Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbek hökümeti mejbury zähmetiň doly soňuna çykmak barada perman çykardy


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Özbek hökümeti Özbegistanda mejbury zähmetiň doly soňuna çykmak barada perman çykardy.

Dünýäde pagtany eksport edýän esasy ýurtlaryň biri bolan Özbegistan ençeme ýylyň dowamynda pagta ýygymyna studentleri, mekdepleriň we saglygy saklaýyş edaralarynyň işgärlerini çekip geldi. Özbegistan bu tejribelerden 2015-nji ýylda halkara guramalarynyň, şol sanda boýkot kampaniýalarynyň basyşy astynda el çekdi.

10-njy maýda çap edilen permana laýyklykda, döwlet edaralarynyň işgärleriniň, mekdep mugallymlarynyň we lukmanlaryň, şeýle-de okuwçylaryň köçeleri süpürmek we pagta ýygmak ýaly işlere çekilmegi gadagan edilýär. Agzalan tejribeler Özbegistanda giňden ulanylýar.

Şeýle-de, permanda gürrüňi edilýän tejribeleriň öňüni almak üçin döwlet edaralaryna, şol sanda Baş prokuratura we Zähmet ministrligine zerur çäreleri görmek tabşyrylýar.

Şawkat Mirziýoýew 2016-njy ýylda aradan çykan Yslam Kerimowyň 20 ýyldan gowrak döwürde repressiw goly astynda dolandyran ýurtda reformalary geçirmegi wada beripdi.

Mirziýoýew Özbegistanda mejbury zähmetiň ulanylmagyna degişli tejribeleri aradan aýyrmak barada 2017-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş assambleýasynda eden çykyşynda aýdypdy.

Özbegistan pagta önümçiligi boýunça dünýäde bäşinji orunda durýar. Bu ýurt öndürýän pagta çig malynyň 60% çemesini Hytaýa, Bangladeşe, Türkiýä we Eýrana eksport edýär. Özbegistanyň pagta senagaty ýylda 1 milliard amerikan dollar möçberinde girdeji getirýär. Bu ýurduň Umumy içerki önümçiliginiň dörtden bir bölegine barabardyr.

XS
SM
MD
LG