Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda azyk nobatlarynda aýallar ýakalaşýar

Aşgabatdaky döwlete degişli dükanlaryň biriniň öňünde nobata duran ýaşaýjylar

Aşgabat şäherinde azyk harytlarynyň gytalmagy, olaryň käbiriniň satuwyna çäklendirmeleriň girizilmegi bilen azyk dükanlarynyň öňlerinde nobatlaryň artýandygyny, şeýle-de nobatlaryň aşa köp bolýanlygy sebäpli nobata durýan ýaşaýjylaryň arasynda uruş-sögüşleriň, hatda ýakalaşyklaryň bolýandygyny görse bolýar.

Aşgabatly ýaşaýjylaryň Azatlyk Radiosyna gürrüň bermeklerine görä, paýtagtyň 30-njy etrapçasynda ýerleşýän azyk dükanlarynyň, esasan-da, “Arçabil” dükanynyň öňünde nobatlar gijeden diýen ýaly başlanýar. Jahan ýagtylyp-ýagtylmanka bolsa, etrapçanyň ýaşaýjylary azyk dükanynyň öňünde nobat belläp başlaýarlar. Bir ele berilýän bir gap “Ahal ýagy”, Türkmenistanda öndürilen bir kilogram un, ýa-da bir kilogram şeker gündelik iýmitlerine ýetmeýän käbir agyr maşgalalardan bolan zenanlar 2-3 ýerde nobat belleýärler.

Dükan açylyp, haryt ilata satylyp başlanynda, olaryň çagalary ýa adamsy gelip, soňky bellän nobatlaryna durup haryt satyn almaga çalyşýarlar. Emma adamsyny ýa çagasyny bellän nobatyna salmak isläp, öňdäki nobatlarda durup eýýäm haryt satyn alan zenanyň ýene-de nobatda görünmegi käbir nobata duran ýaşaýjylaryň närazyçylygyna sebäp gelýär.

Netijede, nobata duranlaryň arasynda dawa başlanýar. Olaryň käbirleri ýakalaşma çenli baryp ýetýär. Biri-biriniň gyňajyny sypyryp, ýüzüni ýyrtyp, zenanlar özaralarynda urşup ugraýarlar. Nobata duran adamsy bolsa, aýallaryny aralamaga derek olary biri-birine öjükdirip, meçew berýärler. Hudaý saklasyn açlyk belasyndan diýip, ýaşaýjylar aýdýarlar.

Öz adynyň efirde tutulmazlygyny soran aşgabatly bir ýaşaýjynyň aýtmagyna görä bolsa, soňky hepdäniň dowamynda paýtagtyň azyk dükanlarynyň nobatlaryna gözegçilik edýän polisiýa işgärleriniň we ýörite gulluklaryň işgärleriniň sany artypdyr.

Azyk dükanlarynyň öňündäki nobatlar

Aşgabadyň “Hitrowka” etrapçasyndaky Aga Berdiýew köçesiniň ugrunda ýerleşýän dükanyň öňündäki nobatlar
1/7 Aşgabadyň “Hitrowka” etrapçasyndaky Aga Berdiýew köçesiniň ugrunda ýerleşýän dükanyň öňündäki nobatlar
Aşgabadyň dükanlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk harytlarynyň gün-günden gytalmagy bilen, dükanlaryň öňündäki nobatlar hem artýar. Bu ýagdaý, hususanda, Aşgabadyň “Hitrowka” we 30-njy etrapçalaryndaky azyk dükanlarynyň öňünde has köp göze ilýär. Bu ýerde ýaşaýjylar ir säherden turup, şekeriň, çigit ýagynyň we unuň nobatyna durýarlar.
Azyk dükanlarynyň öňünde nobata duran ýaşaýjylar
2/7 Azyk dükanlarynyň öňünde nobata duran ýaşaýjylar
Aşgabadyň dükanlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk harytlarynyň gün-günden gytalmagy bilen, dükanlaryň öňündäki nobatlar hem artýar. Bu ýagdaý, hususanda, Aşgabadyň “Hitrowka” we 30-njy etrapçalaryndaky azyk dükanlarynyň öňünde has köp göze ilýär. Bu ýerde ýaşaýjylar ir säherden turup, şekeriň, çigit ýagynyň we unuň nobatyna durýarlar.
Aşgabadyň Magtymguly şaýolunyň ugrundaky dükanyň öňünde nobata duran ýaşaýjylar
3/7 Aşgabadyň Magtymguly şaýolunyň ugrundaky dükanyň öňünde nobata duran ýaşaýjylar
Aşgabadyň dükanlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk harytlarynyň gün-günden gytalmagy bilen, dükanlaryň öňündäki nobatlar hem artýar. Bu ýagdaý, hususanda, Aşgabadyň “Hitrowka” we 30-njy etrapçalaryndaky azyk dükanlarynyň öňünde has köp göze ilýär. Bu ýerde ýaşaýjylar ir säherden turup, şekeriň, çigit ýagynyň we unuň nobatyna durýarlar.
Aşgabadyň Magtymguly şaýolunyň ugrundaky dükanyň öňünde nobata duran ýaşaýjylar
4/7 Aşgabadyň Magtymguly şaýolunyň ugrundaky dükanyň öňünde nobata duran ýaşaýjylar
Aşgabadyň dükanlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk harytlarynyň gün-günden gytalmagy bilen, dükanlaryň öňündäki nobatlar hem artýar. Bu ýagdaý, hususanda, Aşgabadyň “Hitrowka” we 30-njy etrapçalaryndaky azyk dükanlarynyň öňünde has köp göze ilýär. Bu ýerde ýaşaýjylar ir säherden turup, şekeriň, çigit ýagynyň we unuň nobatyna durýarlar.
Dükan işgärleri "nobatlar görünmezligi üçin" ýaşaýjylardan azyk dükanlarynyň arka tarapyndaky gapylaryň öňünde nobata durmagy talap edýärler.
5/7 Dükan işgärleri "nobatlar görünmezligi üçin" ýaşaýjylardan azyk dükanlarynyň arka tarapyndaky gapylaryň öňünde nobata durmagy talap edýärler.
Aşgabadyň dükanlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk harytlarynyň gün-günden gytalmagy bilen, dükanlaryň öňündäki nobatlar hem artýar. Bu ýagdaý, hususanda, Aşgabadyň “Hitrowka” we 30-njy etrapçalaryndaky azyk dükanlarynyň öňünde has köp göze ilýär. Bu ýerde ýaşaýjylar ir säherden turup, şekeriň, çigit ýagynyň we unuň nobatyna durýarlar.
6/7

7/7

Previous slide
Next slide

Her dükanyň öňünde 5-6 sany gözegçi durýar. Emma olar ýakalaşýan, uruşýan zenanlary aralamaga çalyşmaýarlar. Olar dükanyň golaýlarynda nobata duranlaryň arasynda nobatlary telefonda surata düşürýän barmy ýa ýokmy şony gözleýärler.

Ýurt içinde dörän ýagdaýlar, ilatyň başyna düşýän kynçylyklar dok emeldarlary alada goýmaýar. Olar bu bolup geçýän ýagdaýlaryň dünýä jemgyýetine ýaýramagyndan howatyrlanyp, bu wakalary haýsydyr bir ýol bilen internetde çykaýmagynyň ähtimallygynyň öňüni almagyň aladasynda dükanlaryň öňünde dikil-gazyk bolup durýarlar.

Döwletiň başga wajyp işi ýok bolmaga çemeli. Ýaşaýjylaryň görýän görgülerine nebsi agyraýan bolsalar, bolup geçýän ýagdaýlar barada döwlet ýolbaşçysyny habardar edip, mahabatly ýygnaklarda ilatyň çekýän kynçylyklary barada aýdylardy. Emma her hepde telewizorda görkezilýän mahabatly ýygnaklarda hemme zat gülala-güllük, ýurduň ösüşleri ähli ugurlar boýunça 110 göterime çenli ýokarlandy diýip, döwlet ýolbaşçysyna hasabat berilýär.

Ilatyň gijeläp durýan nobatlaryny gizlemek maksady bilen bolsa, azyk dükanlarynyň arka ýüzünden haryt satmaklygy ýola goýýarlar. Şeýdip hem, ýalan maglumatlar berip, döwlet ýolbaşçysyny aldaýarlar diýip, efirde adynyň tutulmazlygyny soran ýaşaýjy zeýrenýär.

Belläp geçsek, bahalaryň ýokarlanmagyndan daşary azyk harytlarynyň käbir görnüşleri, daşary döwletlerden getirilýän mesge ýaglary, towuk budy ýaly harytlar indi satuwda tapdyrmaýan, ýa bolmasa bahalary ilatyň elýeterinden aşa ýokarlanan harytlaryň hataryna girdi.

XS
SM
MD
LG