary durmuşa geçirýändigini tassyklaýar” diýdi.

Ýöne, ýaýradylan beýanatda ýadro ýaragsyzlandyryş prosesini durmuşa geçirmek üçin Demirgazyk Koreýanyň anyk nähili çäreleri görjekdigi aýdyňlaşdyrylmady.

Bu taryhy sammit Kimiň ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen üstümizdäki aý ýa-da iýunyň başynda geçirilmegine garaşylýan duşuşygyň öň ýanyna gabat geldi. Koreýaly liderleri mundan ozal 2000-nji we 2007-nji ýyllarda duşuşypdylar.

Iki lider Koreýa urşuny resmi taýdan soňlandyrmak üçin ABŞ we Hytaý bilen gepleşikleriň geçirilmegi ugrunda bilelikde tagalla etjekdigini aýtdy.

1953-nji ýylda iki ýurduň arasynda wagtlaýyn parahatçylyk ylalaşygyna gol çekilmegi bilen ýurtlaryň arasyndaky çaknyşyklar säginipdi. Ýöne, Demirgazyk we Günorta Koreýa tehniki taýdan henizem uruşda hasaplanýar.

Sammitde eden çykyşynda dermigazykly Kim:

“Men bu ýerde Günorta we Demirgazyk Koreýanyň halklarynyň birdigini, ganynyň birdigini görýärin. Olary aýyryp bolmaz” diýdi.

Bu beýanata jogap hökmünde Tramp özüniň Twitter hasabyndan: “Koreýa urşy soňlanýar. Häzir Koreýada bolup geçýän wakalar sebäpli Birleşen Ştatlary we BEÝIK adamlar örän buýsanmaly” diýip ýazdy.

Agzalýan twitinden birnäçe minut ozal Tramp “gowy zatlar bolup geçýär, ýöne entek diňe wagt görkezer” diýip ýazypdy.

Mun hem şy ýylyň dowamynda Phenýana sapar etmäge räzylyk bildirdi. Şeýle-de ol Demirgazyk Koreýanyň Kaýsong şäherinde hemişelik aragatnaşyk edarasyny açmaga, hem-de uruşda jyda düşen maşgalalaryň dogan-garyndaşlarynyň wagtlaýyn görüşdirilmegine dowam edilmegine razylyk bildirdi.

NATO-nyň başlygy Ýens Stoltenberg sammiti “ruhlandyrjy” häsiýetlendirdi, ýöne ägälige çagyrdy.

“Bu ilkinji ädimdir. Bu ruhlandyryjydyr, ýöne entek öňümizde edimeli işleriň köpdügine düşünmeli” diýip, Stoltenberg NATO-nyň daşary işler ministrleriniň gatnaşmagynda Brýusselde geçirilen duşuşykda aýtdy.

Stoltenbergiň teswiri onuň bir gün mundan ozal aýdan duýduryşlaryny ýada saldy. Ol düýn “anyk özgerişler amala aşyrylýança” halkara jemgyýetçiligi Demirgazyk Koreýa garşy girizilen sanksiýalary saklap galmaly diýipdi.

26-njy aprelde eden çykyşynda Stoltenberg “Biz Demirgazyk Koreýanyň özüni alyp barşynda anyk üýtgeşmeleri görýänçäk sanksiýalara dowam edip, Demirgazyk Koreýa garşy basyş etmäge dowam etmeli” diýdi.

Geçen ýyl Demirgazyk Koreýa birnäçe ballistik raketalary synagdan geçirip ýadro ýaraglaryny barlap görende regionda dartgynlylyk güýjäpdi. Şonda Kim bilen Tramp birek-birege haýbat atyp, birek-biregi kemsidipdi.

Ýöne, şu ýylyň başynda Kim diplomatik taýdan garaşylmadyk programmany başlatdy. Demirgazyk Koreýa Günorta Koreýada geçirilen Gyşky olimpiýa oýunlaryna gatnaşdy.

Fewral aýynda Pýonçnagda geçirilen Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşan Demirgazyk Koreýanyň wekilçilikli toparynyň düzüminde Kim Jong Unyň gyz dogany Kim Ýo Jong hem bardy.

Iki lider 1953-nji ýylda iki ýurduň arasynda gol çekilen wagtlaýyn parahatçylyk ylalaşygynda oturdylan arça agajynyň düýbüne iki ýurduň territoriýalaryndan getirilen gumy seperler.

Ondan soňra Kim bilen Mun resmi nahara gatnaşarlar. Duşuşyk resmi hoşlaşyk dabarasy bilen soňlanar.

XS
SM
MD
LG