Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda un gytçylygy ýitileşýär


"Köp çagaly uly hojalyklara adam başyna berilmeli edilen 5 kilogram un elbetde ýeterlik däl”
"Köp çagaly uly hojalyklara adam başyna berilmeli edilen 5 kilogram un elbetde ýeterlik däl”

Mary welaýatynda galla oragynyň başlanandygyna seretmezden, ilat un ýetmezçiliginden kösenýär.

Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Baýraç obasynyň ýaşaýjysy öz adynyň efirde tutulmazlygyny sorap, Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde şeýle gürrüň berdi: "Ozal adam başyna 10 kilogramdan berlen un normasy soňky 3 aýda 5 kilograma çenli azaldyldy. Köp çagaly uly hojalyklara adam başyna berilmeli edilen 5 kilogram un elbetde ýeterlik däl”.

"Oba ýaşaýjylarynyň esasy iýmiti undan bişirilýän çörekdir, somsa ýaly iýmitler bolup durýanlygy üçin, adam başyna aýda berilmeli edilen 5 kilogram un hojalyklara ýarym aýa hem ýetmeýär. Emma, adam başyna şol berilmeli diýlen 5kilogram uny hem wagtynda alyp bilmän kösenýäris” diýip, ýaşaýjy dowam edýär.

"Aprel aýynyň dowamynda oba dükanyna gatnap, berilmeli norma uny alyp bilmän, ol normany maý aýyna geçip aldyk. Indem maý aýy gutaryp barýar, biz bir aý bäri her gün dükanyň gapysyny saklap, özümize berilmeli uny alyp bilmän kösenip otyrys. Dükana gelmeli un haçan gelerkä diýip, dükany garawullap, hojalygyň ähli işinden hem galýarys. Uzakly güni ýolda bolup, ne mellegimize seredip bilýäris, ne-de malymyza seredip bilýäris. Bu hem hojalyga uly zyýan ýetirýär. Wagtynda ekmeseň, ýa ekiniňi otamasaň, erteki gün çagalaryň iýjek ak-gögünden hem kesilýärsiň” diýip, maryly ýaşaýjy gürrüň berdi.

"Dükan müdiriniň gelýän unlary hem nirä ýitirim edýändigini anyklap bolmaýar. Her gün 'Garaşyň un geler' diýen jogaby alýarys. Käte sabyr-käsämiz dolup, gatyrganyp başlasak, onda dükan müdiri 'Men näme edeýin hepdede 20 halta un berýärler, men ony haýsy biriňize ýetireýin' diýip, özünde günä ýokdugyny aýdýar. Bu ýerde müň hojalyga golaý oba, hepdede 20 halta un berýän emeldarlary günäkärlejekmi, ýa dükan müdirini günäkärlejekmi, ýaşaýjylar mundan baş çykaryp bilmeýärler. Emma, un ýetmezçiliginden kösenýän ýeke biziň hojalygymyz däl” diýip, ýaşaýjy sözüne goşýar.

Dükan müdiriniň “sowatsyzlygy” sebäpli hem özleriniň juda kösenýändiklerini ýaşaýjy aýdýar: “Biziň familiýamyz alfawidiň yzky sanawlarynda durýar. Un dükana düşäýen halatynda basa-baslygy togtatjak bolup, dükan müdiri her gezek familiýalary alfawit boýunça çagyryp başlaýar welin, her gezek hem “A“ harpyndan başlanýan familiýalar okalýarda, beýleki harplardan başlanýan familiýalara aýda bir gezek hem gezek ýetenok. Türkmengalanyň un zawodynda öndürilýän unlar bolsa Ýolöteniň bazarynda 25 kilogramlyk haltalar 100 manatdan satylýar. Beýle gymmat bahadan un satyn alyp, çagalary çörekden doýurmaga bolsa her bir maşgalanyň güýji ýetmeýär”.

“Ilaty geň galdyrýan esasy zat bolsa, özümizde öndürildi diýilýän unyň şeýle gymmat bahadan satuwa çykarylmagy” diýip, ýaşaýjy obada bugdaý oragy başlanan bolsa-da un ýetmezçiligniň artýandygyna ünsi çekýär.

“Ilatyň bu kösençliklerinden bolsa, habar alýan hiç bir resmi ýok. Ne deputatlar görünýär halkyň arasynda, nede häkimler görünýär. Her bir zada burnuny sokup ilaty gorkuzyp ýören ýörite gullugyň işgärleri hem oba gezelenje gelýän daşary ýurt habar beriş serişdeleri bilen hyzmatdaşlyk edýän žurnalistleri garawullamaga gelýärler. Emma, ilatyň halyndan habar alyp, un ýetmezçiligi ýaly meseleleri çözmäge olaryň wagty ýok bolmaly” diýip, ýaşaýjy aýdýar.

Käbir maglumatlara görä Mary welaýatynyň, Ahal welaýatynyň un zawodlarynda Gazagystandan satyn alnan bugdaýdan un öndürlip başlanypdyr. Şol sebäpli bazarlara çykarylýan unlar gymmat bahadan satylýar.

XS
SM
MD
LG