Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Trampyň Owganystan babatyndaky strategiýasy “az öňegidişlik gazandy”


Kabulyň merkezinde janyndan geçen hüjümçi özüni partlatdy. 9-njy maý, 2018 ý.
Kabulyň merkezinde janyndan geçen hüjümçi özüni partlatdy. 9-njy maý, 2018 ý.

Trampyň administrasiýasynyň Owganystan baradaky täze strategiýasy awgust aýyndan bäri “Talyban” pitneçilerine garşy az öňegidişlik gazandy, şeýle-de ýurt, 17 ýyl bäri dowam edýän uruşdan soň, “howply we durnuksyz” bir ýer bolmagynda galýar diýip, hökümetiň gözegçi toparlarynyň hasabatynda aýdylýar.

Amerikanyň üç gözegçi topary tarapyndan 21-nji maýda gelnen netijeler Pentagonyň owgan güýçleriniň, Amerikanyň goldamagy bilen “Talybana” garşy göreşde “kynçylykly döwri arka atyp”, aýgytly pursady ele geçirdi diýýänine ters gelýär.

Pentagonyň we Döwlet departamentiniň, şeýle hem Birleşen Ştatlaryň Halkara ösüş agentliginiň baş inspektorlary tarapyndan Senata berlen hasabatda “Talyban” we beýleki jeňçi toparlaryň 31-nji marta çenli bolan üç aýyň içinde amala aşyran hüjümlerine salgylanylýar.

“Talyban we Yrakdaky, Siriýadaky – Horasan Yslam döwleti agyr hüjümleri amala aşyryp, Kabulda ýüzlerçe adamy öldürdi” diýip, hasabatda bellenýär.

21-nji maýda “Talyban” özüniň Kabulda köp hüjümleri amala aşyrmagy planlaşdyrandygyny aýdyp, owgan paýtagtynyň ýaşaýjylaryna “harby merkezlerden” gaça durmak barada duýduryş berdi.

Awgust aýynda täze strategiýany ýola goýan Trampyň administrasiýasy özüniň “Talybana” garşy harby kampaniýasyny güýçlendirjekdigini bildirip, köpräk güýç ulanmak uruşda ýeňiş gazanyp bilmejekdigini “Talybana” ynandyrar diýip umyt edipdi.

Ýöne baş inspektorlar “Talybana edilen basyşyň artdyrylmagynyň saldamly netijelere getirendigi hakda jemgyýetçilige elýeterli subutnama köp däl” diýýärler.

Fewral aýynda owgan hökümeti öňünden şert goýmazdan “Talyban” bilen ýaraşyk prosesine girişmegi teklip etdi. Ýöne ýarym harby topar bu teklibi masgarap ret etdi.

Hasabatda territoriýa babatda-da amerikan we owan güýçleri tarapyndan gazanylan “möhüm” zadyň bolmandygy aýdylýar. Ak tamyň strategiýasynyň maksady bolsa hökümetiň kontrollygyndaky territoriýany 64 prosentden artdyryp, 80 prosente ýetirmekden ybaratdy.

Raportda bellenmegine görä, mundan başga-da Ak tamyň Pakistany öz territoriýasyndan Owganystana hüjüm edýän jeňçileriň garşysyna çäre görmäge mejbur etmek üçin eden tagallalary-da netije bermändir.

“Howpsuzlyk üçin Pakistana berilmeli edilen 1.5 milliard dollar bilen 2 milliard dollar aralygyndaky pul togtadylsa-da, Pakistan terroristleriň penalanýan ýerlerini ýok etmek boýunça oňly iş etmändir”.

Hasabatda şeýle hem Owganystanda parlament saýlawlarynyň geçirilmeginiň öňegidişlige getirmegine şübhe bildirilýär.

“Talybanyň owgan hökümetine Amerikanyň oýnatgysy diýip garaýandygyny göz öňüne getireniňde Birleşen Ştatlar tarapyndan goldalan saýlawlaryň Talybanyň nazarynda owgan hökümetiniň kanunylygyny artdyrjakdygy we ýarym harbylara ýaraşyk üçin basyş edip biljekdigi belli däl” diýip, hasabatda aýdylýar.

Gözegçileriň hasabatynda Amerikanyň üstümizdäki ýyl front liniýalaryna ýakyn owgan güýçlerine harby geňeşçileri ibermek baradaky karary-da sorag astyna alynýar.

Birleşen Ştatlaryň Owganystanda 15 müň çemesi esgeri bar. Olar söweşlere göni gatnaşman owgan güýçlerini harby kömek bilen üpjün edýärler.

Hasabat barada soralanda Pentagonyň sözçüsi polkownik Rob Manning resmiler “garym-gatymlyk bilen öňegidişligiň bile bolup bilýändigine” ynanýarlar, “bizde Owganystanda bolýan zat edil şu diýen duýgy bar” diýdi.

XS
SM
MD
LG