Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran Trampyň ýadro ylalaşygyndan çykmak baradaky kararyna gaharly reaksiýa bildirdi


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Trampyň Eýran bilen gelnen ýadro ylalaşygyndan çykmak baradaky kararyna Eýran gaharly reaksiýa görkezse, ýewropa hökümetleri bu möhüm geleşigi saklap galmaga synanyşýarlar.

9-njy maýda eýranly kanunçykaryjylar Birleşen Ştatlaryň kagyzdan edilen baýdagyna parlamentde otlap, “Amerika ölüm” diýip gygyryşdylar.

Parlamentiň spikeri Ali Larijani ylalaşygy halas etmek jogapkärçiligi indi geleşikdäki Ýewropa Bileleşigi bilen beýleki döwletleriň üstüne düşýär diýdi.

“Trampyň ýadro ylalaşygyndan çykmagy bir diplomatik oýundy... häzirki ýagdaýda Eýran öz üstüne alan borçlaryna bagly galmaga mejbur däl. Trampyň diňe zorlugyň diline düşünýändigi belli zat” diýip, Larijani 9-njy maýda parlamentde eden çykyşynda aýtdy.

Ol şeýle hem ýurduň ýadro departamentini “ýadro işleriniň ähli aspektlerini täzeden dikeltmäge taýýarlanmaga” çagyrdy.

Eýranyň ýokary lideri Aýatollah Ali Hameneýi hem öz web sahypasynda “Tramp ýalňyşdy” diýip ýazdy.

Tramp 8-nji maýda Birleşen Ştatlar tarapyndan Eýranyň garşysyna girizilen ykdysady sanksiýalary gaýtadan dikeltjekdigi aýtdy. Ol ylalaşygy hem “asla edilmesiz aýylganç, birtaraplaýyn geleşik” diýip atlandyrdy.

2015-nji ýylda Birleşen Ştatlar we dünýäniň beýleki güýçli bäş döwleti bilen Eýran arasynda baglaşylan geleşik arkaly Tähranyň garşysyna girizilen sanksiýalar ýatyrylyp, onuň deregine Eýranyň ýadro programmasy çäklendirildi. Geleşigiň netijesinde Eýranyň atom bombasyny edinmeginiň öňüni almak maksat edinilýär.

Fransiýa Birleşen Ştatlaryň ondan çekilmegine garamazdan, ýadro ylalaşygy entek “ölenok” diýdi.

Fransiýanyň daşary işler ministri Jean-Ywes Le Drian 9-njy maýda Fransiýanyň RTL radiosyna beren interwýusynda Trampyň möhüm geleşikden çekilmek baradaky kararyndan soňra “konfrotasiýa töwekgelçilikleri hakyky” diýdi.

Le Drian “biz Trampyň Eýranyň ýadro ambisiýalaryny böwetlemäge gönükdirilen geleşik baradaky aladalaryny göz öňünde tutup, giňeldilen ylalaşygyň üstünde işlemäge taýýar” diýdi. Ol şeýle hem özüniň britan we nemes kärdeşleri bilen birlikde 9-njy maýda giçlik Eýranyň wekilleri bilen gepleşik geçirjekdigini aýtdy.

Germaniýanyň daşary işler ministri Haiko Maas Berlin Eýran bilen baglaşylan geleşikde galýar diýip, Tährany ylalaşyk boýunça öz üstüne alan borçlaryny ýerine ýetirmäge çagyrdy.

Ýöne Hameneýi başgaça gürläp, Trampyň beýanatlary Eýran halkyna we onuň teokratik hökümetine howp salýar diýdi. Ol Amerikan prezidentiniň 8-nji maýda sözlän sözünde “ondan ýokary ýalan” bar diýse-de, bu ýalanlar barada maglumat bermedi.

Eýran yslam respublikasynda ähli döwlet işlerinde gutarnykly karar berýän Hameniýidir.

8-nji maýda Eýranyň prezidenti Hassan Rohani öz diplomatlaryna öňümizdäki hepdelerde Hytaý, Orsýet, Britaniýa, Fransiýa we Germaniýa bilen gepleşik geçirmegi buýrandygyny aýtdy. Bu gepleşiklerde Eýranyň bu ýurtlar bilen hyzmatdaşlykdan peýdalanyp biljek ýa bilmejekdigini anyklamak maksat edinilýär. Bu ýurtlaryň hemmesi ylalaşygy hormatlamagy dowam etdirjekdiklerini aýtdylar.

Rohani: “Eger biz geleşigiň beýleki agzalary bilen hyzmatdaşlykdan, onda göz öňünde tutulan maksatlary amala aşyryp bilsek, ylalaşyk öz güýjünde galar” diýdi.

Rohani şol bir wagtyň özünde-de, Eýranyň ylalaşyk arkaly çäklendirilen ýadro işjeňligini hem täzeden dikeltmäge taýýardygyny aýdyp duýduryş berdi.

Orsýet bilen Ýewropa döwletleri özleriniň geleşige bagly galjakdyklaryny aýtdylar. Amerikanyň esasy ýewropaly ýaranlary Waşingtony olaryň ylalaşygy öz güýjünde saklamak baradaky tagallalaryna zyýan ýetirmezlige çagyrdylar.

Ýewropa Bileleşiginiň baş diplomaty Federika Mogerini Eýrana seslenip, “biziň üstümize alan borçlarymyza wepaly galyşymyz ýaly, siz hem öz borçlaryňyza wepaly galyň. Biz halkara arkalaşygynyň galany bilen bilelikde ýadro geleşigini saklap galarys” diýdi.

Orsýetiň bir diplomaty Eýran geleşigi ýerine ýetirse, ol öz güýjünde galar diýdi. Birleşen Milletler Guramasynyň baş sekretary Antonio Guterres hem geleşigi “ýetilen uly sepgit” diýip atlandyryp, ähli ýurtlary ony doly ýerine ýetirmäge çagyrdy.

Britaniýa, Fransiýa we Germaniýa bilelikde çykarylan bir beýannamada Birleşen Ştatlary “[ylalaşygyň] strukturalarynyň doly galmagyny üpjün etmäge we ylalaşykdaky beýleki taraplaryň ony doly ýerine ýetirmegini bökdemegi mümkin hereketlerden saklanmaga” çagyrdylar.

Ýöne 2016-njy ýylda Eýran baradaky sanksiýalar ýatyrylanyndan soňra Ýewropa döwletleri tarapyndan başlanan söwda gatnaşyklaryny böwetlemek üçin Birleşen Ştatlaryň ýokary derejeli resmileri eýýäm işe başladylar.

Birleşen Ştatlaryň gazna sekretary Stew Mnuçin Eýrana ýolagçy uçarlaryny satmak boýuça diňe Amerikanyň Boeing kompaniýasyna däl, eýsem Ýewropanyň Airbus kompaniýasyna berlen rugsatnamany hem yzyna alýandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG