Köçelerde geçen protestler netijesinde Serž Sarkisian wezipeden çekilmäge mejbur bolanyndan soňra, parlamentde täze hökümet baştutany barada geçjek ses berişlikden öň protest lideri Nikol Paşinian öz Ýelk ýaranlygy tarapyndan resmi ýagdaýda premýer-ministr wezipesine kandidat bellendi.
Oppozision fraksiýalaryň ählisiniň goldawyny gazanan Paşinian Ýelk tarapyndan biragyzdan kandidat bellendi diýip, kanun çykaryjy Ararat Mirzoýan 30-njy aprelde Azatlyk radiosyna aýtdy.
Paşinian kandidatlyga bellenmezden bir gün öň müňlerçe adam üýşmeleň geçirip, Ermenistanyň häkimiýet başyndaky Respublikan partiýasy HHK-dan 1-nji maýda Paşiniany premýer-ministr wezipesine saýlamak bilen häkimiýeti oňa geçirmegi talap etdiler.
29-njy aprelde üýşmeleňde çykyş eden Paşinian protestçilere “HHK fraksiýasynyň azyndan käbir agzalarynyň halkyň pemýer-ministrlige hödürlän kandidatyna” ses bermegi gaty ähtimal diýdi.
Ol tarapdarlaryny öz hereketlerine arakesme berip, HHK-nyň kanun çykaryjylaryna email ibermekden saklanmaga çagyrdy.
“Siziň ähliňiziň göni gözüňize seredip, tutuş ynam bilen yglan etmek isleýärin. Men Ermenistan respublikasynyň premýer-minstrlik wezipesini öz üstüme alyp, ermeni halkyna hyzmat etmäge taýyn” diýip, Paşinian märekä ýüzlendi.
Paşinian 29-njy aprelde HHK-nyň fraksiýa lideri Wahram Bagdasarýan bilen geçiren duşuşygyndan soňra, žurnalistlere Respublikan partiýasynyň agzalarynyň arasynda parlamentar ses berişligi “başa bardyrmazlyk üçin” görnüp duran keýpi-hal ýok diýdi. Ol köp düşündiriş bermän: “Premýer-ministriň 1-nji maýda saýlanmagy barada ýagdaý bar” diýdi.
Bu wezipä ymtylýan ýeke-täk kandidat bolan Paşinian 29-njy aprelde öz tarapdarlaryna “syýasy ýagdaý üýtgäp, belli öňe ilerleýiş bolan hem bolsa” gatnawy kesmegi we “parahatçylykly, zorluksyz” hereketleri dowam etdirmäge çagyrdy.
Ol şeýle hem olara “has güýçli” üýşmeleň üçin, Ýerewanyň merkezi Respublika skwerine ýygnanmagy ündedi.
Bagdasarýan žurnalistlere parlamentdäki beýleki fraksiýalar onuň kandidatlygyny goldasalar, HHK -nyň Paşinianyň premýer-minstrlige saýlanmagynyň öňüni almajakdygyny aýtdy.
Bu aralykda öňki häkimiýet başyndaky koalisiýada bolan we parlamentde ýedi orna eýe partiýa “Daşnaktsutýum” 1-nji maýda parlamentar ses berişlikde özüniň Paşinianyň kandidatlygyny goldajakdygyny bildirdi.
Daşnaktsutýum muny 105 orunly parlamentde 58 oruna eýe HHK 28-nji aprelde öz kandidatyny hödürlemejekdigini bildireninden soňra aýtdy.
Parlamentde ikinji uly fraksiýa bolan Tsarukian ýaranlygy hem Paşiniany goldamagy wada etdi. Bu ýaranlygyň parlamentde 31 orny bar.
Paşinianyň Ýelk ýaranlygy bolsa dokuz orna eýe. Diýmek, Paşinian saýlanjak bolsa, oňa HHK-nyň agzalarynyň azyndan altysyndan goldaw gerek.
HHK-nyň bir sözçüsi partiýanyň “konfrontasiýadan we ýurdy durnuksyzlaşdyrmakdan saklanmak üçin” öz kandidatyny hödürlemezlik kararyna gelendigini aýtdy.
HHK-nyň metbugat wekili Eduard Şarmazanow Respublikan partiýasynyň kanun çykaryjylary beýleki ähli kandidatlary gözden geçirip, bir blok bolup, ses bermegi planlaşdyrýarlar diýdi.
Paşinian Ermenistanda ençeme hepdeläp köçelerde dowam eden protestlere ýolbaşçylyk etdi. Şol protestler netijesinde Serž Sarkisian premýer-ministr wezipesiden çekildi.
Paşinian indi köçelerde görkezilen güýçli goldaw HHK-nyň kanun çykaryjylaryna öňdäki günlerde özüniň wezipä saýlanmalydygyny ynandyrandyr diýip umyt edýär.
Paşinian 29-njy aprelde prezident Armen Sarkisian bilen Ermenistandaky “içki syýasy ýagdaý, soňky wakalar we mümkin çözgütler” hakda gürleşendigini aýtdy.
Häzirki krizise Serž Sarkisianyň on ýyla çeken prezidentlikden soňra ygtyýarlygy öňküden has güýçli premýer-minstr wezipesine geçmegi netijesinde başlandy.
Paşinian 27-nji aprelde ýurduň ikinji uly şäheri we Orsýetiň uly harby bazasy ýerleşýän Gýumride müňlerçe tarapdarlarynyň öňünde “geosyýasy üýtgeşikligiň” bolmajakdygyny wada etdi.
Ermenistanyň esasy ýarany we söwda partnýory bolan Orsýet özüniň ýurtda barýan dawa garyşmajakdygyny aýtdy.
Ýöne Kremliň bildirmegine görä, prezident Wladimir Putin 26-njy aprelde Gazpromyň öňki müdiri Karapetýan bilen telefonda gürleşip, krizise çalt çözgüt tapylmagyna çagyrypdyr.
29-njy aprelde Paşinian Moskwa bilen bolan gatnaşyklary güýçlendirmegi wada edip, özi premýer-ministr bolsa, Ermenistan bilen Orsýetiň “bu prosesden peýdalanjakdygyny” aýtdy.
Ol soňra hem: “Biz gatnaşyklarymyzy ähli ugurlarda artdyrarys, Ýewropa Bileleşigi, Birleşen Ştatlar, Hytaý, Eýran we Gürjüstan bilen bolan gatnaşyklarymyzy ýaýbaňlandyrarys. Muňa ähli şertler bar” diýip, sözüniň üstüne goşdy.