Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Aşgabadyň söwda tekjelerinden mesge ýagy ýitirim boldy


Türkmenistandaky söwda dükanlarynyň biri. Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda käbir azyk harytlarynyň gytçylygy we gymmatlamagy dowam edýän mahaly, Aşgabadyň bazarlarynyň hem-de döwlet we hususy eýeçilikdäki dükanlarynyň söwda tekjelerinden daşary ýurtlarda öndürilen mesge ýaglary ýitirim boldy.

Türkmenistandaky we paýtagtdaky täzelikler bilen ýakyndan gyzyklanýan aşgabatly synçy we ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bu ýagdaýyň indi iki hepdä golaý wagt bäri dowam edýändigini aýtdy.

“Soňky 10-12 günüň dowamynda hususy eýeçilikdäki we döwlet eýeçiligindäki azyk dükanlaryndan, bazarlarda söwda edilýän holodilnik (sowadyjy) tekjelerdenem mesge ýagynyň bütinleý ýitirim bolandygyny, adamlar gürrüň berýärler. Ony bazara aýlanyňda, dükanlara girip-çykanyňda özüňem görse bolýar” diýip, Bugaýew gürrüň berdi.

Onuň sözüne görä, häzirki wagt bazarlarda we söwda nokatlarynda Türkmenistanda we daşary ýurtlarda öndürilen margarin ýagynyň satuwy öňküsi ýaly dowam edýär. Söwda tekjelerinden näme sebäpden, mesge ýagynyň ýitirim bolandygy barada bolsa, bazar administrasiýasy tarapyndan hiç hili resmi maglumat ýok.

Emma Azatlygyň ýerli çeşmeleri bilen söhbetdeş bolan “Mir” we “Teke” bazarlarynda söwda-satyk işleri bilen meşgullanýan işewürleriň käbiri munuň sebäplerini daşary ýurtlardan getirilýän mesge ýagynyň bahasynyň aşa ýokarlanandygy bilen düşündirýärler.

“Ýurduň daşyndan azyk harytlaryny import etmäge döwlet tarapyndan lisenziýasy, ýörite rugsat haty bolan firmalar täze import edilen mesge ýagynyň bahasyny gymmat bahadan hödürlediler. Ony alyp, öz wagtynda satyp bilmän zyýana galanymyzdan, ondan tekjelerimiziň boş durany, şol harytlary almanymyz gowy. Sebäbi öň 25 manatdan satan mesgämizi indi 32-35 manatdan satmaly bolarys. Ony hem alyjy satyn almaz” diýip, adynyň efirde agzalmazlygyny soran “Mir” bazarynda söwda edýän işewürleriň biri gürrüň berdi.

Maglumat üçin aýtsak, Orsýetde öndürilen 250 gramlyk mesge ýagy 2016-njy ýylyň ahyrynda 7-8 manatdan satylan bolsa, 2017-nji ýylyň ahyrynda onuň bahasy 15-20 manada ýetdi. Şu ýylyň ýanwar aýynyň ahyrynda bolsa, şol mesge ýagy 25 manada çenli gymmatlady.

Beýleki bir tarapdan, Bugaýew soňky iki günüň dowamynda paýtagtyň käbir bazarlarynda, şol sanda “Mir” bazarynda islege görä çekilip satylýan we ýörite gaplara gaplanmadyk mesge ýaglarynyň satylyp başlanandygyny, ýöne munuň hyrydarynyň örän azdygyny aýdýar.

“Adamlar ozalam satyjylaryň aldawyna düşüp, mesge diýip, oňa derek margarin satyn alandyklary üçin, häzir şony almakdan saklanýarlar. Galyberse-de, alyjynyň islegine görä, kesilip satylýan mesgäniň gymmatdygyny, adamlar aýdýarlar. Şol mesge ýagynyň 1 kilogramynyň bahasy 90-120 manat aralygynda” diýip, Bugaýew gürrüň berdi.

Belläp geçsek, mesge ýagy soňky aýlara Türkmenistanyň söwda tekjelerinden ýitirim bolan ilkinji azyk harydy däl. Ýurduň döwlete degili dükanlarynda indi alty aýa golaý wagt bäri un, şeker, ösümlik ýagy ýaly günübirin ulanylýan azyk harytlary tapdyrmaýar. Käbir dükanlarda bolsa, diňe 1 ýa-da 2 sagat satuwa çykarylýar.

Munuň bilen bir wagtda, soňky hepdelerde Aşgabatda soňky ulanyş möhleti geçen önümleriň hem satylýandygyny, olaryň arasynda ýerli hususy firmalar tarapyndan öndürilen süýt-gatyk we kolbasa, ýagny şöhlat ýaly önümleriň bardygyny, Azatlygyň ýerli çeşmeleri habar beripdiler.

Galyberse-de, Türkmenistanda azyk we senagat harytlarynyň gymmatlamagy gün-günden dowam edýär. Fewral aýynyň başynda Aşgabatda daşary ýurtlardan import edilýän süýt-gatyk önümleriniň bahasy 100% gymmatlady. Geçen aýyň ortalarynda daşary ýurtlardan import edilýän senagat we käbir azyk harytlary ortaça 80% gymmatlan bolsa, şu aýyň başynda, şol harytlaryň bahasy ýene-de ortaça 50% ýokarlandy.

2017-nji ýylyň 8-nji dekabrynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek üçin, döwlet komissiýasyny döretdi. Emma döwlet baştutanynyň hökümet mejlislerinde yzygiderli tabşyrmagyna garamazdan, türkmen bazarlarynda azyk bolçulygy we howpsuzlygy döremeýär we bu ýagdaý ýokarda gürrüňi edilen meseleler, bahalaryň yzygiderli ýokarlanmagy bilen tassyk bolýar.

Teswirleri gör (1)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG