Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Ak Tam: Mirziýoýew adam hukuklary babatyndaky özgertmeleriň “yza tesdirilmejekdigini” aýtdy


Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew (çepde) we ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp. Waşington, ABŞ. 16-njy maý, 2018 ý.

Özbegistanyň prezidenti ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampa öz ýurdunda adam hukuklary meselesi babatynda häzire çenli gazanylan öňegidişlikleriň “yza tesdirilmejekdigini” aýtdy. Bu barada Ak Tamyň iki lideriň geçiren gepleşikleriniň netijesi boýunça ýaýradan beýanatynda bellenilýär.

Beýanatda iki ýurduň arasynda “strategiki hyzmatdaşlygyň täze döwri” yglan edilip, Trampyň Şawkat Mirziýoýewiň häkimiýet başyna geçmegi bilen “Özbegistanda syýasy, ykdysady we sosial pudaklarynda amala aşyrylan möhüm reformalary ykrar edendigi” hem nygtalýar. Mirziýoýew Özbegistany uzak wagtlap demir-penje bilen dolandyran Yslam Kerimowyň ölüminden soň, 2016-njy ýylda häkimiýet başyna geçipdi.

Tramp bilen Mirziýoýewiň duşuşygy
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:57 0:00

“Bu gazanylanlar ABŞ bilen ykdysady, syýasy we howpsuzlyk hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi üçin şertleri döretdi” diýip, beýanatda aýdylýar. Şeýle-de, Mirziýoýew Waşingtona eden ilkinji resmi saparynyň dowamynda öz ýurdunda “has köp dini azatlyklary ýola goýmak üçin, ýol kartasyny işläp düzmäge ygrarlydygyny” hem belläpdir.

Mirziýoýew “Özbegistandaky progresiň yza gaýtarylmajakdygyny şeýle-de hökümetiň ilkinji nobatda özbek halkynyň bähbitlerini aramalydygyny aýtdy” diýip, Ak Tamyň beýanatynda bellenilýär. Şeýle-de beýanatda, Mirziýoýewiň “gowy dolandyryşy, adalat reformasyny, kanunyň hökmürowanlygyny, ykdysady azatlygy, sosial ösüşi we has açyk, konstruktiw daşary syýasaty” göz öňünde tutýan “Baş Ýyllyk Hereket Strategiýasynyň” bardygy nygtalýar.

Iki ýurduň liderleri terrorizme garşy göreşmek, şeýle-de Owganystanda parahatçylygy, durnuklylygy we ykdysady ösüşi üpjün etmek boýunça bilelikde işleşmek meýillerini tekrarlapdyrlar. Mundanam başga, Mirziýoýew Trampyň Owganystan babatyndaky täze syýasatyna özüniň “doly goldawyny” bildiripdir.

Gepleşikleriň dowamynda Mirziýoýew Özbegistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna agza bolmagy meýil edinýändigini hem mälim edipdir. Öz gezeginde Tramp Özbegistanyň bu Gurama agza bolmak üçin Daşkendiň söwda we ykdysady syýasatlaryny azat etmek ugrundaky alyp barýan tagallalaryna ABŞ-nyň tehniki ýardam berjekdigini aýdypdyr.

60 ýaşly Mirziýoýew Merkezi Aziýanyň iň köp ilatly ýurduny dünýä açmak we Kerimowyň alyp baran repressiw syýasatyndan uzaklaşmak ugrunda işläp başlady. Ol Özbegistanyň durgunlyga uçran ykdysadyýetini özgertmek üçin, daşary ýurt sermaýasyny hem ýurda çekmek ugrunda tagalla edip başlady.

Özbek prezidenti ABŞ-a soňky gezek 2002-nji ýylda sapar edipdi. Mirziýoýewiň bu sapary Trampa strategiki taýdan möhüm ýerde ýerleşýän Özbegistan bilen gatnaşyklary berkitmäge mümkinçilik berdi.

Iki lideriň duşuşygynyň öňýany Ak Tamyň atlandyrylmasyzlygyny soran ýokary derejeli bir wekili muny “mümkinçilik üçin bir penjire” diýip, atlandyrdy.

“Dünýäniň bu künjeginde elmydama bular ýaly gowy mümkinçilikler döremeýär. Şol sebäpli, biz bu hökümet bilen işleşmek synanyşyklarynyň we şaýat bolan ädimlerimizi höweslendirmegiň möhümdigine ynanýarys” diýip, ABŞ resmisi belledi.

Özbegistanda Yslam Kerimowyň häkimiýetinde 13 ýyllap premýer-ministr bolan Mirziýoýew 2016-njy ýylyň sentýabrynda Kerimowyň ölümi yglan edilenden soň, wagtlaýyn prezident bolupdy. Ol şol ýylyň dekabrynda, berk gözegçilik astynda geçirilen saýlawlarda, prezident saýlanypdy.

Soňky aýlarda Mirziýoýew ýurdy gorky astynda saklan howpsuzlyk gulluklaryny reformalaşdyrmak üçin ädimleri ädip başlady. Şeýle-de, ýurtda ençeme ýyllap tussaglykda saklanan käbir aktiwistler we žurnalistler azat edildi.

Mirziýoýewiň häkimiýeti döwri ýurdy reformalaşdyrmak ugrunda möhüm çäreler görlen bolsa-da, Ak Tamyň resmileri bu ýurtda uzak wagtdan bäri dowam edip gelýän, şol sanda adam hukuklarynyň depelenmegi, din azatlygy, mejbury zähmet, media azatlygy ýaly meseleleriň hem aradan aýrylmagy üçin reformalaryň dowam etdirilmeginiň zerurdygyny nygtadylar.

“Adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň kepillendirilmegi möhümdir” diýip, ABŞ-nyň ýokary derejeli bir resmisi aýtdy.

Teswirleri gör (1)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG