Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin alty ýyl möhletli täze prezidentlik wezipesine kasam etdi


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin

Wladimir Putin 7-nji maýda Kremlde geçirilen dabarada alty ýyl möhletli täze prezidentlik wezipesine kasam edip, “halka hyzmat etmegi”, olaryň ýaşaýyş derejesini gowulandyrmagy we özüniň “beýik ýeňişleriň hem gahrymançylyklaryň” ýurdy diýýänini goramagy wada berdi.

1999-njy ýyldan bäri ýa prezident ýa premýer-ministr wezipesinde bolan 65 ýaşly Putin alty ýyl Kreml möhletini ýaňy tamamlady.

Putin kasam edişlikden soňra beren beýanatynda halky Orsýetiň ykdysadyýetini we ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrjak “böwsülişe” çagyrdy.

“Men döwlet baştutany hökmünde Orsýetiň güýç-gudratyny, abadançylygyny we şöhratyny ýokarlandyrmak üçin elimden geleni ederin” diýip, Putin Orsýeti kynçylyklary ýeňip geçen, güýjüni asyrlar boýy artdyran “beýik ýeňişleriň we gahrymançylyklaryň” ýurdy diýip atlandyrdy.

Ilkinji nobatda içerki meseleleriň üstünde durup geçip, adamlary “täze kynçylyklary” ýeňmek üçin agzybirlige çagyran Putin Orsýet özüniň harby başarnygyny güýçlendirmegi dowam etdirer diýdi.

Putin eden çykyşyndan soňra münberden düşüp, adamlar, şol sanda premýer-ministr Dmitriý Medewedew, ors prawoslaw kilisesiniň baştutany Patriarh Kirill, şeýle hem Germaniýanyň öňki kansleri Gerhard Şröder bilen salamlaşdy.

18-nji martda Putin täzeden prezident saýlandy. Ol özüniň saýlawda gazanan ýeňşini jemgyýetçiligiň bildiren ynamy diýip atlandyrsa-da, tankytçylar saýlawda galplyklaryň bolandygyny aýtdylar.

Bu innaugurasiýa, ýurduň polisiýasy Putiniň hökümdarlygyna närazylyk bildirilip, geçirilen protestlerde 1600 çemesi adamy, şol sanda oppozision lider Alekseý Nawalnyny-da tussag astyna alanyndan iki gün soňra boldy.

Kasam edişlik dabarasy 2012-nji ýyldaky ýaly şagalaňly geçmedi. Bu gezek döwlet telewideniýesi Putini gara egin-eşikli özüniň Kremldäki edarasyndan çykyp, dabara gidenini görkezdi.

Putin 2024-nji ýylda prezidentlige täzeden dalaş edip bilmez, sebäbi baş kanun boýunça yzly-yzyna iki möhlet prezidentlige ýol ýok.

Putiniň täze prezidentlik möhletini kynlaşdyrýan zatlar bar. 2014-nji ýylda Krym ýarymadasyny basyp almagy, gündogar Ukrainada separatistleri goldamagy, Birleşen Ştatlardaky saýlawlara garyşmagy, şeýle hem Siriýanyň prezidenti Başar al-Assady goldamagy sebäpli Moskwa günbatar tarapyndan gysyş astynda dur.

Putin täze prezidentlik döwründe birnäçe zady, şol sanda Orsýetdäki garyplygy ýeňip geçmegi, infrastrukturany täzelemegi, saglygy goraýşy we ykdysadyýeti güýçlendirmek bilen halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmagy maksat edinendigini aýtdy.

“Esasy howp we biziň esasy duşmanymyz tehnologiýada yza galmaklyk” diýip, Putin 18-nji martda geçen saýlawdan öň ýurduň hal-ýagdaýy hakda eden çykyşynda aýtdy. Resmi netijeler boýunça ol saýlawda sesleriň 77 prosentine golaýyny aldy.

Putin bu ýokary ambisiýaly planlaryny amala aşyryp bilermi ýa bilmez, bu entek belli däl. Ýöne Bloomberg neşiriniň bir analizi Putiniň 2012-nji ýylda özüniň üçünji möhlet prezidentlige başlan döwründe beren wadalarynyň köpüsini amala aşyrmagy başarmandygyny görkezýär.

Nebitiň bahasynyň ýokarlanmagy netijesinde ykdysadyýet az-kem özüni dürsän hem bolsa, Orsýet şindi-de Ukraina konfliktinde oýnan roly we Birleşen Ştatlaryň syýasatyna garyşmagy sebäpli Günbatar tarapyndan girizlen sanksiýalaryň netijelerinden kynçylyk çekýär.

“Ähli ýagdaýlardan çen tutsaň, onda öňümizdäki ýyllarda, has gowy bolaýan-da, [Orsýetiň] ykdysady ösüşi ortaça bolar” diýip, Britaniýanyň Orsýetdäki öňki ilçisi Andrew Wood özüniň golaýda “Chatham House” ylmy barlag merkezine ýazan raportynda aýdýar.

1999-njy ýylyň aýagynda ýerine ýetiriji prezident bolup iş başyna gelen Putin, 2008-nji ýyldan 2012-nji ýyla çenli premýer-ministr bolan döwrüni hem hasaba goşsaň, onda sowet diktatory Iosef Stalinden bäri Moskwada iň uzak hökümdarlyk eden lider bolýar.

Resmi netijeler boýunça ol mart aýynda 76.69 prosent, ýagny 2000-nji, 2004-nji we 2012-nji ýyllardakydan ýokary ses bilen prezidentlige täzeden saýlandy. Öňki sowet ors liderleriniň arasynda munça ses alany ýok.

Ses berişlikde galplyklaryň, bidüzgünçilikleriň bolandygy aýdylsa-da, Putiniň garşydaşlary onuň saýlanmagy, entek bir ses-de berilmänkä, Kremliň ýurduň syýasy durmuşyna berk kontrollyk etmegi we döwlet mediasy arkaly howpsuzlandyryldy diýýärler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG