Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen migrant zenany Kiprde ölüme sebäp bolmakda aýyplanýar


Stambuldaky türkmen migrantlary. 2017.

Türkmenistan bilen diplomatiki gatnaşygy bolmansoň, köne pasportly türkmen migrantlarynyň ýurtda ýaşaýyş ýa-da zähmet rugsady bilen işlemegini ýola goýan Demirgazyk Kipr türk respublikasynyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde türkmenistanlylarbaradaky habarlar yzygiderli peýda bolýar.

Kipriň mediasynda ýaýran habarlarda aýdylmagyna görä, adanyň demirgazygyndaky Magusanyň Maraş sebitinde ýerleşýän garrylar öýünde işleýän türkmenistanly zähmet migranty seresapsyzlyk edip, seredýängarry adamynyň ölümine sebäp bolmakda aýyplanyp, sud edilýär.

Kipr habar gullugynyň maglumatyndan çen tutylsa, wakadan soň göz astyna alnan 29 ýaşyndaky türkmenistanly Çynara Rozyýewa tussag edilmek talaby bilen 28-nji aprelde Gazimagusa kazyýetine çykaryldy.

Adalat bölüminde işleýän polisiýa seržanty Kamil Perçiner sud diňlenişiginde aýtmagyna görä, "waka 27-nji aprelde sagat 12:30 töwereginde Gazimagusadaky garrylar öýünde bolup geçdi”.

Ol ýerde işleýän türkmen zenany naharhanany günortan naharyna taýýarlaýan mahaly oturgyçlaryň birinde oturan 88 ýaşyndaky Ramadan Alihany ýerinden turzup, onuň oturgyjyny stolyň aşagyna itipdir. Soňra ol garry adamyň oturmagyny isläpdir. Yzynda oturgyç durandyr öýden garry gaýtadan ýerinde oturjak bolanda ýykylyp, kellesi betona degip, şol bada aradan çykypdyr.

Polisiýa seržanty Kamil Perçiner, waka bilen baglanşykly derňew işiniň ýaňy başlanandygy üçin, 20 töweregi adamyň sorag ediljegini we garrylar öýüniň wideokameralarynyň hem birlaý gözden geçiriljegini aýdyp, kazyýetden derňew işi doly tamamlanýança möhlet berilmegini sorady.

Gazimagusa kazyýetiniň sülçüsi Gökhan Asafogullary bolsa, türkmenistanly zähmet migranty Çynara Rozyýewanyň işi doly tamamlanýança iki günläp göz astynda saklanmagy hakynda karar çykardy.

"Kybrys haber turk“ atly neşiriň ýazmagyna görä, "seresapsyzlykdan adamyň ölümine sebäp bolmakda aýyplanýan türkmenistanly zenanyň kazyýet işine 30-njy aprelde gaýtadan garaldy we onuň tussag däl ýagdaýda sud edilmegi” baradaky karara gelindi.

Suduň kararyna laýyklykda, adam ölümine sebäp bolmakda güman edilýän Çynara Rozyýewanyň ähli dokumentleri elinden alnyp, onuň Demirgazyk Kipr türk respublikasyndançykmagy wagtlaýyn gadagan edildi.

Şeýle-de ol 1700 amerikan dollary möçberinde nagt kepillik puluny tölemeli edildi, iki sany demirgazyk kiprli raýat bolsa, onuň üçin her biri 24 müň dollarlyk kepilnama gol çekdi. Aýyplanýan hepdede iki gün ýaşaýan ýerindäki polis bölümine baryp, özüniň bardygyny görkezmeli edildi.

Azatlyk Radiosyna anonim ýagdaýda maglumat beren saglyk işgäri Kipriň demirgazygynda garrylar öýi we olarda işleýänler bilen baglanşykly kanunda "kanuny durum gümürtikliginiň“ bardygyny, şu sebäpden gabat gelen zähmet migrantynyň şeýle ýerde işläp bilýändigini gürrüň berdi.

Şeýle-de ol türkmenistanly zähmet migrantlaryny işletmegiň has arzan düşýändigini we olara şu sebäpdenköp ýerdeiş berilýändigini öňe sürdi.

XS
SM
MD
LG