Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatly alyjylar ýerli gök önümleri satyn almakdan 'gaça durýarlar'


“Türkmenabat şäheriniň günortasynda birbada 3 müň tonna gök-miwe önümleri saklanylýan sowadyjy toplum guruldy” diýip, türkmen mediasy habar berýär.

Bu desga türkmen prezidentiniň ýurduň bazarlaryny ýerli şertlerde öndürilen gök önümler bilen üpjün etmek baradaky talabynyň çäginde bina edildi. Emma Azatlygyň çeşmeleri alyjylaryň ýerli gök önümleri satyn almakdan mümkin bolsa gaça durýandygyny habar berýärler.

Mälim bolşy ýaly, prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2015-nji ýylyň awgustynda gök we miwe önümleriniň importyna harçlanýan altyn pullaryň möçberini azaltmagy talap etdi. Bu talap, hökümet maslahatynda yglan edilen sanlara laýyklykda, Türkmenistana daşary ýurtlardan getirilýän soganyň möçberiniň 21%, kartoşkanyň - 18%, hyýaryň - 45%, pomidoryň möçberiniň üç esse artmagy bilen bagly edildi.

Şeýle-de prezident gök önümleriň importy üçin 50 million amerikan dollary möçberinde serişde harçlanandygyny aýtdy. Şol bir wagtda, Türkmenistanda ýurt içinde öndürip boljak we ozal öndürilen, emma daşardan getirilýän azyk önümlerine näçe serişde harçlanýandygy barada maglumat çap edilmeýär.

Ikinji tarapdan, Aşgabadyň bazarlaryna aýlanyp gören ynamdar çeşme Berdimuhamedowyň ýerli gök önüm talabynyň belli bir derejede netije berýändigini, soňky döwür bazarlarda Türkmenistanda gurlan ýyladyşhanalarda ýetişdirilen hyýar-pomidorlaryň barha kän görnüp başlandygyny tassyk etdi.

“Aşgabadyň bazarlaryna çykarylýan pomidor, hyýar önümleri Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň agzasy bolan uly firmalaryň ýurduň dürli etraplarynda guran ýyladyşhanalarynda ýetişdirilýär we olar daşyndan seretseň göze ýakymly önümler” diýip, aşgabatly çeşme Azatlyk radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Emma ol bu önümleriň alyjylarynyň azdygyny belledi. Munuň sebäbi, Azatlygyň birnäçe bazarda geçiren gysgaça pikir soraşlygynyň netijelerine görä, ýerli ýyladyşhanalarda öndürilýän önümleriň hili bilen bagly.

“Ýerli ýyladyşhanalarda ýetişdirilýän gök önümler esasan himiki dökünleriň, hususan-da azodyň güýji bilen ýetişdirilýär” diýip, anonim şertde gürleşen aşgabatly alyjy aýtdy.

“Pomidorlaryň birki millimetr daşynyň gyzaryp duran ýerinden soň, içi duw-ak, hyýarlaryň hem içinden ak zolaklar geçýär, agronomçylyk ugrundan bilimli adamlar bu ak zolaklaryň aşa köp ulanylan azodyň netijesdigini aýdýarlar” diýip, alyjy sözüniň üstüni ýetirdi.

Emma muňa garamazdan, türkmen metbugaty ýurduň ýyladyşhanalarynda ýetişdirilýän gök önümleriň ekologiki taýdan juda arassadygyny, adam saglygy üçin bolsa örän peýdalydygyny tassyklaýar.

“Ýöne bu tassyklamalar alyjylary ynandyryp bilmeýär, hatda eli ýuka adamlar hem ýerli pomidorlary alanlaryndan Eýranda, Türkiýede öndürilen tomat önümlerini satyn alanlaryny gowy görýärler. Ol tomatlaryň bir litrlik galaýy guta gaplanany 15-20 manat aralygynda satylýar” diýip, aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew hem bu maglumatlary tassyk etdi.

Onuň sözlerine görä, mümkinçiligi bolan alyjylar Türkiýäniň ýyladyşhanalarynda ýetişdirilen pomidorlary satyn alýarlar, ýöne türk pomidorlaryny almaga juda az adamyň gurby çatýar. Türkmenistanyň özünde ýetişdirilen pomidoryň kilogramy şu günki gün 10-12 manat aralgynda satylýar diýip, Bugaýew habar berdi.

Türkmenistanyň bazarlarynda häzir hem esasan ýyladyşhanalarda ýetişdirilen gök önümler satylýar we açyk howada ýetişen pomidorlaryň iýunyň ortalaryna, iýulyň başyna bazara çykmagyna garaşylýar.

Şol bir wagtda Türkmenistanda soňky ýyllarda açyk meýdanda ekilýän gök önümleri, hususan-da gawun-garpyzy ýetişdirmek üçin barha kän azot ulanylýandygy barada maglumatlar gowuşýar. Bu ýagdaý uzak ýyllar gowaça ekilen we arrykladylan ýerleriň hasyllylyk derejesiniň barha pese gaçmagy, ýerleriň we tohumlaryň himiki döküne halys öwrenişdirilmegi bilen düşündirilýär.

Azatlyk radiosy Aşgabadyň bazarlarynda gök önümleriň hiline edilýän gözegçilik barada maglumat almak üçin degişli sanitar-epidemologiýa gullugyna telefon etdi, emma ol ýerde emele gelen ýagdaýa düşündiriş berjek hünärmen tapylmady.

XS
SM
MD
LG