Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen delegasiýasy Eýrana sapar edýär


2017-nji ýylyň başynda Türkmenistanyň Eýrana akdyrýan tebigy gazyny kesdi.

Türkmenistanyň wekilçilikli topary iki günlük iş sapary bilen Eýrana bardy.

Türkmen mediasynyň maglumatyna görä, saparyň dowamynda birnäçe ugurdaş ministrlikler bilen duşuşyklar meýilleşdirilip, olaryň dowamynda türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň, işewür düzümleriň arasyndaky gatnaşyklaryň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.

Anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde prezident Gurbanguly Berdimuhamedow daşary işler ministri Reşid Meredowyň bu sapar baradaky hasabatyny diňläp, “iki ýurduň döwletara gatnaşyklarynyň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we işjeň häsiýete eýedigini” belläpdir.

Ýeri gelende bellesek, 27-28-nji martda Eýranyň prezidenti Hassan Rohani Türkmenistana sapar edipdi. Şonda türkmen habar serişdelerinde iki ýurduň arasynda ýüze çykan gaz dawasynyň maslahat edilip-edilmändigi barada kelam agyz söz aýdylmandy.

Ýatlatsak, Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda gaz dawalary boýunça çözülmedik wawwaly mesele bar. Ozalam mälim bolşy ýaly, 2017-nji ýylyň başynda Türkmenistanyň Eýrana akdyrýan tebigy gazyny kesmegi bilen iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar gowşady. Aşgabat Tährandan 2007-nji ýylyň gyşynda ulanan türkmen gazy üçin 1.8 milliard dollarlyk algysyny soraýar, Eýran bolsa aýazly gyşda goňşusynyň gazyň bahasyny ylalaşykda kesgitlenen nyrhdan dokuz esse gymmatladandygyny öňe sürýär.

Muňa jogap edip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi beýanat ýaýradyp, onda “2013-nji ýyldan bäri Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň Eýran yslam respublikasyna öň akdyrylan türkmen gazy üçin, bergisini tölemekde zerur bolan tagallalary etmedi” diýipdi.

2017-nji ýylyň maý aýynda Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Hamid Reza Araki üç mesele boýunça, ýagny gazyň bahasy, gazyň gyşda birden kesilmegi bilen onuň Eýrana ýetiren zyýany we türkmen gazynyň hili boýunça Türkmenistany Halkara arbitraž suduna berjekdigini aýtdy.

Ýöne aradan alty aý geçensoň, Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň başlygy 2017-nji ýylyň noýabr aýynda, işi kazyýete geçirmezden gepleşik arkaly düşünişmek isleýändigini mälim etdi.

Geçen aýyň ahyrynda bolsa, Araki eýranly we türkmenistanly ekspertleriň iki ýurduň arasyndaky gaz dawasynda taraplaryň aratapawudyny derňejekdigini we bu meselede kazyýetsiz ylalaşyga barylmagyna umyt edýändigini aýdypdy.

Şeýle-de, 29-njy aprelde Araki Eýranyň swap ylalaşygy esasynda türkmen gazyny Pakistana akdyrmaga taýýardygyny aýtdy.

Häzirki wagtda Türkmenistan garaşsyzlyk ýyllarynyň iň agyr ykdysady krizisini başdan geçirýär. Häzirki wagtda diňe Hytaýa gaz akdyrýan Türkmenistan mawy ýangyjyny dürli ugurlara eksport etmäge synanyşýar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG