Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Demirgazyk Koreýa ýokary derejeli resmilerini Birleşen Ştatlara we Singapura ‘iberdi’


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp we Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Un
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp we Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Un

Media serişdeleriniň sişenbe güni beren habarlarynda aýdylmagyna görä, Demirgazyk Koreýa özüniň ýokary derejeli resmilerini Birleşen Ştatlara we Singapura iberipdir. Bu ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen başa baryp-barmajakdygy näbelli bolan sammite tarap ädilen ädim bolmagy mümkin.

Hytaýyň resmileri bilen Pekinde geçirilen gepleşiklerden soňra, Demirgazyk Koreýanyň häkimiýet başyndaky Işçiler partiýasynyň merkezi komitetiniň başlygy Kim Ýong Çoluň çarşenbe güni Birleşen Ştatlara gitmegi planlaşdyrylypdy. Bu maglumaty bolsa, atlandyrylmadyk çeşmä salgylanyp Günorta Koreýanyň “Ýonhap” agentligi habar berdi.

Ýaponiýanyň döwlet telekanaly NHK-nyň habarynda hem, Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Unuň diwanynyň iş dolandyryjysy bolan Kim Çang Sonuň duşenbe güni Pekiniň üsti bilen Singapura uçandygy aýdylýar.

Ak tam hem amerikan toparynyň demirgazyk koreýalylar bilen duşuşmak üçin Singapura sapar edendigini aýtdy.

Bu habarlardan çen tutulsa, onda başlangyçda 12-nji iýuna planlaşdyrylan taryhy sammite taýýarlyk görülýäne meňzeýär. Tramp öten hepde özüniň Demirgazyk Koreýanyň lideri bilen duşuşmak niýetinden dänendigini aýdypdy.

Ýöne ondan bir gün soň Tramp özüniň gaýtadan oýlanyp görendigini we iki ýurduň resmileriniň duşuşygynyň jikme-jigi hakynda iş alyp barýandygyny mälim etdi.

Singapuryň kurort adasy Sentosada myhmanhanada bolýan amerikan resmilerinden ybarat bir topar bar. Ýöne olar beýanat bermekden boýun gaçyrdylar.

Kim Çang Son Pekiniň aeroportyndaka, žurnalistler ondan Singapura Birleşen Ştatlar bilen gepleşige baryp-barmaýandygyny soranlarynda, ol özüniň “ol ýere oýnamaga” barýandygyny aýtdy.

“Ýonhap” habar gullugynyň maglumatyna görä, Demirgazyk Koreýanyň daşary işler ministrliginde Demirgazyk Amerika meselelerine garaýan Çoe Kang Ilde Pekiniň halkara aeroportynda görlüpdir. Ýöne onuň Kim Ýong Çol bilen Birleşen Ştatlara gitjekdigi ýa-da gitmejekdigi barada maglumat ýok.

Hytaýyň Daşary işler ministrligi Pekiniň üsti bilen Birleşen Ştatlara uçýan demirgazyk koreýaly resmiler hakda berip biljek maglumatynyň ýokdugyny aýtdy.

Demirgazyk Koreýa 2006-njy ýylda özüniň ilkinji ýadro synagyny amala aşyraly bäri ýadro we raketa programmalary sebäpli ençeme ýyllap çetleşdirilip, ykdysady sanksiýalardan kynçylyk çekdi.

Ýöne Kim Jong Un ençeme aýyň dowamynda has artan dartgynlylykdan soňra öten ýylyň aýagynda Täze ýyl mynasybetli eden çykyşynda barlyşykly gürläninden soňra ýagdaý üýtgedi.

Soňky günlerde bolan diplomatik işjeňlik netijesinde Kim bilen Günorta Koreýanyň prezidenti Moon Jae-in garaşylmadyk ýagdaýda şenbe güni serhediň golaýynda ýerleşýän Panmunjom obasynda duşuşdylar. Bu duşuşykda Demirgazyk Koreýa bilen Birleşen Ştatlaryň arasynda sammit geçirilmeli diýip ylalaşyldy.

Ýekşenbe güni bolsa Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamenti amerikan resmileriniň demirgazyk koreýaly resmiler bilen Panmunjonda duşuşandygyny habar berdi. Bir resminiň “Reuters” habar gullugyna aýtmagyna görä, Birleşen Ştatlaryň delegasiýasyna Amerikanyň Günorta Koreýadaky öňki we häzir Filippinlerdäki ilçisi Sung Kim ýolbaşçylyk edipdir.

XS
SM
MD
LG