Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ierusalimde ABŞ-nyň täze ilçihanasy açylýan mahaly, Gazada onlarça palestinaly öldürildi


Gazada palestinaly protesçiler çaknyşykda ýaralanan adamy alyp barýarlar. 14-nji maý, 2018 ý.

Birleşen Ştatlaryň Ysraýyldaky ilçihanasynyň Tramp administrasiýasy tarapyndan Ierusalimde geçirilen açylyş dabarasy ençeme hepde bäri barýan demonstrasiýalardan soňra dartgynlylygyň artmagyna getirip, Ysraýylyň ýaragly güýçleri duşenbe güni Gaza serhedinde onlarça palestinaly protestçini atyp öldürdiler.

Читайте также на русском

Palestinanyň Saglyk ministrligi 2014-nji ýyldan bäri palestinalylar üçin iň ganly gün bolan duşenbe güni 58 adamyň ölüp, 2700 adamyň hem ok degmegi ýa başga sebäpler netijesinde ýaralanandygyny habar berdi.

Gandöküşlikden soňra käbir ýurtlar, şol sanda Fransiýa, Britaniýa taraplary asudalyga çagyrdylar. Beýlekilerden has ýiti tankyt regional güýç Türkiýeden geldi. Ol muny “gyrgynçylyk” diýip atlandyrdy.

Ierusalimde ABŞ-nyň täze ilçihanasy açylýan mahaly, Gazada onlarça palestinaly öldürildi
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:03 0:00

Ak tam bolsa Ysraýyly ätiýaçlyga çagyrman, Gazany dolandyrýan Hamaz toparyny günäläp, Ysraýyl harbylarynyň hereketlerini ýurduň serhetlerini goramak üçin edilýän iş diýip häsiýetlendirýän premýer-ministr Benýamin Netanýahuny goldady.

Waşington göni Ysraýylyň tarapyny çalmak bilen bir hepdäniň içinde özüni ýewropaly ýaranlaryndan iki gezek uzaklaşdyrdy. Ol Eýran bilen baglaşylan halkara ýadro ylalaşygyndan öten sişenbe güni çykmak bilen hem Fransiýany we Germaniýany gaharlandyrypdy.

Gazada barýan gazaply hereketleriň tersine, Ysraýylyň deňli-derejeli adamlary we myhmanlary Tel-Awiwden Ierusalime geçirilen amerikan ilçihanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar.

Edilen göçüm öten dekabrda mukaddes şäheri Ysraýylyň paýtagty diýip ykrar eden amerikan prezidenti Donald Trampyň beren wadasyny ýerine ýetirmegidir.

Ierusalimde ABŞ-nyň ilçihanasy açylýar
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:24 0:00

Netanýahu “beren wadalaryny ýerine ýetirmäge bolan batyrlygy” üçin Trampa minnetdarlyk bildirdi.

Birleşen Ştatlaryň Daşary gatnaşyklar komitetiniň region baradaky bölüminiň ýokary derejeli agzasy senator Tim Kaine (demokrat) ýagdaýy “pajygaly” diýip atlandyryp, “bu Birleşen Ştatlaryň problemany çözmäge synanyşýandygyny görkezenok, Birleşen Ştatlaryň problemadan gaçýandygyny görkezýär, bu bir gynançly zat” diýdi.

Palestinalylar Gündogar Ierusalimi özleriniň Iýordan derýasynyň günbatar kenarynda we Gaza zolagynda gurmagy umyt edýän döwletine paýtagt etmek isleýärler.

Ysraýyl bolsa şäheriň ähli bölegine, şol sanda onuň 1967-nji ýylda bolan Orta Gündogar urşunda basylyp alnyp, anneksiýa edilen we halkara derejesinde ykrar edilmeýän gündogar bölegine-de “özüniň baky we bölünişiksiz paýtagty” diýip garaýar.

Köp ýurtlar ýewreýleriň, musulmanlaryň, şeýle hem hristiýanlaryň mukaddes şäheri bolan Ierusalimiň statusy parahatçylykly çözgüdiň iň soňky etapynda kesgitlenmeli, ilçihanarlaryň ol ýere göçürilmegi bu ylalaşyga öňünden baha bermek bolar diýýärler.

Konflikte iki döwlet esasynda bir çözgüt tapmaga gönükdirilen gepleşikler 2014-nji ýyldan bäri doňup ýatyr.

Tramp beýanatynda Ysraýyl bilen palestinalylaryň arasynda parahatçylygyň ornaşdyrylmagyny özüne borç edinendigini aýtdy. Ol dabara hem özi gatnaşman, gyzy Iwankany, giýewisi Jared Kuşneri iberdi. Dabara şeýle hem Amerikanyň Orta Gündogardaky ýörite wekili gatnaşdy.

Netanýahu bilen dartgynly gatnaşykda bolan öňki prezident Barak Obamanyň tersine Tramp ahyrsoňy Ysraýylyň liderini berk goldady.

Netanýahu Eýran bilen baglaşylan ýadro geleşigini-de köp wagtlap tankytlap gelen adam. Tramp öten hepde Amerikanyň ýaranlaryny zeýrendirip, bu geleşikden hem çekildi.

Pentagon gazaply hereketlerden soňra Amerikanyň käbir ýurtlardaky ilçihanalarynyň howpsuzlygyny berkitmek üçin goşmaça harby deňiz güýçlerini ýerleşdirendigini aýtsa-da, bularyň haýsy ilçihanalardygy hakda maglumat bermedi. Ýöne atlandyrylmazlyk şerti bilen maglumat beren bir amerikan resmisi bularyň Amerikanyň Ysraýyldaky, Iordaniýadaky we Türkiýedäki ilçihanalaryny-da öz içine alýandygyny bildirdi.

Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron özüniň öňümizdäki birnäçe günüň dowamynda regiondaky ähli taraplar bilen gepleşikleri geçirmegi planlaşdyrandygyny aýtdy.

Britaniýa hem Ysraýyldaky ilçihanasyny Tel-Awiwden Ierusalime göçürmek niýetiniň ýokdugyny we Birleşen Ştatlaryň bu işi bilen hem ylalaşmaýandygyny bildirdi.

Türkiýe Ysraýylyň howpsuzlyk güýçlerini gyrgynçylyk işini alyp barmakda aýyplap, Amerikanyň ilçihanasyny Ierusalime göçürmegi olary ruhlandyrdy diýdi.

Birleşen Ştatlar BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň duşenbe güni Kuweýt tarapyndan taýýarlanan “palestinaly parahat ilatyň öldürilmegine gynanç we gahar-gazap” bildirilýän beýannamasyny böwetläp, garaşsyz we açyk derňew geçirilmegine çagyrdy.

Müsür bilen Ysraýyl tarapyndan gabawda saklanýan dar Gaza zolagynda iki milliondan agdyk adam agyr ýagdaýda ýaşaýar.

Trampyň administrasiýasy özüniň Ysraýyl-Palestina boýunça täze parahatçylyk planyny düzüp, tamamlap gelýändigini aýdýar. Ýöne onuň haçan aýan ediljekdigi häzirlikçe belli däl.

XS
SM
MD
LG