Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zarif Ýadro ylalaşygyny maslahat etmek üçin Hytaýa sapar edýär


Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif

Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif, ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň Tähranyň Ýadro ylalaşygyndan çykýandygyny yglan edeninden soň, Pekine sapar edip, ýokary derejeli hytaý resmileri bilen gepleşikleri geçirýär.

Hytaýyň Daşary işler ministrligi Zarifiň “Eýranyň ýadro meselesi bilen bagly özgerişler boýunça pikir alyşjakdygyny” mälim etdi.

Eýranyň metbugat wekili Zarifiň Moskwada we Brýusselde hem duşuşyklary geçirjekdigini habar berdi.

2015-nji ýylda Hytaýyň, Russiýanyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň, Britaniýanyň we ABŞ-nyň Eýran bilen baglaşylan ylalaşygyna görä, Tähran özüne garşy girizilen sanksiýalaryň gowşadylmagynyň öwezine, özüniň ýadro programmasyndan el çekmelidi.

Tramp uzak wagtdan bäri Ylalaşygy tankytlap gelýärdi. Ol Eýranyň ballistik raketalarynyň synaglaryny geçirmek, şeýle-de regiondaky söweşijileri goldamak bilen Ylalaşygyň “ruhuna” çapraz hereket edýändigini belläpdi. Netijede, Tramp 8-nji maýda Ylalaşykdan çekildi.

Beýleki taraplar Waşingtony Ylalaşykda galmaga çagyrypdylar.

“Hytaý Eýranyň ýadro meselesiniň özgerişinden gaty aladalanýar. [Hytaý] degişli ähli taraplar, şol sanda Eýran bilen hem gepleşikleri geçirmäge meýil bildirýär” diýip, Hytaýyň Daşary işler ministrligi belledi.

Eýran özüniň ýadro programmasynyň diňe raýat maksatlaryna gönükdirilendigini öňe sürýär. Şeýle-de, Tähran regionda ekstremistleri goldaýandygy baradaky aýyplamalary ret edýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG