Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azatlygyň Türkmenistandaky habarçysyna ýene hüjüm edildi


Soltan Açylowa

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Soltan Açylowa ýene bir gezek hüjüm edilip, ol raýat eşigindäki adamlar tarapyndan saklandy.

68 ýaşyndaky Açylowa 9-njy maý güni irden Aşgabadyň eteginde ýerleşýän Ýadygärlikler toplumyndaky Baky ot ýadygärligine gül goýmak dabarasyny surata düşürmäge gidende hüjüm edildi.

Читайте также на русском

Onuň aýtmagyna görä, ol talyplar bilen raýatlaryň golaýyndan Ikinji Jahan urşunda wepat bolanlaryň hatyrasyna goýlan ýadygärligiň ýerleşýän depesine barýan mahaly, onuň ýanyna raýat eşigindäki ençeme adam barýar. Olar žurnalistden kimdigini we näme üçin surata düşürýändigini soraýarlar.

Haçanda ol özüniň žurnalistdigini we Ýeňiş güni mynasybetli geçirilýän çäreleri surata düşürmäge gelendigini aýdanda, gürrüňi edilýän adamlar ony saklap, kemsidýärler we haýbat atýarlar.

“Men ýokaryk topluma garşy basgançaklar bilen ýörejek boldum. Emma meniň daşymy 15 sany adam gabap, indi meniň surat almaly däldigimi çürt-kesik aýdyp, meni ýadygärlikler toplumyna goýbermediler. Daş-töwerekde ýörite gulluklaryň işgärlerinden başga adam galmady. Soňra üç sany raýat eşigindäki ýaş oglan hem gelip, özleri bilen meniň polisiýa bölümine gitmelidigimi aýtdylar. Men jemgyýetçilik düzgünini bozmandygymy aýdyp, polisiýa bölümine gitmejekdigimi aýtdym. Soňra ýörite gullugyň işgärleri meniň düşüren suratlarymyň öçürilmegini talap edip başladylar we kameramy aljak boldular. Şondan soň olaryň iki sanysy, hersi bir goltugymdan tutup, meni aşyklygyna süýräp alyp gaýtdylar we ak maşynyň içine dykdylar” diýip, Açylowa gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, gürrüňi edilýän adamlar žurnaliste “suratlary öçürmeseň, onda sumkaňda narkotik serişdesi bar” diýip, tussag ederis diýýärler. Haçanda Açylowa mundan ýüz öwürende, olar onuň elinden sumkasyny zorluk bilen alyp, kameradaky ähli düşüren suratlaryny pozýarlar.

Gürrüňi edilýän adamlar žurnalistden Azatlyk Radiosy üçin işlemegi bes etmegi talap edip, ony jemi üç sagat çemesi saklaýarlar we soňra-da goýberýärler.

AÝ/AR-nyň Türkmen gullugynyň Türkmenistandaky habarçysy Soltan Açylowa yzygiderli haýbat atylyp, saklanýar. Geçen ýylyň iýul aýynda 68 ýaşyndaky žurnaliste iki gezek hüjüm edildi, soňra-da ölüm haýbaty atyldy. 14-nji noýabrda bolsa, Açylowany yzarlan nämälim adamlar ondan öýünde oturmagy we surata düşürmezligi talap etdiler.

XS
SM
MD
LG