Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ermenistandaky protestler säginýär, Respublika partiýasynyň pozisiýasy üýtgedi


Ermenistanda hökümet başyndaky Respublika partiýasy 8-nji maýda parlamentde geçiriljek saýlawlarda premýer-ministriň wezipesine Paşinianyň kandidaturasyny goldajakdygyny aýdansoň, ýurtda geçirilýän protestleriň ýolbaşçysy Nikol Paşinian üç hepdeden bäri dowam edýän demonstrasiýalarda säginmäge çagyrdy.

13-nji aprelden bäri protestlere baştutanlyk edýän oppozisiýaçy kanun çykaryjy Paşinian Respublika partiýasynyň pozisiýasyndaky özgerişlerden ägälik bilen hoşal bolup, 2-nji maýda Ýerewanyň Respublika skwerinde eden çykyşynda hökümetiň “dilden” berýän wadalarynyň partiýanyň ýolbaşçylarynyň duşuşyklarynda tassyklanylmalydygyny aýtdy.

Ol ýörişlere gatnaşýan on müňlerçe adamyň öňünde edende çykyşynda, 3-nji maýda geçirilmegi meýilleşdirilýän protestleriň ýatyrylýandygyny habar berdi: “Çagalar, siz ertir okuwa gidersiňiz. Biz protestleri togtadyp dynç alarys” diýdi.

Respublikan partiýanyň lideri Wahram Bagdasariýan 8-nji maýda geçiriljek ses berilişige partiýanyň hiç bir dalaşgäri hödürlemejekdigini we parlamentiň üçden biri tarapyndan hödürlenen islendik kandidaty goldajakdygyny yglan etdi.

Ermenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, eger-de 8-nji maýda ikinji gezek geçirilýän saýlawlarda premýer-ministr saýlanmasa, onda ýurduň parlamentiniň güýji ýatyrylýar we wagtyndan öň umumy saýlawlar geçirilýär. Bu döwürde geçiriljek saýlawlaryň guramaçylygyndan hökümet başyndaky Respublika partiýasy jogapkär bolýar.

Paşinianyň baştutanlygynda ýurtda hökümete garşy geçirilýän protestleriň netijesinde ozalky prezident Serž Sarkisian premýer-ministr wezipesinden çekilmäge mejbur boldy.

Sarkisian on ýyllap Ermenistanyň prezidenti bolupdy. Ýöne, geçen aý ol prezidentlik möhletiniň tamamlanýandygy sebäpli wezipeden çekildi. Respublika partiýasy ony derhal premýer-ministr wezipesine dalaşgär hödürledi. Ýurduň Baş kanunyna girizilen soňky üýtgeşmelerde prezidentiň ygtyýarlyklary çäklendirilip premýer-ministriň mümkinçilikleri giňeldilipdi.

Bu ýagdaýlar müňlerçe adamy Paşinianyň çagyryşlaryna eýerip, köçelere çykmaga iterdi. Olar Sarkisianyň näbelli möhlete çenli Ermenistanyň lideri bolup galmagyna närazyçylyk bildirdiler.

Protestçiler Respublika partiýasyny we Sarkisiany ýurtda korrupsiýanyň giň ýaýramagyna ýol bermekde we adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmazlykda aýypladylar.

Ýerewandaky nägilelik çäreleriniň barha tutaşýan wagty, ýurduň prezidenti Armen Sarkisian 8-nji maýda parlamentde ikinji gezek geçiriljek saýlawlardan öň krizisi çözmek üçin gepleşikleri geçirmäge çagyrdy.

“Ýurtda syýasy krizisiň henizem dowam edýändigine çuňňur gynanýaryn. Ýogsam, hemmeler bu ýagdaýlaryň ýurduň geljegine nä dereje howp salýandygy hakda gürrüň edýär” diýip, Ermenistanyň prezidenti Armen Sarkisian ýaýradan beýanatynda aýtdy.

Prezidentiň çagyryşlaryny premýer-ministr Karen Karapetian hem gaýtalady.

Düýn geçirilen nägilelik çärelerinde ýurduň esasy garaýollary, şol sanda Gürjüstan we Eýran serhedine barýan ýollar böwetlendi.

Paşiniýan Ýerewanda köp sanly adamyň gatnaşmagynda ýöriş geçirip, megafon arkaly öz tarapdarlaryny ýurduň Goranmak ministrliginiň we adatdan daşary ýagdaýlar boýunça gullugynyň ulaglarynyň geçmegine rugsat bermäge çagyrdy.

Şeýle-de, ol öz tarapdarlaryny ýurduň armiýasynyň geçýän ýollaryny ýa-da Ermenistan bilen Daglyk-Garabagy birleşdirýän iki strategik asfalt ýoly hem böwetlemezlige çagyrdy.

Paýtagtyň 110 kilometr demirgazygynda ýerleşýän Wanadzor şäherinde protestçiler şäher we welaýat häkimliklerine barýan ýollary böwetlediler.

Armawir şäherçesiniň ýaşaýjylary, şol sanda çakyr zawodynyň iş taşlaýyş çärelerine gatnaşýan işçileri welaýat häkimliginiň öňünde ýygnanyp, häkimi ýa “meşhur herekete gatnaşmaga” ýa-da wezipeden çekilmäge çagyrdy.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG