Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gürjiler öz talaplary ýerine ýetirilmese, demonstrasiýalaryň dowam etjekdigini aýdýarlar


Gürjüstanyň ýörite polisiýa güýçleri
Gürjüstanyň ýörite polisiýa güýçleri

Polisiýanyň neşä garşy geçiren reýdleri sebäpli ýaňy hepdäniň aýagynda protestlere başlan gürjiler öz talaplary ýerine ýetirilmän halatynda, 19-njy maýda köçelere çykyp, ýene demonstrasiýa geçirjekdiklerini aýtdylar.

14-nji maýda Tbiliside üýşmeleňleri gurnanlaryň bir Beka Tsikarişwili ýurduň Içeri işler ministrligi özüniň neşä garşy çemeleşigini üýtgetmese, protestleriň gaýtadan dowam etdiriljekdigini belledi. Neşä garşy reýdler nädogry we zabunlyk bilen alnyp barylýar diýip tankyt edilýär.

Tbilisiniň şäher häkimi Kaha Kaladzäniň žurnalistlere aýtmagyna görä, Içeri işler ministrliginiň işgärleri bilen protest liderleri öňümizdäki birnäçe günlükde duşuşyp, neşä garşy syýasata girizilmegi mümkin üýtgetmeler hakynda pikir alyşarlar.

“Meniň [12-nji maýda] çykaran beýannamamda neşe syýasaty üýtgedilmeli diýilýär. Bu biziň ýurdumyz we halkymyz üçin bir çynlakaý problema” diýip, Kaladze aýtdy.

“Tutuşlygyna alanyňda, döwlet adamlary jezalandyrmaly däl, olary neşeden goramaly. Biz hemmämiz bilelikde neşe söwdagärlerine garşy göreşmelidiris. Men köp adamlaryň bu göreşe goşuljakdygyna ynanýaryn” diýip, Kaladze sözüniň üstüni ýetirdi.

12-nji maýda iki sany gijeki klubda neşä garşy geçirilen reýdlere gaharlanan ýüzlerçe adam köçelere çykyp, protest geçirdiler. Tankytçylar reýdlerde kluba barýanlara garşy güýç ulanylandygyny aýdýarlar.

Içeri işler ministrligi öz işgärleriniň “Bassaiani” we “Cafe Gallery” atly iki klubda neşe söwdagäri diýip güman edilýän sekiz adamy saklandygyny aýtdy. Kluba gatnaýanlaryň käbiri neşäniň polisiýa tarapyndan ýerleşdirilen bolmagy mümkin diýýärler.

13-nji maýda giçlik protestler täzeden başlandy. Azyndan iki sany aşa sagçy toparlar hem muňa garşy demonstrasiýa geçirdiler.

Gara köýnekli, käbirleriniň ýüzi nykaply adamlar özleriniň “neşe söwdagärlerine” garşydyklaryny we “öz watanymyzy goramak üçin milli gwardiýa goşunyny” döretjekdiklerini aýtdylar.

Içeri işler ministri Giorgi Kwirikaşwili bäsdeş üýşmeleňler geçirilýän mahaly, telewideniýede eden çykyşynda adamlary asudalyga çagyryp, “Ýurtdaky islendik gapma-garşylyk we jemgyýetdäki bölünişik gürji hökümeti we halky üçin kabul ederliksizdir” diýdi.

Ol: “Her bir tarapyň we her bir adamyň öz pikirini erkin aýtmaga hukugy bar, ýöne konfrontasiýalar ... bütinleý kabul ederliksiz we bolup bilmez” diýip, sözüniň üstüne goşdy.

“Kanun goraýjy güýçler kanuny we tertip-düzgüni saklamak, erkin üýşmeleň hukugyny üpjün etmek üçin elden gelenini edýärler” diýip, Kwirikaşwili aýtdy.

Ol soňra hem gürji häkimiýetleri “neşe söwdasyny edýän adamlara garşy berk çäre görer, neşe serişdesini ulanýanlara adamkärçilikli çemeleşer” diýdi.

Polisiýa sagçy toparlaryň protestleriň geçýän ýeri bolan parlamentiň binasyna aralaşmagyna ýol bermedi. Polisiýa soňra başga bir sagçy toparyň lideri bolan we protestçilere haýbat atan Giorgi Gabedawany tutdy.

Prezident Giorgi Margwelaşwili “iki üýşmeleň arasyndaky konfrontasiýany bökdänligi” üçin polisiýa işgärlerine minnetdarlyk bildirip, tutuş ýagdaýy “syýasy we dolandyryş işleriniň çökmegi” diýip atlandyrdy.

“Biziň maksadymyz erkin beýanaty we söz azatlygyny gorap saklamakdan, şol bir wagtda-da, köçelerde we syýasy hem jemgyýetçilik proseslerinde tertip-düzgüni saklamakdan ybarat” diýip, Margwelaşwili aýtdy.

Gürjüstandaky protestler goňşy Ermenistanda ençeme hepdeläp köçelerde geçen özara baglanyşyksyz demonstrasiýalardan soňra boldy. Ýerewanda geçen protestler premýer-ministriň iş başyndan çekilip, bu wezipä oppozision aktiwist we syýasatçy Nikol Paşiniýanyň saýlanmagyna getirdi.

XS
SM
MD
LG