Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Eýranyň prezidenti Türkmenistana sapar edýär


Eýranyň prezidenti Hassan Rohani (çepde) we türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow. 2015 ý.

Şu gün irden Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hassan Rohani resmi sapar bilen Tährandan Aşgabada ugrady. 27-nji mart güni irden Tähranyň Halkara Mehrabad aeroportunda žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda Rohani saparyň türkmen tarapynyň çakylygy bilen amala aşyrylýandygyny belledi. Bu barada Eýranyň resmi “Tasnim” habar agentligi maglumat berýär.

Читайте также на русском

Şeýle-de, Rohani iki ýurduň arasynda ýokary derejede geçiriljek gepleşikleriň barşynda regional we halkara meseleleriň, şol sanda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny belledi.

Eýranyň metbugatynda çykan habarlarda ýurduň prezidentiniň Tähranyň aeroportunda žurnalistleriň öňünde eden çykyşyna salgylanylyp, saparyň dowamynda taraplaryň özara hyzmatdaşlyk etmek boýunça resminamalaryň ençemesine gol çekiljekdigi, ýurtlaryň arasynda ozal bar bolan söwda gatnaşyklaryny ösdürmegiň çäklerinde eýranly işewürleriň gatnaşmagynda bilelikdäki maslahatlaryň guraljakdygy habar berilýär

Elbetde, gol çekiljek resminamalaryň düzümi we mazmuny boýunça jikme-jik maglumat berilmeýär.

Beýleki tarapdan, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 24-nji martda geçiren ministrler kabinetiniň mejlisinde ýurduň daşary işler ministri Reşit Meredow Rohaniniň Türkmenistanda etjek resmi saparyna görülýän taýýarlyk barada prezidente hasabat berip, “nobatdaky ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikleriň gün tertibine türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryndaky meseleleriň giriziljekdigini, gepleşikleriň netijesi boýunça möhüm resminamalaryň birnäçesine gol çekmegiň göz öňünde tutulýandygyny” mälim etdi. Bu barada Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi maglumat berýär.

Mejlisiň barşynda prezident Berdimuhamedow “goňşy döwletler, şol sanda Eýran Yslam Respublikasy bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmegiň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini” nygtady.

Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek barada beýanat berýärler.

Mälim bolşy ýaly Rohaniniň Türkmenistana edýän resmi sapary türkmen serhetçileriniň iki eýranly “balykçyny” atyp öldürmeginiň we Eýranyň daşary işler ministrliginiň bu ýagdaý boýunça Türkmenistandan “gyssagly” düşündiriş soramagynyň yzýanyna gabat gelýär.

Ýatladyp geçsek, 22-nji martda Associated Press Eýranyň ýarym-resmi ILNA habar agentligine salgylanyp, 20-nji mart gijesi dört eýranly balykçynyň Hazar deňzindäki Eýranyň territorial suwlarynyň kenar ýakasynda balyk tutmaga girişende türkmen serhetçileriniň balykçylara ot açandygyny, olaryň ikisiniň ölüp, beýleki ikisiniň ýaralandygyny habar beripdi.

Bu hadysa bilen bagly Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Bahram Kassemi 22-nji martda beýanat bilen çykyş edip, Eýran tarapynyň Türkmenistandan “gyssagly” resmi düşündiriş soraýandygyny aýdypdy.

Öz gezeginde Türkmenistanyň daşary işler ministrligi 23-nji martda beýanat ýaýradyp, onda “2018-nji ýylyň 21-nji martynda Türkmenistanyň serhet gulluklary Eýran Yslam Respublikasynyň raýatlarynyň bir toparynyň Türkmenistanyň çägine uly göwrümli narkotiki serişdelerini bikanun gaçakçylyk arkaly geçirmek synanyşygyny basyp ýatyrdy” diýilýär. Şeýle-de, Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň beýanatynda “bu meseläni syýasylaşdyrmak boýunça ediljek islendik synanyşygyň Türkmenistan babatynda dostluksyz gatnaşyk diýlip hasap ediljekdigi” nygtalýar.

Şeýle-de, Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky “oňyn” gatnaşyklara iki ýurduň arasynda soňky ýyllarda dörän gaz dawalary wehim salýana çalym edýär.

Mälim bolşy ýaly, 2017-nji ýylyň başynda Türkmenistanyň Eýrana akdyrýan tebigy gazyny kesmegi bilen iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar gowşady. Aşgabat Tährandan 2007-nji ýylyň gyşynda ulanan türkmen gazy üçin 1.8 milliard dollarlyk algysyny soraýar, Eýran bolsa aýazly gyşda goňşusynyň gazyň bahasyny birtaraply galdyrandygyny aýdýar.

27-nji mart güni irden Rohaniniň resmi sapar bilen Aşgabada ugramagynyň öňýany Tähranyň howa menzilinde žurnalistleriň öňünde eden çykyşyna dolanyp gelsek, çykyşyň barşynda onuň “Saparyň dowamynda regionda häzir bar bolan meseleleriň çözülmegine umyt bildirýärin” diýen sözleri dürli metbugat serişdelerinde sitirlenýär.

Galyberse-de, “Tasnim” habar agentliginiň maglumatlarynda, eýranly prezidentiň 28-nji mart çarşenbe güni gadymy Merwe zyýarat etjekdigi habar berilýär.

Eýran Yslam Respublikasy bilen Türkmenistan döwletiniň arasynda 1992-nji ýylyň fewral aýynda diplomatiki gatnaşyklar ýola goýuldy.

Teswirleri gör (4)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG